17.05.2024 Pedagogika286

Okuwçylarda kitap okamak endigini kämilleşdirmek


Kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Ynsanyň yzygiderli kitap okamagynyň netijesinde söz baýlygy artyp, çalt we sagdyn pikirlenmek ukybyna eýe bolýar. Kitabyň gatlaryna aralaşmak arkaly okyjy dürli täsinlikler bilen tanyşýar, kitap gahrymanlarynyň şatlanan ýerinde şatlanyp, gynanan ýerinde gynanmak duýgularyny başdan geçirýär, taryha öwrülen wakalar bilen tanşyp, edebi mirasymyzy öwrenýär, durmuş gözýetimini giňeldýär.

Elbetde, kitap iň gowy dost. Kitap okamagy ýaşlykdan endik edinmeli. Kitap okamaga bolan endigiň gözbaşy maşgaladan gaýdyp, ata-enäniň özi görelde bolup, çagalarda kitap okamaga islegi terbiýelemeli. Ata-eneler tarapyndan çagalaryna suratlar bilen bezelen, çagalar üçin niýetlenilen kitaplaryň sowgat edilmegi, olar bilen bilelikde sesli okalmagy ýa-da gyzykly ertekileriň aýdylyp berilmegi çagalarda kitaba bolan söýginiň ilkinji basgançaklaryny kemala getirýär.

Çagalar mekdebe ilkinji gadam basan günlerinden her günki öwrenilýän derslerden daşary dürli mazmunly kitaplary özünde jemleýän mekdep kitaphanasy bilen tanyşdyrylyp, kitaplaryň täze bir dünýäsine aralaşdyrylýar. Okuwçylarda kitap okamaga bolan söýgini ösdürmekde mekdep kitaphanasynyň tagallasy uludyr. 1-nji synpa gelen okuwçylar synp mugallymlary bilen bilelikde mekdep kitaphanasyna syýahata çagyrylýar. Kitaphana otagy, çagalar üçin niýetlenilen ertekili, suratly kitaplar bilen tanyşdyrylýar. Çagalar bilen ertekiler, olaryň gahrymanlary barada özara sorag-jogap alşylýar. Olar kitaphananyň düzgünleri bilen tanyşdyrylyp, şahsy okyjy kitapçalary döredilip, okyjy hökmünde hasaba alynýar.

Okuwçylar bilen okan kitaplary boýunça söhbetdeşlik guramak, «Meniň söýgüli gahrymanym» atly temadan surat çekmek, şeýle-de «Iň köp kitap okaýan okuwçy» atly temadan bäsleşikleri geçirmek başlangyç synp okuwçylarynda kitaba bolan söýgini kämilleşdirmegiň iň ýörgünli usullary hasap edilýär.

Ýazyjy-şahyrlaryň doglan günlerine, Garaşsyz Watanymyzda bellenilýän şanly senelere bagyşlanan kitap sergilerini taýýarlamak, täze çap bolup çykan kitaplar bilen tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek, belli-belli eserleriň parçalaryny sahnalaşdyrmak, çeper okaýyşlary guramak hem okuwçylaryň kitaplar dünýäsi bilen arabaglanyşygyny ösdürýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şahyrymyzyň döredijiligini, baý milli mirasymyzy, taryhymyzy beýan edýän, halkyň ruhy baýlygy hasaplanýan kitaplardan senenamalaýyn kitap sergileri guralyp, kitaplary wagyz etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şular ýaly çärelerde Magtymguly atamyzyň döredijiligini we ol barada ýazylan kitaplary okyjylara hödürlemek, olary wagyz etmek arkaly milli edebi mirasymyza bolan söýgini ösdürmek mümkünçiligi ýaýbaňlanýar.

Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde kitaba aýratyn sarpa, hormat we söýgi bilen garapdyr. Bilimler çeşmesi bolan kitaba halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän, ony ebedileşdirýän esasy serişde hökmünde baha beripdir. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilen häzirki döwürde elektron kitaphanalaryň döredilmegi, şeýle hem olaryň peýdalanylyşynyň ýaýbaňlandyrylmagy maglumat almak mümkinçiligini ep-esli ýeňilleşdirýär we giňeldýär. Mekdep kitaphanalarynda adaty okuw kitaplary bilen bilelikde elektron okuw kitaplaryndan we dürli edebiýatlaryň elektron nusgalaryndan peýdalanylmagy ýola goýuldy. Munuň özi okyjynyň kitap okamak we bilim almak islegleriniň ýokarlanmagyna hem-de ony amala aşyrmak üçin mümkinçilikleriniň giňemegine getirýär. Ähli ösüşleriň, ýetilen sepgitleriň gözbaşy kitaplardyr. Şol sebäpli, kitaplar we kitaphanalar ylym-bilimi ösdürmekde tükenmez çeşme bolup hyzmat edýär.

Akjagül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir
işleri bölüminiň baş hünärmeni.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.05.2024

Tmpedagog