28.08.2024 Pedagogika122

Okuwa höwes maşgala terbiýesine baglydyr


Täze okuw ýylynyň başlamagyna sanlyja günler galdy. Ilkinji gezek ak mekdebe gadam basjak körpeleriň okuwa taýýarlykly gelmekleri, özleri üçin täze gatnaşyklara çalt uýgunlaşmaklary ene-atalar üçinem, mugallymlar üçinem örän wajypdyr. Çaganyň mekdebe taýynlygy, geljekki durmuşynda üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berjek endikleriniň kemala gelmegi, ilki bilen, maşgala terbiýesine baglydyr. Kiçijik adamy terbiýelemekde maşgaladaky ruhy agzybirlik, ene-atalar bilen çaganyň arasyndaky ahlak baglanyşygy esasy orun eýeleýär. Çaga maşgalada ilkinji durmuş tejribesini alýar, ilkinji garaýyşlary kemala gelýär, dürli ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmalydygyny öwrenýär. Çaganyň şahsyýetini ösdürmekde maşgalanyň ornuny hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýar. Şahsyýeti kemala getirýän, ösdürýän, çaganyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulyşmagyna, köpçülige uýgunlaşmagyna kömek edýän maşgala terbiýesidir. Ene-atalar, beýleki dogan-garyndaşlar ahlak terbiýesiniň binýadyny goýýarlar, özüňi alyp barmagyň ülňülerini kesgitleýärler, çaganyň şahsyýetiniň özüne mahsus aýratyn häsiýetlerini hem-de içki dünýäsini açýarlar.

Başlangyç synpa barýan okuwçynyň maşgalasynyň öňünde başga biriniň üstüne ýüklenip bolmaýan terbiýeçilik meseleleriniň bir topary durýar. Ene-atalar çaga bilim, başarnyk, köpçülikde özüňi alyp baryş endiklerini bermeli, onda ýokary ahlak kadalaryny we ruhy gymmatlyklary kemala getirmeli. Munuň üçin maşgalada gündelik durmuşy we boş wagtlary dürli-dürli, gyzykly, peýdaly tertipde gurnamaga çalyşmaly, çaga bilen ýakyn, ynamdar aragatnaşykda bolmaly.

Maşgala terbiýesinde çaga güýji ýetäýjek ýumuşlary buýurmak, onuň ýerine ýetirilişine kömek-goldaw bermek möhüm ähmiýetlidir. Emma kiçi mekdep okuwçylarynyň çalt ýadaýandyklaryny, ünslerini bir zada doly jemläp bilmeýändiklerini unutmaly däldir. Şonuň üçin olaryň zähmet terbiýesi dürli-dürli hem gyzykly bolmaly. Has kiçi mekdep okuwçylary öz güýçlerine we mümkinçiliklerine elmydama dogry baha berip bilmeýärler. Şonuň üçin ulularyň olaryň güýçleri ýetäýjek işlerini saýlamagyna, ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegine kömek etmekleri zerurdyr.

Has kiçi mekdep okuwçylary öýkünmäge ýykgyn edýärler. Şonuň üçin olaryň ulularyň we deň-duşlarynyň işleriniň oňyn mysallaryny görmegi möhümdir. Bu ýaşdaky çagalar örän duýgudaş bolýarlar, şonuň üçin edýän işleri olarda şatlyk, kanagatlanmak duýgularyny döretmelidir. Bu aýratynlyklary göz öňünde tutup, ýaş mekdep okuwçylarynyň zähmet terbiýesini olar üçin peýdaly we gyzykly bolar ýaly edip gurnamalydyr. Zähmet terbiýesiniň çaganyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin örän uly ähmiýeti bardyr. Ol çaganyň has özbaşdak, jogapkärli, döredijilikli, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolmagyna kömek edýär.

Terbiýeçilik işinde çagalarda okamak üçin dogry höwes döretmegiň usullaryna düşünmek zerurdyr. Ilki bilen, okuwçyny goldamaly, onuň üstünlikleri bilen gyzyklanyp durmaly. Belki, ol käbir dersler boýunça kynçylyk çekýändir, halypalyk goldawy gerekdir. Ýa-da ol täze bir ugra höwes edýändir, ýöne munuň üçin ýeterlik wagt tapyp bilýän däldir, özbaşdak gün tertibini düzüp bilýän däldir. Kiçi ýaşly çagalara okuw sapaklary gyzykly görnüşde hödürlense, bilim öwrenmek aňsat bolýar. Ene-atalar çagalaryň öý işlerini gyzykly düşündirip, dogry ýerine ýetirmeklerine gözegçilik edip durmalydyrlar. Gyzyňyzy, ogluňyzy diňe uly üstünlikleri üçin däl, eýsem ähli başarnyklaryny öwüp duruň, höweslendiriň. Şonda çaga öňe tarap her bir kiçijik ädimiňem ähmiýetine düşünip, islendik üstünligiň möhümdigine düşüner.

Çaganyň okamagy üçin päsgel berýän daşarky täsirleri aradan aýyrmaga çalşyň. Meselem, çaga iňlis dilini öwrenmeli wagty, onuň halaýan filmini açmaly däldir. Öýde okamak üçin amatly ýagdaý döredilmelidir. Çaga şowsuzlyklary üçin käýinmeli däldir. Beýle çemeleşmeler meseläni çözmäge kömek etmän, tersine, çagany ene-atasyndan daşlaşdyrar. Çaganyň has gowy okamagy üçin aşa uly zatlary wada bermegiň hajaty ýokdur. Munuň üçin ýakyn döwrüň içinde ýerine ýetiriljek hakyky höweslendirmeler ýeterlikdir. Ýönekeý aragatnaşyk düzgünlerine eýerip, çaganyň diňe bir okamak, öwrenmek höwesini goldamak bilen çäklenmän, eýsem, ony ep-esli ýokarlandyryp bilersiňiz.

Goý, mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpe okuwçylarymyzyň zehinleri açyk bolup, geljekde ukyp-başarnyklary bilen ähli il-günümizi guwandyrsynlar!

Nartäç GAZAKOWA,
Aşgabat şäherindäki 171-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 28.08.2024

Tmpedagog