22.05.2024 Pedagogika592

Gutardyş synp okuwçylaryny düzme ýazmaga taýýarlamak


Ýurdumyzda ýaş nesliň çuňňur bilim almagy, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde ähli amatlyklary özünde jemleýän synp otaglarynda dünýäniň iň kämil kompýuter tehnologiýalary, multimedia serişdeleri ornaşdyrylýar. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 2023—2024-nji okuw ýylyny üstünlikli jemlemegiň öň ýanynda durlar. Häzirki wagtda orta mekdebi tamamlaýan 11-nji synpyň okuwçylary üçin jogapkärçilikli hem-de tolgundyryjy günler dowam edýär. Olar gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrmaga uly taýýarlyk görýärler.

Adatça bolşy ýaly, bu ýyl hem orta mekdebi tamamlaýan 11-nji synpyň okuwçylary türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça düzme ýazmak arkaly jemleýji döwlet synagyna gatnaşarlar. Döwlet synaglaryny tabşyrýan okuwçylar düzme ýazmaga degişli hödürlenen onlarça temalaryň içinden erkin we edebi temalardan birini saýlap, öz alan döwrebap bilimlerini, tema boýunça pikir-garaýyşlaryny beýan ederler.

Okuwçylar düzme ýazmagy 7-nji synpdan bäri özleşdirip gelýärler. Olar ýokary synplarda tema boýunça dürli maglumatlary ylmy we çeper kitaplardan almagy, kitaphanalara baryp, özbaşdak işlemegi doly öwrendiler.

Gutardyş synplaryny okadýan mugallym okuwçylarynyň synag üçin hödürlenýän temalar boýunça düzme ýazmaga taýýarlyk işlerini sapakdan daşary, okuwçylaryň boş wagtlarynda hem dowamly alyp barýar. Mugallym okuwçylara temalar boýunça meýilnamalary düzmegi, öý düzmesini yzygiderli tabşyryp biler. Mugallym olara düzmäniň talaplaryny: işiň mazmunynyň tema laýyk gelmelidigini, mazmunyň tema laýyk düzülen meýilnama esasynda yzygiderli beýan edilmelidigini, sözleriň öz ýerinde takyk ulanylyşyny, dürs ýazuw kadalaryny, arassa we düşnükli ýazmagy hemişe ýatladyp durmaly. Mugallym okuwçylara tabşyran ýa-da olaryň özbaşdak ýerine ýetiren işlerini yzygiderli barlap, olaryň üstünliklerini we kemçiliklerini görkezmeli, işiň talabalaýyk bolmagy üçin maslahatlaryny bermeli. Gowy ýazylan düzmeleri synpdaky ähli okuwçylara okap berip, onuň derňewini bile ýerine ýetirmek, olaryň ýalňyşsyz, arassa ýazylandygyny, dürs sözleýiş we ýazuw talaplarynyň birkemsiz berjaý edilendigini aýdyp, nusga hökmünde görkezmek hem okuwçylaryň biri-birinden gowy görelde almaklaryna oňaýly täsir edýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda jemleýji döwlet synaglary üçin hödürlenýän düzme temalarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine degişli temalara aýratyn orun degişlidir. Okuwçylar bu temalardan düzme ýazmaga taýýarlanmak üçin şu ýylyň şygaryny hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen guralýan çärelere işjeň gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryny okap tanyş bolmaklary, teleradioýaýlymlar arkaly taýýarlanýan gepleşiklere, dokumental we çeper kinofilmlere, teatr oýunlaryna tomaşa etmekleri hem okuwçylar üçin bu ugurda örän uly ähmiýete eýedir.

Annageldi BEKIÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
33-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 22.05.2024

Tmpedagog