17.05.2024 Pedagogika323

Körpeleriň sözleýşini ösdürmek


Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle terbiýe berlip, olaryň sözleýşi ösdürilýär. Çagalar baglaryndaky körpeler terbiýeçileriň üns-aladasy bilen gurşalýar. Terbiýeçiler körpeleriň irki ösüşini üpjün etmek, olaryň sözleýşini kämilleşdirmek üçin dürli usullary peýdalanýarlar. Munuň üçin terbiýeçilik ähmiýetli oýunlary peýdalanmak, ertekileri gürrüň bermek ýaly gyzykly usullary peýdalanmak bolar.

Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler dürli ugurlara gyzyklanma bildirýärler, olar oýnamagy, tebigatda gezelenç etmegi, ertekileri diňlemegi halaýarlar. Terbiýeçi her bir çaganyň gyzyklanmasyny öwrenip durmalydyr. Olaryň düşünjelerini ösdürip, körpelere terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli usullary ornaşdyrmak terbiýeçileriň paýyna düşýär. Olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin okatmagyň we terbiýelemegiň işjeň usullaryny ulanmalydyr. Bu usullaryň çaganyň irki ösüşiniň ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik etmelidir.

Ýaş nesle bilim, terbiýe bermekde ertekileriň ähmiýeti örän uludyr. Mysal üçin, terbiýeçi çagalara gyzykly ertekini aýdyp berse, olaryň dünýägaraýşy hem ösýär. Şonuň üçin hem ertekini gürrüň bermegiň aýratynlyklaryny öwrenýäris. Häzirki wagtda ertekileri gürrüň bermekde multimedia tagtasyndan peýdalanmak has-da ähmiýetlidir. Şunda ertekileriň gahrymanlarynyň suratlaryny multimedia tagtasynda görkezýäris. Şeýle hem suratlaryň kömegi bilen, ertekini gürrüň berýäris. Bu usul ertekiniň ýatda galmagyna oňat täsir edýär. Çagalar ertekini göz öňüne getirenlerinde hem suratlaryň şekillerini ýada salýarlar. Şeýlelikde, çagalar ertekä giňişleýin düşünýärler, olarda dostluk, zähmet çekmek, birek-birege kömek etmek ýaly oňat düşünjeler kemala gelýär. Şeýle hem, terbiýeçi ertekini gyzykly we manyly gürrüň bermek bilen, körpeleriň söz baýlygyny artdyrýar.

Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalara manyly hem-de täsirli sözleri bolan ertekileri gürrüň bermeli. Mysal üçin, türkmen ertekilerinden «Akpamyk» atly ertekini çagalara aýdyp bermek bolar. Şunda çagalar doganlyk hakynda düşünje alýarlar, agzybirligiň, zähmetsöýerligiň ähli zatdan rüstem gelýändigine düşünýärler. Nesil terbiýesinde hem çagalykdan gowy endikleri kemala getirmek, ýagşylygy ündemek zerur bolup durýar. Şonuň üçin hem şeýle täsirli ertekilerden soňra körpeler bilen pikir alyşýarys. Olardan ertekiniň haýsy gahrymanyny gowy görendiklerini soraýaryn. Çagalar uly höwes bilen Akpamygyň doganlaryna kömek edýändigi hakynda aýdyp berýärler. Bu bolsa olaryň ýagşy gylyklary, häsiýetleri tiz ýadynda saklaýandyklaryny, geljekde gowy adamlar bolup ýetişjekdiklerini alamatlandyrýar.

Terbiýeçi çagalary şeýle usulda terbiýelemeli, milli ýörelgeleri olaryň aňyna guýmaly. Milli terbiýe bolsa, türkmen ertekilerinden we çagalaryň ene dilimizde sözleýiş endikleriniň kemala gelmeginden başlanýar. Şeýle hem çagalar bagymyzda sözleýşi ösdürmek, tebigat bilen tanyşdyrmak, aýdym-saz, sowat öwretmek, surat çekmek boýunça sapaklar guralýar. Ol sapaklaryň üsti bilen körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, akýüreklilik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak ýaly asylly sypatlar kemala getirilýär. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan çagalaryň üns-alada bilen gurşalýandygyny aýdyň beýan edýär.

Jennet SAPAROWA,
Daşoguz şäherindäki 36-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.05.2024

Tmpedagog