20.04.2024 Pedagogika209 .

Türkmen we iňlis dillerinde işlik zamanlary


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler ýaşlaryň has sowatly, kämil, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň ösen ylym-biliminden habarly bolmaklaryna gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň, şol sanda talyp ýaşlaryň hem daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin zerur mümkinçilikler we şertler döredilýär. Okatmagyň täze usullary, multimedia tehnologiýalary talyp ýaşlaryň aň-düşünjesiniň artmagyna we öz saýlap alan kärleriniň ussady bolup ýetişmegine esas döredýär.

Sözleýişde sözlemleri dogry gurmakda işlik zamanlarynyň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmen we iňlis dillerindäki işlik zamanlaryny tapawutlandyryp, olaryň aýratynlyklaryny ýüze çykarmak, orun taýdan durnukly ýa-da durnuksyz häsiýetini kesgitlemek, türkmen we iňlis dilleriniň işlik zamanlarynyň degşirme derňewini geçirmek, terjimede türkmen diliniň işlik zamanlaryny iňlis diline we tersine, iňlis diliniň işlik zamanlarynyň hyzmatyny türkmen diline geçirmegiň umumy düzgünlerini işläp düzmek wajypdyr.

Işlik zamanlary asyl we ýasama ýa-da dereje goşulmasyny kabul eden işligiň soňuna zaman aňladýan hem-de şahs görkezýän ýörite goşulmalaryň goşulmagy bilen hasyl bolýar: oka-dy-m, oka-ýar-yn, o-ka-ryn, oka-jak,  işle-di-m,  işle-ýä-rin,  işlä-rin,  işle-jek,  ylga-ş-ýar-yn,  ylga-ş-ar-yn,  ylga-ş-jak we ş.m.

Işliklerde grammatik zaman gymyldy-hereketiň, ýagdaýyň sözlenilýän pursatdan öň bolandygy ýa-da sözlenilýän pursatda, ýa-da şondan soň boljakdygy esasynda kesgitlenilýär. Işlik zamanlarynda durmuşda bolan, ony hem sözleýjiniň gözi bilen gören ýa-da birinden eşidip aýdan zatlary: bolýan, bolup biljek ýa-da tersine, bolup bilmejek gymyldy-hereketlere, wakalara, ýagdaýlara sözleýjiniň garaýşy beýan edilýär.

Sözleýjiniň sözleýän pursadyndan öň bolup geçen ýa-da bolup geçmeli gymyldy-hereketi, işi, işiň ýagdaýyny aňladýan işliklere işligiň öten zamany diýilýär.

Iňlis dilinde öten zaman işliginiň, esasan, mälim öten zaman (V-ed,-d, we nädogry işlikleriň kömegi bilen ýasalýar), gutarnykly öten zaman (had+ V+ed (3), dowamly öten zaman (was, were + V+ing), gutarnykly dowamly öten zaman (had+ been +V+ing) ýaly görnüşleri bardyr.

Sözlenilýän pursatda bolup geçýän we umuman, bolýan gymyldy-hereketi, işi, wakany, ýagdaýy aňladýan işliklere işligiň häzirki zamany diýilýär.

Iňlis dilinde häzirki zaman işliginiň, esasan, ýönekeý häzirki zaman (-V+es-s (3-rd person singular)), umumy häzirki zaman (- is,-are+ V+ing) gutarnykly häzirki zaman (have, has +V(ed) 3), umumy gutarnykly häzirki zaman (have+been+V+ing) görnüşleri bar.

Sözlenilýän pursatdan soň bolup biljek ýa-da boljak gymyldy-hereketi, işi, ýagdaýy, wakany aňladýan işliklere işligiň geljek zamany diýilýär. Bu işlik zamany manylaryna görä, iki topara bölünýär: nämälim geljek zaman (-ar/ -er) we mälim geljek zaman (-jak/ -jek) işlikleri.

Mälim geljek zaman şekili sözleýjiniň pikirine, ynanjyna görä, esasan, hökmany suratda, gümansyz, şübhesiz geljekde ýerine ýetiriljek gymyldy-hereketi, işi, ýagdaýy aňladýar. Mälim geljek zaman düýp işlige jak/-jek goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar we şahs, san goşulmasyny kabul etmeýär.

Mälim geljek zaman işliginiň ýoklugy bu şekildäki işligiň sözüniň getirilmegi bilen aňladylýar: men okajak däl,  işlejek däl; sen okajak däl, işlejek däl; ol okajak däl, işlejek däl; biz okajak däl,  işlejek däl; siz okajak däl, işlejek däl, olar okajak däl (ler),işlejek däl (ler). Kähalatda mälim geljek zaman işliginiň ýoklugy – ma, -me goşulmasynyň üsti bilen hem aňladylýar. Meselem: belki, ogluň bu pikire göwnemejek.

 Iňlis dilinde geljek zaman işliginiň nämälim geljek zaman (-will) we dowamly geljek zaman (-will be +v+ ing), gutarnykly geljek zaman (will+have+ V+ed), gutarnykly dowamly geljek zaman (will+ have+ been+ V+ ing) ýaly görnüşleri bar.

Türkmen we iňlis dillerini degşirip öwrenmek işlik zamanlaryny ýerlikli ulanyp, dilden we ýazmaça terjimäni dogry alyp barmaga hem itergi berýär.

Çynar ORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 17.04.2024

Tmpedagog