12.04.2024 Pedagogika89 .

Edebiýat sapagynyň täsiri


Edebiýat sapagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öwrenilende, diňe bir goşgynyň many-mazmuny barada düşünje bermän, eýsem, olarda duş gelýän dil serişdeleriniň üstünde durup, sapagy türkmen dili dersi bilen baglanyşdyrmak oňat netije berýär. Akyldaryň şygryýet diwanyna ser salanyňda, tirkeş sözler, ownuk bölekler, sözsoňy we baglaýjy kömekçiler, antonimler, sinonimler, meňzetmeler, deňeşdirmeler, metafora... ýaly örän köp dil we çeperçilik serişdeleri öz beýanyny tapýar. Mysal üçin:

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi.

* * *

Dagda-düzde kowsa saýýatlar diri.

* * *

Bu kentleriň üçi-dördi bilinmez.

Bu mysallarda «al-ýaşyl» — tirkeş sypatlar, «dagda-düzde» — tirkeş atlar, «üçi-dördi» — tirkeş sanlar bolup durýar.
Mundan başga-da:

Ýaz geler, wagt-da gider, gaflata bakmyş gözlerim.

* * *

Jahan giňdir çendan bilen-de bardyr —

diýen setirlerde -da, -de ýaly ownuk böleklerem özboluşly sazlaşyk döredýär.

Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir.

* * *

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy.

* * *

Süleýman, Rüstem-u Zal, Jemşit oňa bolmuş geda.

* * *

Ýa lal otur, ýa dür saçgyl.

* * *

Ne ten, ne janda, dert bolmaz —

diýen goşgy setirlerinde duş gelýän «kibi» ýaly deňeşdirmegi aňladýan sözsoňy bir wagtyň özünde dil serişdesi bolan kömekçiniň, şeýle-de çeperçilik serişdesi bolan meňzetmäniň hyzmatyny ýerine ýetirýär, bilen, –u, -ýa, -ne ýaly baglaýjylar bolsa, berk baglanyşygy emele getirýär.

Umuman, okatmakda dersara baglanyşyk hem uly orna eýedir. Türkmen dili we edebiýaty sapaklarynyň arasynda şeýle baglanyşyk guralanda, şahyrana setirleri sözleme öwürmek usuly hem okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Sebäbi goşgy setirlerindäki dil we çeperçilik serişdeleri okuwçynyň aňynda oňat galýar hem-de temany tiz özleşdirmegine getirýär.

Mysal üçin:

Al-ýaşyl geýinip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakgal ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň.

Bu ýerde okuwçylar inwersiýa hadysasynyň goşgy setirlerine edýän täsirine çuňňur düşünýärler.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny hertaraplaýyn öwretmekde çeperçilik serişdesi bolan meňzetme, deňeşdirme, metafora ýaly çeperçilik serişdeleri, şeýle-de çekimlileriň we çekimsizleriň sazlaşyp gelmegi goşgy setirleriniň çeperçiligini has-da artdyrýar.

Hatarda ner bolsa ýük ýerde galmaz.

* * *

Güýjüň-kuwwatyň gidende,
Ogul-gyzyň ýatça bolmaz.

Bu mysallardan ner — metaforanyň, ýatça bolmaz — deňeşdirmäniň şahyrana döredijilige edýän täsirini görýäris.

Diýmek, Magtymguly Pyragynyň döredijilik tematikasyny, olaryň many-mazmunyny öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen dili dersi bilen baglanyşdyrmakda okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak öz oňat netijesini berýär. Ylym-bilime üns berilýän ata Watanymyzda kämil, aň-düşünjeli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Magtymguly atamyzyň şygryýet diwany uly gollanma bolup hyzmat edýär.

Ogultagan HOJAGULYÝEWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 10.04.2024

Tmpedagog