20.09.2024 Pedagogika105

Körpeleriň ýatkeşligini ösdürmek


Çagalar bagynda terbiýelenýän ýaş nesliň ýatkeşligini ösdürmek olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmagy, ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmagy üçin ähmiýetlidir. Ata-babalarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýilmeginiň uly manysy bar.

Ýat adamyň ýaşap geçen islendik pursatlaryny, maglumatlary özünde saklaýan we geljekki günlerine ýetirýän ýokary derejeli işjeňlikdir. Gerekli maglumatlary uzak wagtlap beýnide «saklap» goýmak üçin çagalaryň irki ýaşyndan başlap, ýatkeşligini türgenleşdirmek zerurdyr. Çaga ýatkeşligini ösdürmekde çagalar bagynda ulanylýan käbir usullarymyzy paýlaşmagy makul bildik. Elbetde, her bir çaganyň özboluşlylygy hem göz öňünde tutulmalydyr.

XXI asyrda maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň gündelik durmuşymyza ymykly ornaşmagy netijesinde, çaga beýnisi günüň dowamynda uly möçberdäki maglumatlary kabul edip ýadaýar. Kadaly uky çagalaryň beýnisiniň dynç almagynyň, maglumatlaryň özleşdirilmeginiň kepilidir. Şu nukdaýnazardan, çagalar bagyndaky gündizki uky hem has ähmiýetlidir. Kadaly ukusyny alan çaga şähdaçyk, sowat öwrenmäge höwesek bolýar.

«Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen pähimden ugur alyp, her bir çagada dogry ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini kemala getirmek wajypdyr. Irden turmak, maşklary ýerine ýetirmek, nahardan öň we soň el-ýüzüňi ýuwmak, dişiňi arassalamak, egin-eşigiňi tämiz saklamak ýaly düzgünler günde berjaý edilmeli we endige öwrülip, çaga beýnisinde hemişelik galmaly.

Haçan-da, biz çaga kitap okap berenimizde onuň beýnisi okalan maglumatlary ýatda saklaýar. Eger-de, kitapda beýan edilýän wakalary, ertekileri gyzykly keşpler arkaly, olaryň suratlaryny görkezmek bilen okap bersek, onda wakalaryň täsiri artyp, çaga beýnisinde açyk görnüşli täsirler, göz öňüne getirmeler peýda bolýar. Çagalara kitap okap bermek olaryň ýadyny ösdürmek üçin örän oňat türgenleşik serişdesi bolup durýar, aňynyň ösmegine we gözýetiminiň giňelmegine, ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gowy täsir edýär. Ene-atalaryň dürli gahrymanlaryň başdan geçirmelerinden ybarat gyzykly ertekileriň başyny gürrüň berip, soňuny çaganyň özüniň tamamlamagyny gazanmagy olarda zehiniň artmagyna hem ýardam berýär.

Çagalar bilen mylakatly söhbetdeş bolup, dostlary, gowy görýän zatlary, gyzyklanmalary barada gürrüň bermegini gazanmaly. Ene-atalara körpeleriň pikirlerini diňlemek maslahat berilýär. Haýsy hem bolsa bir şatlykly wakany ýatlap, ol barada has içgin gürrüň bermegini gazanmaly. Beýle ýagdaý körpelerde sözleýiş endigini ösdürýär, beýniniň has işjeňleşip, maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmegine ýardam berýär, söz baýlygyny kämilleşdirýär. Çagalara ene-atalaryň nurana ýylgyryşlary, körpeleriniň üstünligine aýdan öwgüli sözleri olar üçin ullakan goltgydyr.

Çagalaryň näçe goşgyny dolulygyna ýatdan bilýändigi we ony labyzly aýdyp berýändigi onuň pikirlenmesiniň we ýadynyň tapawutlanýandygyny görkezýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň edep-ekram baradaky goşgularyny ýa-da jümleleri çagalara yzygiderli ýat tutdurmak olaryň ýatkeşligini artdyrmak bilen birlikde, terbiýesine hem oňyn täsir edýär.

Mundan başga-da, sanlar çagalaryň gündelik durmuşynda, maşgalada hem köp ulanylýar. Ýady türgenleşdirmekde esasy wezipe oýunlardan peýdalanmak, oýnamak arkaly öwretmekdir, sebäbi ynsan ýady gyzykly, adaty däl zatlary gowy ýatda saklaýar. Sanlar bilen guralýan oýunlar gündelik durmuşda duş gelýän sanlary ýatdan hasaplamaga ýardam berýär. Sanlar bilen düzülýän meseleleriň çözgüdini tapmak diňe bir beýniniň işjeňligini talap etmän, ýady hem ösdürýär. Körpe çagalara goşgulary okap bermek arkaly hasaplamagy öwretmek has täsirlidir.

Maýa BABAÝEWA,
Saýat etrabyndaky 24-nji «Kebelejik» çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.09.2024

Tmpedagog