22.01.2024 Pedagogika155 .

Dürs ýazuw endiklerini ösdürmekde sözlük diktantlarynyň ähmiýeti


Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Olary döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, kämil hünärmenler edip ýetişdirmekde bilim işgärlerine giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň ene dilimizde dogry hem-de dürs gepläp we ýazyp bilmegi sowatlylyk derejesiniň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Okuwçynyň türkmen edebi diliniň orfografik kadalaryna laýyklykda dürs ýazyp bilmegini üpjün etmek işinde möhüm orun başlangyç synplardan soňra, türkmen dili mugallymlaryna degişlidir. Bu işi amal etmekde mugallym dürli usullardan peýdalanyp biler. Ilkinji nobatda, iş depderlerini talabalaýyk, wagtly-wagtynda barlamak we her bir okuwçynyň goýberen ýalňyşlarynyň üstünde aýratynlykda durup geçmäge çalyşmak zerur. Ýalňyş ýazylan sözi dogry görnüşinde synp tagtasynda düşümde, ýöňkemede üýtgetdirmek, şol sözi ulanyp, birnäçe sözlemleri düzdürmek, ähli ýalňyşlary ulanyp, tekst düzmegi goşmaça ýumuş hökmünde öýe tabşyrmak netijeli usuldyr. Şeýle netijeli usullaryň ýene biri hem sözlük diktantlaryny ýazdyrmakdyr. Bu usul örän köp okuwçylarda dürs ýazuw endiklerini kemala getirmekde oňat netije berýär.

Alymlaryň bellemegine görä, adamda ýatda saklamagyň dürli görnüşleri bolup, olara görüş, eşidiş, duýuş, ys alyş arkaly ýatda saklamak we beýlekiler degişlidir. Her bir adamyň aň we fiziki ösüşine, aýratynlyklaryna baglylykda, bu görnüşleriň biri ýa-da birnäçesi ýokary derejede ösen bolýar.

Okadylýan synpda okuwçylaryň ýatda saklaýşynyň näderejededigini gysga wagtlaýyn seljermek netijesinde ýa-da käbir ýeňil we gyzykly ýumuşlary hödürlemek arkaly anyklamak mümkin. Şeýle ýumuşlara interaktiw tagtada suratlary hödürlemek we olary bellenen wagtdan soň ýatdan aýtdyrmak, nätanyş adamlaryň suratlaryny hödürläp, atlandyryp, soňra olary atlandyrmagy tabşyrmak we beýleki mysallary getirmek bolar. Ýumuş berlende şol bir ýumşy üç okuwçydan artygyna hödürlemeli däl, her okuwça aýratyn ýumuş taýýarlanylsa, has anyk netije almak mümkin.

Sözlük diktantlary hödürlenende, okuwçylaryň köp ýalňyş ýazýan sözlerini saýlamaga çalyşmaly. Ýazdyrmak üçin sözler saýlananda, synpda öwrenilen dürs ýazuw kadalarynyň çäginden çykmaly däldir. Munda öňki synplarda geçilen kadalary hem gözden salmaly däl. Saýlanylýan sözler synpyň umumy bilim derejesine we ýaş aýratynlyklaryna laýyk bolmalydyr. Sözlük diktantlaryny söz görnüşinde we söz düzümi görnüşinde ýazdyrmak mümkin. Okuw meýilnamasyna laýyklykda, ol 8-nji synpa çenli söz görnüşinde, 8-nji synpda söz düzümi barada düşünje berlenden soňra, söz düzümi görnüşinde hem ýazdyrylyp bilner. Sözlük diktantlaryny şeýle görnüşde ýazdyrmak okuwçynyň dürs ýazuw endikleri bilen birlikde, sözleýşini ösdürmäge we söz düzümi barada düşünjelerini berkitmäge kömek edýär. Sözlük diktantlaryny hödürlemekde dürs ýazuw kadalarynyň ählisinden sözleri garyşdyryp ulanmak maksadalaýykdyr. Bu okuwçynyň haýsy ýazuw kadasyny öwrenmekde kynçylyk çekýänligini bilmäge kömek edýär. H.Babakulowyň «Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Sözlük diktanty — munuň özi her bir sözüň üstünde aýratyn işlemek diýildigidir. Olar haýsy sözler?! Okuwçylaryň ýazuw işlerinde ýalňyş ýazylyp, olaryň şahsy sözlüklerine, mugallymyň hasabat kitabyna düşen sözlerdir».

Mekdep tejribesinde sözlük diktantlaryny 5-nji synpda okuw ýylynyň ikinji ýarymyndan başlap ýazdyrmak maslahat berilýär. Şol döwre çenli okuwçylar başlangyç synpdan ýokary synpa öwrenişmek döwrüni başdan geçirýärler. Şondan soňra sözlük diktantlaryny ýygy-ýygydan ýazdyrmaga ýykgyn etmeli. Sebäbi kiçi synplarda okuwçylaryň köp bölegi dürs ýazuw kadasyny ýat tutsa-da, olara amal etmekde kynçylyk çekmegi mümkin. Sözlük diktanty ýygy-ýygydan ýazdyrylsa, sözler okuwçynyň gözünde galýar we netijede, synpyň okuwçylarynyň kadanyň manysyna düşünýänçä dogry we dürs ýazmagyny gazanyp bolýar. Edebi dilimiziň sözlerini dürs ýazmak bolsa, onuň gymmatyny saklamakda, geljek nesillere doly bahaly ýetirmekde möhüm orna eýedir.

Bägül GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
52-nji orta mekdebiň mugallymy

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 22.01.2024

Tmpedagog