17.01.2024 Pedagogika254 .

Terbiýeçilik sagatlarynyň möhüm ugurlary


Umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň bilimini terbiýe bilen utgaşdyryp öwretmek mugallymlaryň esasy wezipesidir. Çünki dana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, terbiýe gymmatlyklaryny özünde jemleýän bilim özgertmeleri dünýäniň ylym-bilim ulgamy bilen sazlaşykly ösdürilýär. Bu ugurda bolsa hemmetaraplaýyn kämil nesilleriň ýetişdirilmegi zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwrüň ösüşi bilen aýakdaş bolup, ýylyň-ýylyna giň gerim alýar. Bu işleriň guwandyryjy miweleri ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň görünýär. Çünki bilimiň bar ýerinde, bilimiň ösýän ýerinde ösüşiň boljagy şübhesizdir. Döwrüň şeýle ösüşlerini, gurlup ulanylmaga berilýän bilim ojaklaryny, olaryň ähmiýetini umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary özleriniň synp sapaklarynda we terbiýeçilik sagatlarynda okuwçylara wagyz-nesihatyň üsti bilen giňişleýin düşündirýärler. Multimedia tagtalarynda ýörite slaýd şekillerini taýýarlap, ýurdumyzyň ösüşleri bilen tanyşdyrýarys. Bilim özgertmeleri bilen baglanyşykly çekilen suratlar sergilerimizde goýulýar. Okuwçylar öz okaýan derslerine degişli ýörite diwarlyklary hem döredýärler. Mundan başga-da, mugallym halk döredijiliginiň eserlerini we çeper eserleri gollanma edinip biler. Has takygy, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly», «Kowusnama», «Wagzy-Azat» ýaly ajaýyp eserler, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlary nesil terbiýesinde gaýtalanmajak mirasdyr. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň eserleri hem perzentlerimize öwüt-nesihatlaryň üsti bilen türkmeniň milli terbiýesini bermegiň belent nusgasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň her birimiziň ýakyn gollanmamyz boldy. Ýaş nesliň mümkinçilikleriniň giňden açylmagy, olaryň ylymly-bilimli, terbiýeli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Has takygy, ýaşlaryň ýurduň ösüşine goşant goşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çünki çaganyň ýaşlykdan ýöriteleşip, ony saýlap aljak hünärine ugrukdyrmak, düşündirmek hem-de mynasyp terbiýelemek esasy ugurlaryň biridir. Şunda mugallymyň möhüm ornunyň bardygyny hem bellemek gerek. Mugallymyň öwretmegi, görkezmesi bilen çaga özünde ynamy terbiýeleýär, täze gözlegler bilen bolýar. Şonuň üçinem, mugallymlarymyz synpda we synpdan daşary çärelerde okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek ukyplarynyň döremegi bilen baglanyşykly işleri ýola goýýarlar. Bu işlerde mekdep mugallymlary okuwçylaryň ata-eneleri bilen hem sazlaşykly gatnaşyklary alyp barmagy başarýarlar. Netijede, birleşen tagallalar esasynda çaganyň boş wagtyny manyly geçirmegi gazanylýar. Bu bolsa mekdebimiziň mugallymlarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Maýa ÖWEZOWA,
Kaka etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 17.01.2024

Tmpedagog