17.01.2024 Pedagogika209 .

Fizikany öwretmekde sapak ýazgysynyň ähmiýeti


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdepleri döwrüň talabyna görä gurlup, olar döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

Fizika dersi boýunça hem okuwçylaryň hökmany özleşdirmeli okuw maglumatlarynyň möçberi-de barha artýar. Munuň üçin sapagyň her bir pursadyny mümkingadar netijeli peýdalanmak, okuwçylaryň gysga wagtda köp okuw maglumatlaryny özleşdirmeklerini gazanmak mugallymyň esasy wezipesi bolup durýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin her bir mugallymyň sapakda okatmagyň işjeň usullaryndan, multimedia tehnologiýalaryndan, bilimleri ulgamlaşdyrmaga we umumylaşdyrmaga ýardam berýän dürli tablisalardan, çyzgylardan we paýlama hem-de şekilli ýumuşlardan ýerlikli peýdalanmagy zerurdyr. Şeýle hem, fizikany ösen tehnikanyň we tehnologiýanyň talaplaryna laýyklykda okatmak mugallymdan okatmagyň usullaryny yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär.

Şu sebäpden, mugallym temanyň özleşdirilmegini gazanmak üçin okuw materialyny gowy düşündirmek bilen birlikde, okuwçylaryň özbaşdak işlemegini ýokarlandyrmalydyr. Şu ýerde mugallymyň taýýarlaýan giňişleýin we baý many-mazmunly sapak ýazgysynyň ähmiýeti has uludyr.

Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin 7-nji synpda fizikadan geçilýän «Tizlik. Tizligiň ölçeg birlikleri» atly temadan mysaly sapak ýazgysynyň taýýarlanyşy barada durup geçeliň.

7-nji synp üçin fizikadan okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylan mysaly sapak ýazgysynyň «Sapagyň temasy» bölüminde «Tizlik. Tizligiň ölçeg birlikleri» diýip ýazylýar.

Şu ýerde çagalara bilimiň terbiýe bilen bile berilmelidigi barada nygtamak isleýäris.

Okuwçylar tigriň, motosikletiň, awtomobiliň, uçaryň we otlynyň mysalynda tizlik diýilýän düşünje bilen gören-eşidenleriniň esasynda bellibir derejede tanyşdylar. 7-nji synpda bolsa çagalara tizlik, onuň kesgitlenişi we ölçeg birlikleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şol maksat bilen, ýokarda ady tutulan bölümiň «Bilim berijilik maksady» diýen bölümçesinde «Okuwçylara tizlik, onuň ölçeg birlikleri hem-de olaryň hasaplanyşy barada giňişleýin düşünje bermek» diýip ýazylýar.

Mugallymyň esasy wezipeleriniň biri-de, sapak düşündirende, okuwçylar bilen mesele çözende ýa-da laboratoriýa işini geçirende, olaryň ünsüni çekmegi we bir ýere jemlemegi başarmagydyr.

Şeýle hem mugallym geçilen temany berkidende we öý işini soranda okuwçynyň sözleýiş medeniýetine aýratyn üns berip, onuň gürlände sözlem düzüşine we adalgalary ýerbe-ýer ulanyşyna seljerme bermegi başarmalydyr.

Şonuň bilen birlikde, mugallym tizligi kesgitlemekde, geçilen ýoly yzygider nokatlar bilen bellemekde, geçilen ýoly ölçemekde, wagty hasaplamakda ünsli bolunmasa, dogry netije alyp bolmaýandygy, bular barada gürrüň edilende düşünjeler, adalgalar we sözler dogry aýdylmasa okuwçynyň sözleýşiniň manyly bolmaýandygy üçin sapak ýazgysynyň «Terbiýeçilik maksady» bölümçesinde «Tizligi, geçilen ýoly, oňa sarp edilen wagty kesgitlemekde, tizligiň ölçeg birliklerini getirip çykarmakda ünslüligi we fizikada sözleýiş medeniýetini terbiýelemek» diýip ýazmagy maslahat berýäris.

Täze temany düşündirmekde mugallymyň öňünde sapagyň haýsy görnüşinde temany düşündirjekdigi baradaky mesele ýüze çykýar. Sebäbi sapak ýazgysy sapagyň «Täze maglumatlary öwretmek», «Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek», «Gaýtalamak», «Bilimleri barlamak we bahalandyrmak», «Bäsleşik», «Leksiýa», «Garyşyk sapak» ýaly görnüşleriniň biri esasynda taýýarlanylýar.

Mugallym okuwçylaryň başlangyç synplarda matematika dersinde geçilen ýol, oňa sarp edilen wagt baradaky öwrenen ilkinji düşünjelerinden peýdalanyp, şolaryň esasynda hem tizlige degişli täze maglumatlaryň öwredilmelidigini göz öňünde tutup, «Sapagyň görnüşi» diýen bölüme «Täze maglumatlary öwretmek sapagy» diýip ýazýar.

Mugallym sapak ýazgysynyň «Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar» bölüminde: «Kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç, sekundomer» diýip ýazýar.

Soňra ol «Sapagyň gidişi» bölüminiň «Sapagyň guramaçylyk döwri» bölümçesinde «Salamlaşmak. Gatnaşygy barlamak we synp žurnalyna degişli bellik etmek. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny, okuw we ýazuw esbaplarynyň ýerbe-ýerligini barlamak» diýen ýaly mazmunly ýazgylary ýazmaly.

Mugallym sapagyň guramaçylyk döwründen soň okuwçylardan geçen sapakda öwrenilen tema we şonuň esasynda öýe berlen ýumuşlaryň ýerine ýetirilişini soraýar. Munuň üçin ol soraglaryň, ýumuşlaryň ýazgysyny öňünden taýýarlap, synp tagtasynda ýa-da interaktiw tagtada görkezmelidir.

Mugallym geçen sapakda öwrenilen tema boýunça soraglary «Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak» bölümçede:

1) Glisirinli gaba oklanan şarjagazyň hereketi nähili hereketiň mysaly?
2) Gönüçyzykly deňölçegli hereket näme?
3) Gönüçyzykly deňölçegsiz hereket näme? diýip ýazýar.

Soňra mugallym «Geçilen temany jemlemek» bölümçesinde gönüçyzykly deňölçegli we deňölçegsiz hereketleriň ölçelişi barada aýdyp, geçen gezekki temany jemleýär.

Ol «Tizlik. Tizligiň ölçeg birlikleri» atly düşündirjek täze temasyny ünsli okap, temany düşündirmegiň meýilnamasyny düzüp gelmelidir. Munuň özi mugallymdan öwretjek temasyny gowy özleşdirmegini talap edýär. Sebäbi temany ýeterlik özleşdirmeseň, ony gowy öwredip bolmaýandygy öz-özünden düşnüklidir.

Şonuň üçin hem mugallym «Täze temany düşündirmek” bölümçesinde temany düşündirmegiň aşakdaky ýaly mysaly meýilnamasyny düzüp biler:

1) Hereketiň çaltlygyny düşündirmek üçin tizlik diýilýän fiziki ululygyň ulanylyşy.
2) Jisimiň tizligi.
3) Geçilen ýol.
4) Herekete sarp edilen wagt.
5) Tizligiň ölçeg birligi we onuň ölçelişi.

Mugallym okuw kitabyndaky maglumatlary temany düşündirmegiň mysaly meýilnamasyna laýyklykda gysga görnüşde aşakdaky ýaly ýazyp biler:

1) Hereketiň çaltlygyny düşündirmek üçin tizlik diýilýän fiziki ululyk ulanylýar.
2) Jisimiň tizligi «ύ» harpy bilen bellenilýär.
3) Geçilen ýol «S» harpy bilen bellenilýär.
4) Herekete sarp edilen wagt «t» harpy bilen bellenilýär.
5) Tizligiň ölçeg birligi «1m/s» diýip ýazylyp, ol spidometr bilen ölçelýär.

Sapakda tizlige degişli taýýarlanylan okuw-görkezme esbaplary, şekilli ýumuşlary, tanyşdyryşlary ulanmak maksadalaýykdyr.

Şondan soňra mugallym sapak ýazgysynda Döwlet bilim standartyna laýyklykda temany öwretmek bilen, okuwçylaryň nämäni bilmelidigi we nämäni başarmalydygy barada anyk ýazmalydyr.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar:

— hereketiň tizligini kesgitlemek üçin geçilen ýoluň we sarp edilen wagtyň hereketiň tizligini kesgitlemek üçin gerekdigini;
— «geçilen ýol» sözüne derek, köplenç, «S» harpyň ulanylýandygyny;
— «sarp edilen wagt» diýen sözleriň ornuna, köplenç, «t» harpyň ulanylýandygyny;
— tizligiň wektor ululykdygyny bilmelidirler.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar:

— tizligi kesgitlemegi;
— geçilen ýoly we sarp edilen wagty hasaplamagy;
— tizligiň ölçeg birligini getirip çykarmagy başarmalydyrlar.

Täze temany berkitmek döwründe mugallym okuwçylaryň temany özleşdirmek bilen nämäni bilýändiklerini we nämäni başarýandyklaryny anyklamak üçin synp tagtasynda (interaktiw tagtada) soraglary we ýumuşlary taýýarlamalydyr.

Sapak ýazgysynyň «Täze temany berkitmek» bölümçesinde mugallym aşakdaky ýaly mysaly soraglary we ýumuşlary ýazyp biler:

1. Tizlik diýen fiziki ululyk nämäni häsiýetlendirýär?
2. Tizlik näme?
3. Tizligiň ölçeg birligi nämä deň?
4. Okuw kitabyndaky 3-nji gönükmeden 1-2-nji ýumuşlary ýerine ýetirmeli.

Bu bölümçäniň 1-3-nji soraglaryna berlen jogaplaryň üsti bilen geçilen tema boýunça okuwçylaryň nämäni bilýändigi, nämäni bilmeýändigi, 4-nji ýumuş boýunça bolsa nämäni başarýandygy we nämäni başarmaýandygy anyklanylýar.

Geçilen tema boýunça geçirilen sorag-jogap mugallymyň sapakda ulanan iş usullarynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň nähili netije berendigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Mugallym öýe iş tabşyranda okuwçylara öňki öwrenilen zerur düşünjeleri gaýtalamagyň täze temany özleşdirmäge kömek etjekdigini ýatladyp, munuň üçin zerur bolan ugrukdyryjy görkezmeleri we maslahatlary bermelidir.

Sapak ýazgysynyň «Öý işini tabşyrmak» bölümçesinde mugallym «Geçilen temany öwrenmek, şeýle hem okuw kitabyndaky 4-nji gönükmeden 2-nji ýumşy ýerine ýetirmek» diýip ýazyp biler.

Soňra mugallym sapagyň dowamynda okuwçylaryň dilden beren jogaplaryny, ýazuw üsti bilen ýerine ýetiren ýumuşlarynyň hilini göz öňünde tutup, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny bahalandyrmalydyr.

Şondan soňra mugallym sapak ýazgysynyň «Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak» bölümçesinde mysaly görnüşde aşakdaky ýaly ýazyp biler:

«Hereketiň çaltlygyny düşündirmek üçin tizlik diýilýän fiziki ululygyň ulanylýandygyny, geçilen ýoluň, hereket etmek üçin sarp edilen wagtyň tizligi hasaplamak üçin gerekdigini, «tizlik» sözüne derek «ϑ» harpynyň, «geçilen ýola» derek «S» harpynyň, «wagta» derek «t» harpynyň, tizligiň m/s-den başga-da, sm/s; km/sag; km/s ýaly goşmaça ölçeg birlikleriniň bardygyny aýdyp, temany jemlemek;

Soraglara dogry jogap berip, ýumuşlary ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşan okuwçylary bahalandyrmak».

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplardan, sanly serişdelerden, paýlama ýumuşlardan peýdalanyp ýazylan talabalaýyk sapak ýazgysy esasynda geçilen her bir sapak ýokary netijeli bolup, ol okuwçylaryň höwesini we gyzyklanmasyny artdyrar. Bu şeýle hem bolmalydyr. Sebäbi bilimden paýyny alan, aňly-bilimli, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek her bir mugallymyň mukaddes borjudyr.

Nurgeldi AŞYRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 17.01.2024

Tmpedagog