16.09.2024 Pedagogika144

Sapakda oýunlary ulanmagyň ähmiýeti


Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Häzirki wagtda bilim öwretmegiň, okatmagyň döwrebap ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.

Didaktiki oýunlar ýarym asyrdan gowrak wagt bäri pedagogikada belli bolan bilimi oýun arkaly öwretmek usulydyr. Şonuň üçin didaktiki oýunlaryň esasy orny, bilim maksatly, anyk we umumylaşdyrylan bilimleri döretmegi bilimiň hil taýdan täzeçe çemeleşmegini talap edýär hem-de onuň üstünliginiň oýnuň netijesi bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.

Okuwçylar üçin himiýa dersinde syrly öýjükler, tapmaça, pikirlenmek, çalt hasaplamak, formula tapmak ýaly birnäçe netijeli oýunlardan peýdalanyp bolar. Mysal üçin, maddalar, elementler oýunlar arkaly okuwçylarda himiki nyşanlary bilmek, himiki elementler baradaky düşünjäni berkidip, ýady, ünsi, hyýalylygy, duýgurlygy, syn etmegi ösdürip bolýar.

«Periodik kanun we himiki elementleriň periodik sistemasy» diýen tema geçilende okuwçylaryň ünsüni artdyrmak üçin toparçanyň elementlerini tapmak möhümdir. Periodik tablisadaky elementleri we her toparçany aýratyn tapyp ýerleşdirmeli. Mugallym himiki elementleriň gysgaldylan belgilerini garyşdyryp goýmaly, okuwçylar bolsa, her toparçany tapyp aýratyn ýazmaly.

Okuwçylara formulalary we olaryň ulanylyşyny öwretmek zerurdyr. Berlen suratlara seredip, olaryň ulanylýan ýerlerini dogry tapyp goýmaly. Mugallym suratlary we formulalary dürli ýerlerde ýazýar, okuwçylar ulanylýan ýerlerini dogry tapyp goýmagy başarmaly. Okuwçylara maddanyň otnositel molekulýar massasyny hasaplamagy öwretmek gerek. Okuwçylar formulanyň dogry jogabyny tapmaly. Mugallym formulalary we olaryň jogaplaryny dürli ýerde ýazýar, okuwçy özbaşdak işläp, hasaplap görüp, dogry jogaby aýdýar.

Sapagyň dowamynda şeýle oýunlardan peýdalanmak bilen, okuwçylar formulalary dogry okamagy we dürs aýtmagy, meseleleri dogry işläp çözmegi öwrenýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, himiýa biliminiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Patma GÖKBAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 16.09.2024

Tmpedagog