06.02.2024 Pedagogika310 .

Sapakdan daşary çäreleriň ähmiýeti


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler, öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olara döwrebap bilim-terbiýe bermekde bilim ojaklaryna ornaşdyrylan kompýuterler, multimedia tagtalary ýaly döwrebap sanly bilim tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylýar.

Çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olaryň Watana wepalylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ahlak sypatlaryny ösdürmekde tejribeli mugallymlar geçirilýän sapaklaryň, synpdan daşary çäreleriň usulyýetini kämilleşdirmek arkaly dürli täsirli usullardan giňden peýdalanýarlar. Başlangyç synplarda çagalara berilýän bilim-terbiýe amaly usullaryň üsti bilen utgaşdyrylanda, ol islendik temanyň çagalaryň aňyna çuňňur ornaşmagyna, ýatda galyjylygyna örän oňyn täsir edýär.

Dürli görkezme esbaplardyr tehniki serişdelerden peýdalanyp geçilýän ders sapaklarynyň ýokary netijeli bolşy ýaly, synp sagatlarynda hem tema degişli bolan edebiýatlardan peýdalanmak ýa-da çagalary açyk tebigata çykarmak bilen tebigatdaky tema degişli bolan zatlar bilen hakyky görnüşde tanyşdyrmak arkaly gürrüň bermek, geçilýän tema bilen baglanyşykly gezelençleri guramak ýaly çäreler sapagy çuňňur özleşdirmekde, okuwçylaryň watanperwerlik duýgularyny ýokarlandyrmakda örän ähmiýetli bolýar.

Ýakynda biz synp sagadynyň meýilnamasyna laýyklykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» atly tema boýunça geçilenleri giňişleýin özleşdirip berkitmek, çagalaryň watansöýüjilik, bilesigelijilik duýgularyny ýokarlandyrmak maksady bilen sapagy synpdan daşary çäre bilen utgaşdyryp, Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guradyk. Gezelenjiň dowamynda çagalar taryhymyza, medeniýetimize, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne degişli bolan baý we täsin nusgalardyr diwarlyklar bilen tanyşdylar. Muzeýiň Maýa Durdyýewa, Jennet Çaňňyýewa ýaly tejribeli işgärleri bolsa Garaşsyzlyk ýyllary içinde mähriban ýurdumyzda gurlan ajaýyp binalaryň, desgalaryň suratlary bilen giňişleýin tanyşdyryp, okuwçylara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyzda gazanylan ösüşler, özgerişler, ýetilen belent sepgitler, Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde alnyp barylýan bimöçber işler barada täsirli gürrüň berdiler.

Tuwakgül HAJYÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
15-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 05.02.2024

Tmpedagog