28.08.2024 Pedagogika141

Keşde deýin owadan hat


Okuwçynyň depderindäki owadan hat hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Nepis ýazylan hata «keşde ýaly» eken diýip baha berýärler. Ýöne köp çagalara hatyny owadan ýazmak başartmaýar. Gyradeň, aýyl-saýyl ýazylan harplar — diňe guwanmaga esas däl-de, eýsem, wajyplykdyr. Çagasynyň hatynyň owadan bolmagy ene-atalaryň köpüsiniň islegi. Hatyň çaganyň gylyk-häsiýeti bilen baglydygyny köpimiz bilýän hem däldiris. Owadan hat çaganyň okuwda oňat okamagynyň, üstünliginiň buşlukçysy bolup biler. Mugallymlaryň ençemesi owadan hatly çaganyň az ýalňyş goýberýändigini, okuwa ýetişiginiň oňatdygyny, işjeňligini belleýärler.

Hatyňy owadan ýazmak näme üçin zerur? Okuwçylaryň käbiri öz ýazan hatyna özi düşünmeýär. Çaga mekdepde esasy maglumatlary depderine belläp alýar. Eger-de ol öýde geçilenleri gaýtalamak üçin öz depderine harsal ýazyp, ýazanyna düşünmän otursa, onuň sapaga ýetişiginiň pese düşjekdigi düşnükli. Çaga howlugyp ýazanda haty düşnüksiz, bulaşyk bolýar.

Hasaplamalara görä, bir synpda okaýanlaryň 10-15 göteriminiň haty owadan bolýar. Ýöne muny mugallymlar pes netije hasaplaýarlar. Öz kärine berlen mugallym beýle netije bilen ylalaşmaýar we synpyň okuwçylarynyň aglabasynyň hatynyň owadan, düşnükli ýazylmagy ugrunda jan edýär. Okuwçynyň oturyşy, elinde ruçkasyny saklaýşy hatyna täsir edýär.

Eger çaga mekdepden öň okamak we ýazmak öwredilse, ilki has sadaja we meňzeş ýazylýan harplary (a, o, ö ç, d, ä, i...) öwretmek maslahat berilýär. Şeýle-de çaganyň göwresini tutuşyna, depderi saklaýşyna, oturgyjy bilen stolunyň laýyk gelşine üns bermeli. Çagany birbada howlukdyrmaly däl. Harplary owadan ýazany üçin öwmegi ýatdan çykarmaly däl. Has owadan ýazylan harplary belläp görkezmeli.

Çaganyň arassa we owadan ýazmagy üçin köp yhlas gerek. Şu babatda oňa surat reňkletmek peýdaly bolup biler. Esasan, barmajyklarynyň hereketi has wajyp. Munuň üçin kädiniň, garpyzyň çigidini, her hili däneleri ýelimläp şekiljikleri ýasamak ýaly oýun görnüşde endik etdirmek oňat netije berer. Hat ýazanda ruçka aşa ýogyn, inçe, agyr bolsa çaganyň kiçijik eline ram etmez. Galamyň, ruçkanyň ýazyşy ýumşak bolsa gowy. Owadan we harplary göni ýazmagy üçin kiçijikkä arasy üzük çyzyk bilen çekilen şekiljikleriň üstünden yzarlamak bilen ýazmak endikleri kem-kemden kemala geler.

Çaga hatyny iri harplar bilen ýazsa, onuň açyk göwünli, dosta kömek etmäge taýýardygyny alamatlandyrýar. Kiçijik hatlar çaganyň çekinjeňdigini, dymmadygyny habar berýär. Hat has basylyp ýazylan bolsa erjelligi alamatlandyrýar.

Elbetde, bu alamatlar şertli. Grafologiýa baradaky ylym bu babatda her hili aýratynlyklary nazara alýar. Sebäbi wagtyň geçmegi bilen çaganyň haty üýtgäp biler. Okuwçynyň keýpine, höwesine, düşen ýagdaýyna, ýazanda oturyşyna baglylykda hem hat üýtgäp biler. Ýöne bir zady berk bellemeli: okuwçynyň arassa, owadan, düşnükli edilip ýazylan haty onuň öýde yhlas edendigini, öý işlerini ýerine ýetirmekde özünden talabedijidigini, ünslüdigini, tertiplidigini alamatlandyrýar.

Dünýägözel TAŞOWA,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky
8-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 28.08.2024

Tmpedagog