26.07.2024 Pedagogika228

Sapak ýazgysynyň ähmiýeti


Mugallym sapagyň bilim berijilik derejesini ýokarlandyrmak üçin onuň usulyýet ulgamynyň düzümleriniň biri-biriniň üstüni ýetirijilik yzygiderliligini saklamalydyr we netijeliligini ýokarlandyrmalydyr. Şeýlelikde, sapagyň ýazgysyna aýratyn talaplar bildirilýär.

Ýazgyda, ilki bilen, sapagyň temasyny görkezmeli. Temany mugallym ýyllyk iş meýilnamasyndan alýandygyny bellemeli. Sapagyň guralyşynda tema aýratyn orun berilýändigini we ony doly açyp görkezmek üçin ulanjak usullaryny kesgitlemeli. Sapagyň giriş bölüminde öňde goýulýan maksat aýdyňlaşdyrylmaly. Giriş bölümi werbal — gürrüň bermek usulynda alnyp barylsa ýerlikli bolýar.

Sapagyň ýazgysynda mugallym werbal — gürrüň bermek, interaktiw — özara işjeňlik, kommunikatiw — okuwçy bilen mugallymyň köpugurly gatnaşygy, analitik — derňew, sintez — seljerme, diagnostika — öňünden dürli usullardan peýdalanjakdygyny görkezmelidir. Şu usullaryň ulanylyşynda mugallym maglumat gorlaryndan: bilim portallaryndan, audio, wideo ses we şekil ýazgylaryndan, multimedia serişdelerinden, smartfonlardan, kompýuterlerden, edebiýatlardan, çeper we okuw-usuly filmlerden, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden we beýleki çeşmelerden peýdalanjakdygyny görkezmelidir. Mugallym okuwçylaryň maglumat beriş tehniki enjamlardan peýdalanyp bilmek ukyplaryny gazanmalydyr. Okuwçylar geçilýän tema degişli aýry-aýry düşünjeleri has gowy özleşdirmek üçin kompýuterde tanyşdyryşlary döretmegi başarmalydyrlar.

Mugallym sapagyň ýazgysy esasynda okuwçylaryň işjeňligini artdyrmalydyr. Kompýuteriň ekranynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa, aragatnaşyk, medeniýet, ylym-bilim, tehnologiýa we ekologiýa ulgamlarynyň ösdürilişi bilen baglanyşykly geçilýän tema bilen gatnaşygyny gazanmagy ünsden düşürmeli däldir. Şu jähetden, dersara baglanyşygyny gazanmalydyr. Mysal üçin, mugallym geçilýän temada ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli maglumatlary kompýuteriň ekranynda täze tanyşdyryşlary döredip, taryh, jemgyýeti öwreniş, ykdysadyýet, ekologiýa dersleri bilen ýerlikli baglanyşdyrmagy gazanmalydyr. Sapagyň guralyşyna baglylykda, öýe ýumuş tabşyrmalydyr. Bu sapagyň jemleýji bölüminde amal edilmelidir we okuwçylar bahalandyrylmalydyr.

Güljemal ATAÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 24.07.2024

Tmpedagog