20.02.2024 Pedagogika79 .

Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek


Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmek esasy wezipelerimiziň biridir. Bu bolsa orta mekdeplerde her bir guralýan sapagyň döwrebap, dürli usullarda bolmagyny talap edýär. Edebiýat sapagynda hem okuwçylary milli ruhda terbiýelemäge bolan mümkinçilikler köpdür. Çünki edebiýat sapagynda pähimdar pederlerimiziň döreden edebi mirasyny, dilimiziň çeperçilik aýratynlyklaryny okuwçylara öwredýäris. Bu wajyp wezipäni amala aşyrmak üçin sapagyň dürli usullarda guralmagyny, innowasion tehnologiýadan ýerlikli peýdalanmagy gazanmak gerek. Sapaklaryň özara baglanyşykda bolýandygy her bir mugallym üçin aýdyňdyr.

Alymlar «Edebiýat — durmuşyň okuw kitaby» diýen kesgitlemäni beýan edýärler. Aslynda hem, edebiýat çeper diliň önümidir, paýhasyň miwesidir. Şonuň üçin hem edebiýaty çuňňur öwrenmek dil baýlygyňy artdyrýar, pikirlenişi hem ösdürýär. Edebiýat mugallymynyň biliminiň köptaraply bolmalydygy hem şondan gelip çykýar. Şu nukdaýnazardan, edebiýat sapagyny has-da täsirli geçirmek, okuwçylaryň ünsüni çeper edebiýata çekmek zerurdyr. Guraýan her bir sapagymyzda nusgawy edebiýatdan, okuw kitabyndan ýerlikli peýdalanýarys.

Orta mekdepleriň 9-njy synpynda edebiýat sapagynda Nurmuhammet Andalybyň ömri we döredijiligi öwredilýär. Andalyby okuwçylara türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz goýan akyldar hökmünde giňişleýin düşündirmek bolar. Onuň döredijiligini öwretmek üçin multimedia tagtasynda ýörite şekilleri ýerleşdirmeli. Şol şekilleri Andalybyň suraty, ýaşan ýyllary, ýazan dessanlary ýaly birnäçe ugurlara bölmek bolar. Bu ugurlar okuwçylaryň multimedia tagtasynda öwrenmek höwesiniň has-da ösdürilmegi üçin gerekdir. Mugallym okuw kitabyndan we multimedia tagtasyndan peýdalanyp, okuwçylara sapagy düşündirýär. Okuwçylaryň hem giňişleýin görmek we diňlemek arkaly gyzyklanmalary artýar, olar her bir aýdylýan maglumatlary ýatda saklamaga çalyşýarlar. Bu bolsa mugallymyň sapagy geçişiniň döwrebaplygy, gyzykly gürrüň bermegi bilen baglanyşyklydyr.

Türkmen edebiýatynyň taryhynda Nurmuhammet Andalybyň uly yz goýandygyny ýazan köpsanly dessanlaryndan hem görmek bolýar. «Ýusup-Züleýha», «Leýli-Mežnun», «Babaröwşen» ýaly ençeme dessanlar Andalybyň galamynyň astynda işlenildi. Şeýle hem «Jykyr» goşgusy hakynda durup geçmek gerek. Bu goşgy türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, ekerançylyk medeniýetini düşündirmek üçin hem zerurdyr. Okuwçylar şeýle äheňli goşgularyň üsti bilen halkymyzyň taryhyna, däp-dessuryna belent sarpa bilen garaýarlar. Şonuň üçin hem sapakda bu goşgyny okap berýärin, onuň many-mazmunyny okuwçylara düşündirýärin. Çünki bu şygyrda dilimizde arhaizmleşen (könelişen) birnäçe sözlere gabat gelmek bolýar. Bu bolsa okuwçylary has-da gyzyklandyrýar, dilimizdäki sözleriň manysyny, etimologiýasyny öwrenmäge gyzyklanmalary artýar. «Jykyr» goşgusyny we bu goşgudaky arhaizmleşen sözleri multimedia tagtasynda görkezýärin hem-de okuwçylar bilen sorag-jogap guraýarys. Şeýle sorag-jogaplar arkaly okuwçylaryň gyzyklanmasyny görmek bolýar.

Türkmen halkynyň geçmiş taryhyny dikeltmekde söz ussatlarymyzyň eserlerindäki maglumatlar ygtybarly çeşme bolup gelýär. Şonuň ýaly-da, edebiýat dersinde ýüze çykýan ol ýa-da beýleki sowallary okuwçylara takyk we ynamly düşündirmekde taryh dersindäki maglumatlara ýüz tutmaly bolýar. Men edebiýat mugallymy hökmünde Nurmuhammet Andalybyň «Jykyr» goşgusy geçilýän döwürde muňa iş tejribämde has anyk göz ýetirdim. Goşgynyň üsti bilen ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetine goşan goşandyny wagyz etmek bolýar. Bu goşguda türkmenleriň ekin ekmek, ýerleri suwlandyrmak boýunça döreden usullary gürrüň berilýär.

Aslyýetinde, edebiýat sapagyndaky birnäçe temalar taryh dersi bilen baglanyşykly. «Jykyr» goşgusy okuwçylaryň taryh sapagyna bolan gyzyklanmasyny hem artdyrýar. Goşgynyň dili çylşyrymly, onda okuwçylara düşnüksiz bolan sözler köp. Şeýledigine garamazdan, mugallym sapak wagtynda «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden» peýdalansa, düşnüksiz bolan sözleri elipbiý boýunça okuwçylara tapmak öwredilse, okuw sapagynyň gyzykly geçmegine uly täsir eder. Bu bolsa okuwça, birinjiden, sözlük bilen işlemegiň düzgünlerini öwredýär. Ikinjiden, okuwçy kitap bilen özbaşdak işlemegiň gyzyklydygyna göz ýetirýär. Üçünjiden bolsa, goşgynyň mazmunyny doly özleşdirmäge kömek edýär. Bu goşgynyň mazmunyny özleşdiren okuwçyda Watana bolan söýgi döreýär, buýsanç artýar.

Sapagyň ahyrynda okuwçylara ýumuş tabşyrýaryn, Nurmuhammet Andalybyň ýazan dessanlaryny öwrenmegi, okamagy tabşyrmak bilen, olaryň bu ugry çuňňur öwrenmeklerini üpjün edýärin. Munuň özi olaryň edebiýat sapagyna işjeň gatnaşmagyna ýardam edýär.

Abadan SATYBALDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini
çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
87-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 19.02.2024

Tmpedagog