25.01.2024 Pedagogika158 .

Gurnaklaryň işini guramagyň ýollary


Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili barha kämilleşýär, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy tejribelerini, usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerine yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ulgamda degişli döwlet resminamalary kabul edilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk derejelere ýetirmek döwrüň talabydyr. Şol esasda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw maksatnamalary «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» boýunça alnyp barylýar.

Bu maksatnamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary mekdebe taýýarlamakda, olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmakda we ösdürmekde okuwdan daşary goşmaça bilim bermek (çeper döredijilik we ösdüriji gurnaklar) işini ýola goýmak hem göz öňünde tutulandyr. Çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine esasy bilim bilen birlikde, gurnak işleri hem öz täsirini ýetirýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hereket edýän gurnaklaryň dürli görnüşleri işimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gurnaklaryň dürlüligine garamazdan, olaryň maksatlary we iş usullary birmeňzeşdir. Çagalar bagynda gurnak işleriniň dogry guralmagy körpelere peýdaly endikleri we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam edýär. Çagalar bagyndaky gurnaklar körpeleriň gyzyklanmasy we olaryň ata-eneleriniň islegleri boýunça döredilýär. Olar çagalar bagyndaky goşmaça bilim işlerine degişli bolýar. Gurnaklaryň üsti bilen çaga goşmaça bilim berilýär we gyzyklanýan ugrunda belli bir endik ösdürilýär. Munda çagalar köpçülikde özlerini medeniýetli alyp barmagy öwrenýär, olaryň döredijilige bolan ukyby artýar.

Has takygy, çagalar bakja-baglarynda şekillendiriş sungaty boýunça döredilen gurnaklar körpeleriň ýatkeşligini, ünsüni, pikirlenme, göz öňüne getirme endiklerini ösdürýär. Uly toparyň körpelerine deň-duşlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak sazlaşykly şahsyýetiň kemala gelmegine esas bolup durýar. Köpçülikde zähmet endiklerine ugrukmak arkaly körpeler biri-biriniň gyzyklanmalaryny synlamagy öwrenýärler.

Gurnaklara terbiýeçi-usulyýetçi ýolbaşçylyk edýär. Terbiýeçi ýa-da mugallym hem gurnak sapagyny wagt mümkinçiligine laýyklykda kiçi toparlara bölüp geçirip biler.

Okuw ýylynda gurnaklar boýunça sapaklar 1-nji oktýabrdan başlap, 25-nji maýa çenli dowam edýär. Gurnak sapaklary toparlaryň sanyna laýyklykda, hepdede 1-2 gezek geçirilip, günüň ikinji ýarymynda ýa-da çagalar bagynyň ýagdaýyna görä alnyp barylýar. Sapagyň dowamlylygy çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, 20-30 minut göz öňünde tutulýar, ýagny 4-5 ýaşly çaga üçin 20-25, 5-6 ýaşly çaga üçin 25-30 minut bolup biler.

Çaganyň aýdym-saz başarnygy aýdym aýtmakda, tans hereketlerini görkezip bilmek ukybynda açylyp görkezilýär.

Sazly oýunlaryň öz ýerine ýetiriliş düzgünleri bolup, ol umumy terbiýeçilik häsiýetine eýedir. Sazly oýunlar saz bilen hereketiň sazlaşygy esasynda ýerine ýetirilmelidir. Oýunlaryň temasy haýwanlar, tebigat, daş-töwerek bilen baglanyşykly bolmaly. Olara milli oýunlar hem degişlidir.

Çagalaryň sazyň tizligine, dinamikasyna düşünip kabul edip bilmekleri hem hereketleriň çeper ýerine ýetirilmegine getirýär. Özbaşdak öwrenip, hereketleri dogry, köpçülikleýin, talabalaýyk ýerine ýetirmegiň tansyň çeper çykmagynda ähmiýeti uludyr.

Sungat görnüşleriniň üstünde köp işlemek bilen, çagalaryň saz döredijiligini artdyryp bolar. Her bir saz görnüşlerini çeper keşpde ýerine ýetirmegi öwretmek üçin terbiýeçiniň we saz mugallymynyň özlerinde artistlik ukyby, emosionallyk bolmalydyr. Şeýle ýolbaşçylaryň öwreden tanslarynda, aýdymlarynda çeperçiligi görüp, ol çykyşlardan lezzet alyp bolar.

Terbiýeçi kompýuteriň, multimedianyň kömegi arkaly hem çagalara saz bilen baglanyşykly filmleri, işleri görkezip biler. Çagalar baglarynda çagalaryň doglan günleri bellenilýär, şeýle günlerde tanslary ýerine ýetirtmek, özbaşdak aýdym aýtdyrmak, saz çaldyrmak ýerlikli bolar. Çagalar öz dostlary üçin aýdym aýdyp, tans edip berýärler. Bularyň hemmesi diňe bir çagalaryň saz endiklerini ösdürmän, eýsem, olarda dostluk häsiýetlerini hem terbiýeleýär.

Gülälek NIÝAZDURDYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 24.01.2024

Tmpedagog