26.02.2024 Pedagogika137 .

Okuwçylara halk döredijiligini öwretmegiň ähmiýeti


Mukaddes bilim ojagy bolan mekdepde okuwçylara bilim öwretmek, terbiýe bermek asylly ýörelgedir. Häzirki ajaýyp döwrümizde orta mekdeplerde okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim öwrenmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň has-da ösmegine oňat täsir edýär.

Okuw sapaklarynyň has-da täsirli bolmagy, okuwçylaryň maglumatlary ýeňillik bilen özleşdirmegi we uzak wagtyň dowamynda ýatda saklamagy, ilkinji nobatda, mugallymyň ussatlygyna bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem, her bir sapaga taýýarlykly gelmek, okuwçylaryň ünsüni çekmek, okatmagyň döwrebap usullaryny durmuşa ornaşdyrmak asylly maksatlarymyzdyr. Başlangyç synp okuwçylaryny okatmak bilen, ýaş nesliň bilim binýadynyň berk bolmagy üçin alada edýärin, olara harplary tanamagy, labyzly okamagy öwredýärin. Şunda üçünji synpda ene dili sapagy geçilýär, okuwçylara dil hakynda düşünjeler berilýär, labyzly okamak öwredilýär. Ene dili sapagynda halk döredijiligi hakynda hem düşünje berilýär. Okuwçylara halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna halk döredijiligi diýilýändigini düşündirýärin.

Sapagy geçmekde okuw kitabyndan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanýaryn. Esasan hem, multimedia tagtasynda şekilli ýazgylary taýýarlamak bolýar. Bu bolsa okuwçylaryň şekilleriň üsti bilen halk döredijiligi hakyndaky düşünjelerini berkidýär. Halk döredijiligine sanawaçlaryň, ýaňyltmaçlaryň degişlidigi düşündirilende, multimedia tagtasynda uly harplar bilen ýazylan we çagalaryň sanawaç aýdýan şekilleri ýerleşdirilen slaýdlary taýýarlaýarys. Şeýle şekilli görnüşler okuwçylaryň ýadynda oňat galýar we sapaga düşünmegine ýardam edýär.

Multimedia tagtasynda indiki şekilli görnüşlere geçmek bilen, sanawaçlardan mysallary görkezmek bolar:

Ekem-ekem,
Arpa çekem.
Ýola bakam,
Gözüm dikem.

Şeýle hem okuw kitabyndan peýdalanmak bilen, sanawaçlary bilelikde okaýarys. Okuwçylara bu tema örän ýakyn, çünki oýunlarda sanawaç sanamak her bir çagany gyzyklandyrýar. Sapagy täsirli geçmek maksady bilen, okuwçylardan nähili oýunlary oýnaýandyklaryny, haýsy sanawaçlary ýatdan bilýändiklerini soraýaryn. Şeýle gyzykly soraglar okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Okuwçylar öz bilýän sanawaçlaryny ýatdan aýdyp berýärler.

Sapakda okuw kitaplaryndan peýdalanmak örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem okuwçylar okuw kitabynda berlen sanawaçlary labyzly okaýarlar. Bu bolsa olaryň okamak endigini kämilleşdirýär, halk döredijiligi hakyndaky düşünjelerini ösdürýär. Kitap okamak endigini kemala getirmek üçin bu usul hökmany zerurlyk hasaplanylýar. Çünki bu her sapakda okuwçylaryň harplary has-da gowy tanamaklaryny üpjün edýär, olar ýazylan sözlere düşünmäge we manysyny özleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Şeýlelikde, mugallym okuwçylarda kitaba bolan sarpany terbiýeleýär.

Sapagyň ahyrynda okuwçylar bilen sorag-jogap guraýarys. Olardan halk döredijiliginiň nämedigini soraýaryn, sanawaçlar hakynda aýdýan sözlerini diňleýärin, pikirlerine üns berýärin. Şeýle hem okuwçylara okuw kitabyndaky sanawaçlary okamagy we ýatdan öwrenmegi ýumuş tabşyrýaryn. Bu bolsa okuwçylaryň özbaşdak okamaklaryna, ýatkeşliginiň ösmegine oňat täsir edýär.

Güljan MUHAMMETGELDIÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň
başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 26.02.2024

Tmpedagog