26.07.2024 Pedagogika244

Okuw maksatnamasy esasynda


Bedenterbiýe sapagynyň guralyşy esasy 3 bölümden ybarat bolup, onuň ýazgysynda taýýarlyk-guramaçylyk, esasy we jemleýji bölümler giňişleýin beýanyny tapmalydyr.

Geçiljek sapagyň netijeliligi onuň taýýarlyk-guramaçylyk ýagdaýyna we sapak ýazgysynyň giňişleýin ýazylyşyna bagly bolup durýar. Şonuň üçin sapaga taýýarlanylanda dürli edebiýatlardan we gazet-žurnallardan peýdalanmalydyr, bu bolsa sapagyň maksadyna ýetmegine ýardam edýär. Sapagyň ähli bölümleriniň usuly taýdan talabalaýyk geçirilmegi mugallymyň sapaga taýýarlygynyň derejesine baglydyr.

Sapagyň döwrüň talabyna laýyk geçmegi üçin oňa öňünden taýýarlyk görmeli. Her geçiljek sapagyň doly we giňişleýin sapak ýazgysyny ýazmaly. Sapagyň taýýarlyk bölüminde gerek boljak maşklary her bir tema degişlilikde saýlap almak maksadalaýykdyr. Okuwçylara öwrediljek täze maşklary we hereketleri ilki bedenterbiýe mugallymy ýerine ýetirip görkezmeli.

Sapagyň maksadalaýyk guralmagy we geçilmegi mugallymyň sapaga öňünden taýýarlygyna baglydyr. Mugallym her bir sapagyň ýazgysyny ýazýar. Sapak ýazgysy ýazylanda her bir synpdaky okuwçylaryň beden taýdan ösüşini we her bir okuwçynyň bedenterbiýe sapagynda gazanan üstünliklerini göz öňünde tutup, sapagyň maksadyny kesgitlemek gerek. Sapagyň her bir bölümini (giriş-taýýarlyk, esasy, jemleýji) geçmek üçin degişli fiziki maşklary saýlap almaly. Ilki bilen, okuw maksatnamasynyň mazmunyna laýyklykda, sapagyň esasy bölümine degişli fiziki maşklary kesgitlemeli. Soňra bolsa, sapagyň giriş-taýýarlyk bölümine degişli maşklary, oýunlary saýlap almaly. Olar sapak ýazgysynda dogry bellenilýär.

Mekdepde bedenterbiýe sapaklary toparlaýyn, kiçi toparlar we ýekelikde ýaly dürli usullarda guralýar. Toparlaýyn usulda edilýän hereketleri we maşklary okuwçylaryň hemmesi ýerine ýetirýär. Toparlaýyn usulda mugallym görkezýär, okuwçylar gaýtalaýarlar. Mugallym okuwçylaryň maşklary ýerine ýetirişine gözegçilik edýär.

Mugallym sapak ýazgysyny ýazanda, her bir maşky näçe gezek gaýtalamalydygyny we her bir bölümiň näçe minut dowam etmelidigini hem görkezýär. Şeýle hem sapakda berilmeli buýruklary we gabat gelýän täze düşünjeleri düşündirmeli. Sapak ýazgysynda olar sada we düşnükli ýazylmalydyr. Mugallym sapak ýazgysyny ýazanda, sapagyň terbiýe berijilik tarapyna aýratyn üns bermelidir.

Amangeldi ATABAÝEW,
Akdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 24.07.2024

Tmpedagog