20.01.2023 Pedagogika111 .

Bilim-terbiýeçilik işinde ekran eserleriniň ähmiýeti


Döwrüň ösmegi milli bilim ulgamynda sapak geçmegiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, guramaçylyk ýagdaýyny işjeňleşdirmegi we sanly ulgamdan peýdalanmagy talap edýär. Şoňa görä-de pedagogikanyň talaplaryna laýyklykda täze iş usullaryny ýüze çykarmak, olary öwrenmek we ýaýratmak möhüm meseleleriň wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär. Sapaklarda görkezme esbapalaryny, sanlylaşdyrylan serişdeleri ulanmak bilen birlikde ekran eserlerinden peýdalanmak hem netijeli usullaryň biridir.

 Mälim bolşy ýaly, tele we radio ýaýlymlarda dürli žanrdaky gepleşikler hödürlenýär. Olaryň milli häsiýete, döwrebaplyga, baý mazmuna beslenmegi bolsa terbiýeçilik işine hem oňyn täsirini ýetirýär.  Bilşimiz ýaly gepleşikleriň ýaýlyma berilýän pursatynda, gaýtalanýan wagtynda tomaşa etmek bilen birlikde, ösen tehnikalar arkaly olary ýatda saklaýjylara göçürip almak, käbirlerini degişli saýtyñ sahypalaryndan ýükläp almak mümkinçiligi hem bar.

 Degişli awtorlar tarapyndan köpçülikleýin ýaýlyma hödürlenen nusgany üýtgetmezden, olara goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmezden sapakda ulanmak mümkinçiliginden peýdalanmak netijeli usullaryň biridir. Çünki ekranyň diliniň düşünikliligi, eseriň mazmun taýdan kämilligi, hiliniň we görnüşiniň döwrebaplygy, temalaryň işjeňligi, onda çykyş edýän personažlaryň we sýužetleriň milliligi, çeperçiligi, ssenariýasynyň oýlanyşykly ýazylmagy, režissura çözgütliligi, öňe sürilýän pikiriň doly açylyp görkezilmegi, esasan hem mazmunynyň okuw maksatnamasy bilen ugurdaş bolmagy milli terbiýeçilik işinde, okuw usulyýetinde peýdalanmaga doly esas döredýär. Munuň özi sapaklaryň guramaçylyk işiniň hil taýdan ýokarlanmagynda, çagalara berilýän bilimiň we düşünjeleriň baýlaşdyrylmagynda ähmiýetlidir. Sebäbi çagalar görmek we eşitmek arkaly çalt öwrenmäge, ýatlarynda uzak wagt saklamaga ukyply bolýarlar. Hususanda saýlanyp alynan ekran eserleriniň hut çagalaryň dünýäsi bilen bagly bolmagy, çagalar üçin düşnikli dilde beýan edilmegi, reňk we ýagtylyk taýdan sazlaşykly bolmagy, onuň sungatyň (ekran sungaty) we döredijiligiň önümi bolmagy körpeje tomaşaçylara-diňleýjilere gowy täsir edýär.

 Ýeri gelende bellesek, sanly görkezme serişdeleri hökmünde ulanylýan şekilli görnüşlere tomaşa etmek we diňlemek arkaly çagalaryň duýgulary, görüş-eşidiş, akyl ýetiriş agzalary hem işjeň ösýär. Şoňa görä-de ýaşajyk tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilýän eserler animasion gurluşly, gyzykly we çaga psihologiýasyna täsir ediji taýdan tapawutlanýar. Olarda şekilleriň çeper bezeglerine, montaž işiniň ýeterlikligine, saz bezegleriniň we sesleriň talabalaýyklygyna, personaźlaryñ özûne çekijiligine aýratyn üns berilýär.

 Ýaýlym arkaly çagalar üçin berilýän dürli žanrdaky ekran eserlerini sowat öwretmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, bedenterbiýe, daşary-ýurt dilleri, ýönekeý matematiki düşünjeler, sözleýişi ösdürmek (çeper edebiýat), bedenterbiýe, aýdym-saz, surat, duýgulary ösdürmek we öwrediji oýunlar ýaly sapaklarda, göwünaçmalarda, bäsleşiklerde we baýramçylyk säherliklerinde hem-de beýleki usuly guramaçylyk işlerinde peýdalanmak mümkin. Köp öwüşginli, gysga görnüşli sýužetler, rolikler, teswirler we beýleki žanrdaky eserler peýdalanylanda onuň alnan çeşmesiniň ygtybarlylygy (milli teleradioýaýlymlarymyzdan) bolmagy bellärliklidir. Çünki çagalaryň aňyna, bilimine we ösüşine täsir edýän serişdeler peýdalanylanda onuň esaslary, bilim syýasatyna laýyk gelýändigi we beýleki zerurlyklar hökman nazara alynmaly. Şonuň üçin hem ýörite saýlanyp gyzykly, täsirli we netijli bolup biljek tele eserleri ulanylanda onuň geçilýän sapaga doly laýyk gelýändigi, wagt taýdan amatlylygy, ýetirip biljek oňyn täsirleri seljerilmelidir. Tomaşa ediljek görnüşleriň ýazgysy toparlarda terbiýelenýän körpeleriň ýaş aýaratynlyklaryna laýyklykda dürli böleklere bölünmeli, olaryň gysgadan düşniklisi seçilip alynmaly, işläp duran mawy erkany tomaşaçylardan bellenilen aralykdaky daşlykda ýerleşdirilmeli.

 Görkezme serişdesi hökmünde peýdalanylýan wideo önümi-ekran eseri näçe ýokary hilli bolsada, oňa sapagy guraýan terbiýeçidir, mugallym öz dilinde düşündiriş bermeli. Şeýle-de ol tomaşa edilýän gysga göwrümli gepleşigiň mazmunyny giňişleýin düşündirip, öňe sürülýän pikiri öz ussatlygy arkaly çagalara has düşnükli beýan etmeli. Bilim işgäri terbiýeçilik usulyýetine laýyklykda tomaşa edilen eserler hakynda çagalaryň pikirlerini diňlemeli, olara nähili derejede täsir edendigi bilen gyzyklanmaly, sorag-jogaplar alyşmaly we ähli gazanylanlaryň üstüni ýetirmeli. Islendik ýagdaýda hem ulanylan sanlylaşdyrylan serişdeler talabalaýyk guralanda, maksadalaýyk görkezilende, olaryň üsti terbiýeçiniň sapak geçmek ussatlygy bilen ýetirilende netijelidir. Görkezme serişdesi peýdalanmak bilen terbiýeçiniň sapak geçmekdäki ýeňilligini gazanmakdan öňürti, çagalaryň ýeňillikli öwrenmegi, sowatlary, bilimleri we terbiýesi nazara alynmlay. Şonuň üçin hem ähli sarp edilýän zähmetler, başyna başyna barylan işler, täzeçe çemeleşmeler, toplanan tejribeler we ulanylýan usulyýetler diňe ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmeginiň, kämilleşmeginiň bähbidine gönükdirilmelidir. Munuň özi hiç bir zadyň ünsden düşürilmeli däldigini, terbiýeçiniň ussatlygy bilen tehniki mümkinçilikleriň netijeli utgaşygy emele getirmelidigini, sapak guramaçylygynda ilkinji nobatda çagalaryň bähbidiniň ileri tutulmalydygyny ýatladýar.

Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,
Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly
4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.



Tmpedagog