20.06.2024 Pedagogika155

Terbiýe mekdebi


Ata-ene we perzent gatnaşyklary asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň uly üns beren meseleleriniň biridir. Halk döredijiliginde, söz ussatlarynyň eserlerinde bular dogrusynda täsirli wakalar bilen beýan edilýär. Ösüp gelýän ýaş çaga ata-enesinden görelde alýar. Olaryň hereketlerini, sözleýişlerini öz durmuşynda gaýtalaýar.

Terbiýe mekdebi hakynda aýdanymyzda, eneler ýadymyza düşýär. Çünki eneler perzent terbiýesine örän üns bilen garaýar, süýji sözler bilen nesillere öwüt edýär.

Enemiň iki sany ogly bardy. Olaryň hersi bir welaýatda öz maşgalalary bilen ýaşaýardy. Enem bize gelse, dört-bäş aý ýaşap, ýene şonça wagtlap kiçi oglunyňka giderdi. Ol örän ýatkeş bolansoň, oba adamlary öz nebereleri barada sorag ýüze çyksa, enemden gelip sorardylar. Enem bolsa olara ata-babalarynyň başyndan geçiren wakalaryna çenli gyzykly gürrüň edip bererdi. Ol örän süýji dilli we gürrüňçil zenandy. Bize ýoly düşse, obanyň uly-kiçi adamlary onuň bilen salamlaşmaga gelerdiler. Gürrüňiniň arasynda halk nakyllaryny köp ulanardy, köne rowaýatlary aýdyp bererdi. Häli-şindi bize: «Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, gyz uýasy bolsa-da, gyzyl ýüzi solmasyn» diýendir könekiler. Ýola çykanyňyzda, ýüzüňiz ýerden galmasyn. Daşyňyz-içiňiz gözden doludyr. Zenan maşgalany bezeýän zat onuň edebi, içeriniň arassaçylygy we ýerbe-ýerligidir. Gyz maşgalanyň eli işli bolmalydyr. Durmuşa çykyp baran ýeriňizde, ilki bilen, eliňize tikin işini biçip bererler. Keşde bolsun, gaýma bolsun, pugtama bolsun, süňşük bolsun, işi başarmazlyk aýypdyr. Eliňiz işli bolsa, baran ýeriňizde ýüzüňiz gyzmaz...» diýen ýaly öwütlerini köp gaýtalardy. El işleriniň hemmesini öwrederdi. On çaganyň ejesi ejem janam gaýyn enesiniň özüne berýän goldaw-hemaýatyndan örän hoşaldy. Enem bize gelende, kiçi gelnini, onuň gyzlaryny dilinden düşürmän taryplardy. Olary hemme işde, edeplilikde mazamlap bilşinden mazamlardy. Biziň olara gözümiz giderdi, şolar ýaly bolmaga, enemiziň göwnünden turmaga çalşardyk. Öý işleri bolsun, tikin-çatyn bolsun ýa-da mal-gara seretmeli bolsun, enemiziň öwreden zadyny kemsiz ýerine ýetirjek bolup jan ederdik. Enem ýaly arassaçyl, her bir zady ýerbe-ýer etjek bolardyk. Bir gezek gelnejem gyzlary bilen bize gezmäge gelende gyz jigilerimiziň biri enemiň olary dilinden düşürmän öwýändigini aýtdy welin, olar haýran galdylar. Asyl, enem olara baranda-da bizi taryplaýan eken. Olaram biz ýaly bolmaga çalyşýan bolsa nätjek! Şeýdip mähriban enem iki maşgalany hem agzybir saklaýan ekeni.

Enemiň öz perzentlerine mähir berşi, gyzlaryna el işlerini öwredişi, myhmansöýerligi, goňşulary, garyndaşlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary, türkmençiligi, däp-dessurlarymyzy oňat bilýänligi oňa uly sylag-hormat getirerdi. Edepli eneden görelde alan gelinlerem onuň yzyny ýöredýän bolara çemeli. Ejem bilen gelnejemiň hem eneme sylag-sarpasy uludy.

Durmuşda kiçilikden gulagyňda galan milli edebimizi, däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi durmuş sapaklarynyň üsti bilen biziň günlerimize getiren ene-mamalarymyzyň pent-nesihatlary bu günki nesillerimiz üçin edep mekdebi bolup hyzmat edýär. Olary okuwçylarymyzyň, öz çagalarymyzyň aňyna guýup, geljek nesillere geçirmek bolsa, biziň borjumyzdyr.

Annagözel HANGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 19.06.2024

Tmpedagog