19.01.2023 Pedagogika139 .

Terbiýe hem pedagogik düşünjedir


Mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ alyp barýan terbiýeçilik işleriniñ ähmiýeti möhüm hem-de jogapkärlidir. Şoña görä-de milli terbiýe ulgamynyñ kadalaryna we döwrebap usulyýete esaslanyp körpe nesillere berilýän bilim işi bilen terbiýeçilik ulgamy sazlaşykly, biri-birinden aýrylmaz bitewiligi emele getirýär.

 Ýeri gelende pedagogikanyñ terbiýeçilik ulgamynda çagalaryň aňynda ahlaklylyk, zähmetsöýüjilik, gözellik düşünjelerini emele getirmek göz öňünde tutulandygyny bellemeli. Geçirilýän her bir terbiýeçilik işinde usulyýetiñ soñky gazananlary peýdalanylanda maksadalaýykdyr.

 Ýaş nesli terbiýelemek arkaly olarda hakyky watançylyk duýgularyny oýarmak terbiýeçiniň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalary terbiýelemäge hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir. Çünki olar akyl, ahlak taýdan indi ösüp barýarlar hem-de kämilleşýärler. Olaryñ gözellik düşünjelerine eýe bolup, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişmekleri möhüm şertdir.

 Bilşimiz ýaly, pedagogika ylmy ösüp gelýän ýaşlary okatmagyň we terbiýelemegiň ylmy esaslaryny döwrebap öwredýän ylym hasaplanýar. Hut şonuñ üçin hem körpelere berilýän terbiýe köptaraplaýyn bolmalydygy nygtalýar. Olaryñ terbiýesinde diñe edep, añ we akyl däl, eýem beden taýdan berk, sagdyn we ukyply kemala gelmekleri hem gazanylmaly.

 Häzirki wagtda pedagogika ylmynyň öňde goýýan esasy maksady ýurdumyzyň Garaşşyzlygynyň mazmunyna gowy düşünýän, ony gorap saklaýan, Watanyň ösmegine, özgermegine öz goşandyny goşýan, edepli-ekramly, sowatly, bilimli, Türkmenistan Watanyny jany-teni bilen söýýän ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Şonuñ üçin hem milli bilim terbiýeçilik ulgamynyñ döwrebaplaşdyrylmagyna, alnyp barylýan işleriñ hil we mazmun taýdan ýokary derejesiniñ gazanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Nabat Aşyrowa,
Baýramaly şäheriniñ 6-nji çagalar bakja-bagynyñ müdiri.



Tmpedagog