04.04.2024 Pedagogika49 .

Dil bilen dünýäni gezer


Başlangyç synpda okaýan çagalara sowat, bilim öwredilýändigi üçin mugallymlara jogapkärli wezipe degişli bolup durýar. Ony üstünlikli amal etmek üçin öz usuly işleriňi yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Şunda çaganyň içki dünýäsini, sapaga bolan höwesini çuňňur öwrenmeli, çünki başlangyç synpda okaýan çaganyň ünsüni sapaga gönükdirmek uly tejribäni talap edýär. Orta mekdebiň 2-nji synpynda rus dili sapagy hem okadylýar. Dil öwretmekde we sapaklarymyzy işjeň guramakda iň täze usullardan peýdalanmak zerurdyr. Munuň özi dil öwretmegi ýeňilleşdirýär we okuwçylaryň rus diliniň harplaryny we sözlerini öwrenmeklerine oňat täsir edýär. Döwrebap kompýuterlerden, multimedia tagtalaryndan, lingafon otaglardan peýdalanmak okuwçylaryň dil öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrýar, olaryň diňläp düşünmek endiklerini ösdürýär we söz baýlygyny artdyrýar.

Başlangyç synpda okaýan okuwçylar bilen sapak geçilende, suratly şekillere aýratyn üns bermek gerek, çünki olaryň suratlara bolan gyzyklanmasy has-da ýokarydyr. Surat şekilleri ýerleşdirilen multimedia tagtasy olaryň ünsüni çekýär. Şol sebäpli hem rus elipbiýindäki «A» harpynyň suratly şekilini multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle şekilleriň üsti bilen «A» harpyny labyzly okaýarys. Bu harpy düşündirmek bilen, rus dilinde okamak endiklerini hem ösdürýäris. Şonuň üçin hem goşgy setirlerini labyzly okaýarys.

Изучаем алфавит:
Первой буква «А» стоит.
Припасла она для нас
И арбуз, и ананас.

Ýokardaky goşgy setirlerini okuwçylar bilen labyzly okaýarys. Rus dilini başlangyç synplardan öwretmek, elipbiýini düşündirmek aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ýaşda okuwçylara rus elipbiýindäki harplary öwretmek şekilleriň üsti bilen ýa-da ýörite oýunlary guramak arkaly ýola goýulýar. Iň esasysy çagalaryň rus dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmakdyr. Başlangyç synplarda okaýan okuwçylar üçin şekilli görnüşleriň uly gyzyklanma döredýändigini hem bellemelidiris. Rus elipbiýinde 33 sany harpyň bardygyny şu şekillerde görkezýärin.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek, ilki bilen, şol dildäki harplardan, elipbiýden başlanýar. Başlangyç synplarda hem rus elipbiýini öwretmek, käbir sözleri okatmak bilen, olaryň bilimleri kämilleşdirilýär. Mugallymyň esasy öwretmek usullarynyň aýratynlyklarynyň biri hem her bir okuwçynyň başarnygyny öwrenmek we ýaşyna görä sapaklary guramakdyr. Ýaş aýratynlyklaryna görä, dilleri öwretmek ýa-da suratlar bilen işlemek üns berilmeli aýratynlykdyr. Şonuň üçin hem olaryň hemmesini ösen tehnologiýalar arkaly okuwçylara ýetirmek mugallymyň tejribesine bagly bolup durýar. Bulardan başga-da, dilçi alymlaryň bellemegine görä, dil pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan okuwçylara dil öwretmek olaryň pikirlenişini ösdürmekdir. Sapak guramaçylykly geçirilen ýagdaýynda okuwçylaryň dünýä dillerine söýgüsi has-da artýar. Bu bolsa olaryň dil öwrenmäge höwesini ýokarlandyrýar.

Ýaş nesillere döwrebap bilimleri öwretmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Baýramgül BERDIMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 73-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 03.04.2024

Tmpedagog