07.08.2024 Pedagogika239

Daşary ýurt dili sapaklaryny guramak


Çagalara daşary ýurt dillerini öwretmegiň ilkinji basgançagy mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Soňra başlangyç synplarda yzy dowam etdirilýär. Okuwçynyň daşary ýurt dillerini başlangyç synplardan özleşdirip başlamagy hökmandyr. Has takygy, çaganyň 12 — 14 ýaş aralygyna çenli dil öwrenmegi şert bolup durýar. Bu döwür olaryň öwredilenleri dogry we çalt özleşdirýän wagtydyr. Esasy özleşdirme basgançagy agzalan ýaşa çenli dogry geçilse, okuwçynyň soňky synplarda dil öwrenmek bilen bagly kynçylyklary ýüze çykmaýar.

Umumybilim berýän orta mekdeplerde iňlis dili dersi başlangyç synplardan okadylyp başlanýar. Iňlis dilinde sesleri dogry emele getirmegiň, sözleri dogry artikulýasiýa bilen aýtmagyň şertleri başlangyç synplarda özleşdirilýär. Okuwçy iňlis dilindäki sözleriň her birini öwrenende, onuň dogry aýdylyş düzgünlerini bilmelidir. Eýýäm ýokary synplarda okuwçylara aýratyn tekstleri okamak, terjime etmek, diktant ýazmak doly öwredilýär. Beýleki daşary ýurt dilleri bilen deňeşdireniňde, iňlis dilini çalt öwrenmek mümkinçiligi bar. Çünki bu dil özleşdirmek babatda has ýeňil hasaplanylýar. Mugallym iňlis dilini öwredýän okuwçylaryna bu diliň esasy düzgünlerini ýatlatmaly, ýagny bu dilde esasy üns berilmeli ýagdaý — sözüň öňünden we soňundan gelýän kömekçi sözleriň, baglaýjylaryň, kömekçi işlikleriň dogry öwredilmegi möhümdir.

Iňlis dili dersi boýunça ýokary synp okuwçylary bilen guraýan her bir sapagymyň täsirli we gyzykly, işjeň ýagdaýda geçmegine aýratyn üns berýärin. Synpdaky ähli okuwçylary sapaga işjeň gatnaşdyrmak üçin iňlis dilinde barlagnamalary taýýarlaýaryn, sowal-jogaplary guraýaryn. Okuwçylara belli bir wagtyň dowamynda sözlem düzdürýärin. Atalar sözlerini, nakyllary aýtdyrýaryn we olaryň manysyny iňlis dilinde düşündirip bilmeklerini hem öwredýärin.

Her bir ata-ene, mugallym üçin çaganyň sowatly, bilimli, terbiýeli adam bolup ýetişmegi möhümdir. Munuň üçin her bir daşary ýurt dillerini okadýan mugallymyň sapagyna çynlakaý çemeleşmegi hökmany ýagdaýdyr. Bu işlerde çagada öwrenmek bilen baglanyşykly höwesi we endikleri döretmek mugallym bilen birlikde ata-enäniň hem uly üstünligidir.

Oguljeren BERDIÝEWA,
Kaka etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 07.08.2024

Tmpedagog