24.01.2023 Pedagogika218 .

Mugallymdan edilýän pedagogiki talaplar


Mugallymlaryň hünäri we jemgyýetçilik funksiýalarynyň aýratynlyklary okuwçylaryň, ata-eneleriň, jemgyýetiň onuň şahsyýetinden, ahlak hereketlerinden edýän ýokary talaplarydyr. Mugallymdan edilýän talap onuň pedagogiki işiniň netijeliligini kesgitleýän hünär hilleriniň imperatiw talap edijilik ulgamydyr.
 Mugallymdan edilýän ilkinji talaplar onda pedagogiki ukyplaryň bolmagydyr. Şu günler pedagogiki ukyplar intensiw ösüş ýolunda. Çagalar bilen işlemäge islegi bolan, olary söýýän, olar bilen söhbetdeşlikden lezzet alyp bilýän şahsyýetiň aýratynlyklaryna – pedagogiki ukyplar diýilýär. Käte pedagogiki ukyplary gysga manyda-da, anyk işleri başarmak manysynda-da ulanýarlar. Mysal üçin, owadan sözlemek, aýdym aýtmak, surat çekmek, çagalar bilen işleri gurap bilmek. Pedagogiki ukyplaryň esasy toparlary şu aşakdakylardyr.

1. Guramaçylyk ukyplary. Okuwçylary bir topara jemläp bilmek, olary bir iş bilen güýmemek, borçlary paýlamak, işi meýilnamalaşdyrmak, edilen işiň jemini jemlemek.

2. Didaktiki ukyplar. Okuw maglumatlaryny elýeter, düşnükli, gyzykly, ynandyryjy we yzygiderli düşündirip bilmek, görkezme esbaplary, sapakda ulanylmaly materiallary, abzallary saýlap bilmek we taýýarlamak, okuwçylaryň bilesigelijiligini we ruhy talaplaryny höweslendirmek, okuw isleglerini işjeňleşdirmek.

3. Perseptiw ukyplar. Okuwçylaryň ruhy dünýäsine aralaşyp bilmek, psihikasynyň aýratynlyklaryny ýüze çykarmak we olaryň emosional ýagdaýyny obýektiw (dogry) bahalandyryp bilmek.

4. Kommunikatiw ukyplar. Okuwçylar, kärdeşler, ata-eneler, mekdep ýolbaşçylary bilen dogry pedagogiki maksada gönükdirilen aragatnaşyk gurap bilmek.

5. Suggestiw ukyplar. Okuwçylara emosional – erkli täsir edip bilmek.

6. Barlag ukyplary. Özüniň tejribe işinde ýüze çykan pedagogiki ýagdaýlary we prosesleri öwrenip we obýektiw bahalandyryp bilmek.

7. Ylmy-öwrenijilik ukyplary. Öz saýlan hünäri boýunça ylmy bilimleri ele alyp bilmek.

 Mugallymyň esasy hünär hilleri diýip – zähmetsöýerlik, işjeňlik, tertiplilik, jogapkärlik, maksat goýup bilmek, oňa ýetmek üçin ýollary saýlap bilmek, guramaçylyk, talapkärlik, öz hünär derejesini ulgamlaýyn we meýilnamalaýyn kämilleşdirmek, öz zähmetiniň hilini ýokarlandyrmaga çemeleşmek we ş.m. hasap etse bolar.
 Bu talaplaryň üsti bilen pedagog işçi hökmünde häsiýetlenýär.
 Bazar ykdysadyýeti döwründe, mekdeplerde täze talaplaryň (kontrakt, meýilnama) ýüze çykmagy mugallymda okuw-terbiýeçilik işlerinde gowy aragatnaşyk guramagy başarýan adamkärçilik häsiýetleriniň wajyplygyny kesgitledi.
 Bu häsiýetler şulardyr: adamçylyk, mylaýymlylyk, mylakatlylyk, çydamlylyk, paýhaslylyk, jogapkärçilik, dogruçyllyk, adalatlylyk, hökmanlylyk, obýektiwlik, ýokary ahlaklyk, optimizm, emosional deňagramlylyk, arkaýynlyk, söhbetdeşlige talap, terbiýeleýänleriň durmuşyna gyzyklanma, öz-özüni tankyt edip bilmeklik, dostluk, özüni elde saklap bilmeklik, Watany söýmek, öz bahasyny bilmek, prinsipiallyk, emosional medeniýet, eliňden gelse kömek bermeklik.
 Mugallymyň işiniň esasy hili ynsanperwerlikdir.
 Mugallym hemişe işjeň, döredijilikli şahsyýetdir. Ol okuwçylaryň gündelik durmuşynyň guramaçysy bolup çykyş edýär.
 Synpa ýolbaşçylyk etmek mugallymdan döredijiligi, talabedijiligi, islendik ýagdaýlardan özbaşdak baş alyp çykmagy talap edýär.
 Çydamlylyk, öz-özüňi ele almak, ruhy duýgurlyk, adalatlylyk, talap edijilik, degişme duýgusy, hünär takty mugallymyň hökmany aýratynlyklarydyr.

Mugallymyň şahsy aýratynlygy onuň hünär aýratynlygy bilen berk arabaglanyşyklydyr. Hünär aýratynlyklaryna hünär taýýarlygy döwründe ýörite alan bilimleri, başarnyklary, pikirleniş ukyplary, işiniň usullary degişlidir. Olaryň arasynda: Öz okadýan dersini, ony okatmagyň usulyny bilmek, psihologiki taýýarlyk, umumy erudisiýa, giň dünýägaraýyş, pedagogiki ussatlyk, pedagogiki işiň tehnologiýalaryny ulanyp bilmek, guramaçylyk başarnyklary we endikler, pedagogiki takt, pedagogiki tehnika, söhbetdeşligiň tehnologiýalaryny ulanyp bilmek, oratorlyk ussatlygy we başgalar bar.

“Pedagogika”
Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat – 2011

Tmpedagog