11.09.2024 Pedagogika88

Başlangyç synplarda çekimlileri öwretmek


Bilimiň özeni başlangyç synpdan başlanýar. Mugallym öz jogapkärli işinde çagalara çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek üçin çalyşmalydyr. Ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe almagy mugallymlaryň başarnyklaryna hem-de ukyplaryna baglydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, her bir temany çagalaryň aňly-düşünjeli özleşdirip bilmekleri üçin işimizi göwnejaý guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sapaga işeňňir gatnaşmagyny gazanmak onuň täsirli guralyşyna baglydyr.

Çekimliler umumy orta bilim berýän mekdepleriň 2-nji synplarynyň türkmen dili sapaklarynda öwredilýär. Bu temalary oňat özleşdirmegiň çagalaryň ýazuw kadalaryny aňly-düşünjeli öwrenmekleri üçin uly ähmiýeti bar.

Täze temany düşündirmegi çagalara türkmen dilinde dokuz sany çekimliniň bardygyny ýatlatmak bilen başlamaly.

Multimedia tagtasynda çekimlilere degişli prezentasiýany görkezmek we köpçülikleýin gaýtalamak maksadalaýykdyr.

Çekimli sesler iki hili bolýar:
1. Ýogyn çekimliler: a, o, u, y.
2. Inçe çekimliler: e, ä, i, ö, ü.


Şondan soň düzüminde diňe ýogyn çekimlileri bolan «mugallym, sabyn, gaýçy, surat, at, guty» ýaly sözleri mysal getirýärin. Şeýle hem «keçe, däne, köwüş, käse, üzüm, erik» ýaly inçe çekimlileri bolan sözleri aýdýaryn.

Gönükmeler üstünde işlenende, öwrenilýän temany durmuş bilen baglanyşdyrmaga oňat mümkinçilik döreýär. Okuw kitabyndaky 62-nji gönükmede «Bagyň peýdasy» atly tekst berlipdir. Onda agaç nahallaryny oturtmagyň, baglary ösdürip ýetişdirmegiň adamlaryň saglygy üçin peýdalydygy beýan edilýär. Ilki gönükmäni mugallym okap bermeli, onuň many-mazmunyny düşündirmeli. Soňra teksti okuwçylar okaýar.

Halkymyzyň her ýyl agaç nahallaryny oturtmak işine işeňňir gatnaşýandygyny guwanç bilen belläp geçmek bolar. Bu işe mekdep okuwçylarynyň höwes bilen gatnaşýandygyny aýdanymda, agaç nahallaryny oturdyp ýören çagalaryň suratyny görkezýärin.

Biz çagalar bilen 63-nji gönükmäni ýatdan işledik. Bu gönükmedäki «Garaşsyzlyk binasy» diýen teksti okap berdim. Onuň mazmunyny aýdanymda, okuwçylara agzybir hem zähmetsöýer halkymyz tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň dabaraly bellenilişi, ýurdumyza gelýän myhmanlar, türkmen halkynyň myhmansöýerligi hakynda aýdýaryn. Şonda halkymyzyň bu baýramçylyga zähmet sowgatlary bilen barýandygyny, çagalaryň bolsa bu şanly senäni oňat okamak bilen garşylamalydyklaryny belläp geçýärin.

Şeýlelikde, türkmen dilinden guran şu sapagymda olar ýogyn we inçe çekimlileri oňat öwrendiler. Sapakda okuwçylara mähriban Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy barada düşünje berilmegi olaryň watançylyk duýgularyny ösdürmäge ýardam edýär.

Alma TOGALAKOWA,
Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen
19-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 11.09.2024

Tmpedagog