06.02.2024 Pedagogika86 .

Döredijilikli zähmet — oňyn netije (Fizika)


Milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň, şol sanda bilim ulgamynyň öňünde möhüm wezipeler goýulýar. Bilim ulgamynyň esasy wezipesi bilimli, terbiýeli, ösen aň-düşünjeli, sagdyn, ynsanperwer, zähmetsöýer ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Elbetde, bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi, ilkinji nobatda, mugallymlara baglydyr.

Häzirki zaman döwrebap bilim edaralarynyň gurulmagy, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, ylmy taýdan esaslandyrylan okuw kitaplarynyň neşir edilmegi mugallymlara öz öňlerinde goýlan belent wezipelere ýetmäge giň mümkinçilik döredýär.

Döwrüň, durmuşyň ösmegi bilen bilim ulgamynyň, mugallymlaryň öňünde goýulýan wezipeler hem ýokarlanýar. Bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirijileriň, ilkinji nobatda, mugallymlardygyny nazara alanymyzda, munuň özi bizden, ýagny mugallymlardan has-da tutanýerli, döredijilikli işlemegi, okadýan sapaklarymyzyň talabalaýyk bolmagyny gazanmagy talap edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ösdürmek boýunça kabul edýän çözgütleri, durmuşa geçirýän beýik işleri, berýän maslahatlary we öňde goýýan jogapkärli wezipeleri mugallymlary döredijilikli zähmete ruhlandyrýar, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga borçly edýär.

Mekdep mugallymynyň esasy işi okuw sapagydyr. Şunuň bilen baglylykda, onuň esasy borjy sapagyny talabalaýyk guramak we geçmek arkaly, okadýan dersini, geçýän her bir temasyny okuwçylaryň özleşdirmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, biz okatmagyň häzirki zaman usullaryndan, okuw-görkezme esbaplardan netijeli peýdalanyp, okadýan okuw dersimiz boýunça okuw maksatnamalarynyň özleşdirilmegini gazanýarys. Şeýle hem sapak ýazgylarymyzy degişli görkezijileriň talaplaryna laýyklykda taýýarlaýarys. Sapagyň dowamynda sanly serişdelerden, okuw-görkezme esbaplardan, degişli gollanmalardan netijeli peýdalanýarys. Sapakda dersara baglanyşyga, sapagyň durmuş bilen baglanyşygyna uly ähmiýet berýäris. Bularyň hemmesi ol ýa-da beýleki tema geçilende, öňde goýan maksadymyza ýetmäge mümkinçilik berýär.

Fizika dersinde okuwçylara meseleleri çözdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Meseläni dürli usullar bilen çözmegi öwretmek okuwçylaryň tankydy pikirlenmek başarnyklaryny ösdürýär. Okuwçylaryň fizika boýunça bilimleriniň we başarnyklarynyň derejesini, derňew alyp barmak ukybyny, fizikany öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýandygy üçin meseläni dürli usullar bilen çözdürmegiň ähmiýeti uludyr.

Okuwçylara şol bir meseläni dürli usullar bilen çözdürmek arkaly, olarda tankydy pikirlenmek başarnygyny kemala getirmäge we ösdürmäge ýardam edýän aşakdaky maksatlary amala aşyryp bolar:

— Fizika bilen himiýanyň arasyndaky dersara baglanyşygy ýüze çykarmak.

— Alnan bilimleri umumylaşdyrmaga we ulgamlaşdyrmaga, dürli nazary maglumatlaryň arasyndaky baglanyşygy anyklamaga mümkinçilik döretmek.

— Meseleleriň belli bir görnüşini çözmek üçin kesgitli usuly ulanmagyň mazmunyna, onuň aýratynlyklaryna, artykmaçlyklaryna we kemçiliklerine düşünmeklige ýardam etmek.

— Okuwçylar meseleleri çözenlerinde, bir usuly ulanmakda kynçylyk çekenlerinde, beýleki usula geçip biler ýaly, olara meseleleri çözmegiň dürli usullaryny öwretmek.

— Anyk meseläni çözende, bir usulyň oňaýlydygyny, netijelidigini, beýleki biriniň bolsa oňaýsyzdygyny, käbir halatlarda bolsa, ýalňyş netijä alyp barmagynyň mümkindigini okuwçylara düşündirmek.

Okadylýan sapagyň, geçilýän temanyň okuwçylar tarapyndan özleşdirilmegini gazanmak mugallymlara bildirilýän talapdyr, olaryň öňünde durýan borçdur. Bu bolsa biziň her birimizden döredijilikli zähmeti talap edýär.

Maýsa TAŞNEPEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 114-nji orta mekdebiň fizika mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 05.02.2024

Tmpedagog