22.01.2024 Pedagogika200 .

Edebi sözleýiş dilini öwretmegiň usullary


Edebiýaty okatmakda okuwçylaryň dogry sözlemek hem-de dürs ýazuw endiklerini ösdürmek esasy wezipeleriň biridir. Şonuň üçin her bir türkmen dili we edebiýat mugallymy okuwçynyň öz düşünjesini, dünýägaraýşyny edebi dilde dogry, düşnükli aýdyp bilmegini, oý-pikirini ýazuwda özbaşdak beýan etmegi başarmagyny gazanmalydyr.

Bäşinji synpdan başlap, edebiýaty okatmak, öwretmek bilen baglylykda geçirilýän ýazuw işleriniň şular ýaly görnüşleri bar:

— Ýatdan ýazmak;
— Soraglara ýazuw üsti bilen jogap bermek;
— Beýannama;
— Düzme.

Ýatdan ýazmak — bu eseri ýa-da eserden bölegi ýat tutmak bilen baglanyşykly bolýar. Ýatdan ýazmak okuwçynyň ýatkeşligini ösdürýär, sözleýiş medeniýetini baýlaşdyrýar, labyzly, çeper edýär.

Soraglara ýazuw üsti bilen jogap bermek edebiýat boýunça okuwçylarda söze aýawly garamagy, öz pikiriňi aňlatmak üçin degişli sözleri we söz düzümlerini saýlap bilmegi, sözlemleri dogry düzmegi öwredýär.

Beýannama ýazuw işleriň bir görnüşi bolup, okuwçylaryň pikirleniş, sözleýiş endiklerini ösdürmäge, olara sözlemleri dogry düzmäge kömek edýär.

Düzme okuwçylaryň döredijilik ukybyny, özbaşdak oýlanmak, pikirlenmek, oý-pikirini ýazuw üsti bilen beýan etmek başarnygyny ösdürýär.

Soraglara ýazuw üsti bilen jogap bermek işi geçirilende okuwçylara öwrenilen tema barada soraglar berilýär. Meselem, V synpda nakyllar barada tema geçilenden soň sözleýiş dilini ösdürmek sapagynda şu soraglary ulanýaryn:

— Nakyllar diýlip nämä aýdylýar?
— Nakyllar nähili döredilýär?
— Olar nähili manylarda bolýarlar?
— Nakyllaryň nähili ähmiýeti bar?
— Ylym-bilim barada nähili nakyllary bilýärsiňiz?

Okuwçylaryň bu soraglara dogry, dürs jogap ýazmaklaryny gazanmaga çalyşýaryn. Sapagy berkitmek boýunça interaktiw tagtada nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini görkezip, şoňa ugurdaş türkmen halk nakyllaryny ýazmagy tabşyrýaryn. Okuwçylar ýazyp bolanlaryndan soňra ýene interaktiw tagtada şahyryň goşgy setirlerini we türkmen halk nakyllaryny görkezýärin. Şeýle usul okuwçylar üçin has gyzykly, täsirli bolýar, olaryň ýatkeşligini, pikirleniş ukybyny, bilesigelijiligini artdyrýar.

Okuwçylaryň edebiýatdan berilýän soraglara ýazuw üsti bilen jogap ýazmagy olaryň beýannama we düzme ýazmak endiklerini kämilleşdirýär, döredijilikli ýazuw işleriniň mazmunly, sowatly bolmagyna ýardam edýär.

Bilim işgärlerine döredijilikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülşat DAŇATAROWA,
Gyzylarbat etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
19-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 22.01.2024

Tmpedagog