«Sähralara äkideýin men seni»
Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Mämmet Seýidow 1925-nji ýylyň 5-nji fewralynda eneden doglup, XX asyryň 50-nji ýyllarynda eserleri kitap bolup, il-ulsa ýaýraýar. Mämmet Seýidow diýlende, mekdep döwründe gulagymyzda galan «Kim günäli?» atly goşgy serimizde janlanýar:
Kowalady Arzygül,
Böküp gitdi pişijek.
Jamda duran gatygy
Döküp gitdi pişijek.
Elin çarpdy Arzygül:
«Ejem gelse görersiň.
Munuň üçin garagol,
Indi burçda durarsyň».
Gelip görse ejesi,
Halyň üsti zaýady.
Muny pişik etse-de,
Arzygüle käýedi.
Bu setirleri uly ýaşlylar hem oturydyr nokadyna çenli ýalňyşman gaýtalarlar. Şahyryň sadadan düşnükli, akgynly goşgulary aňyňa bir gezek okanyňda ornaýar. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa şeýle diýipdi: «Mämmet Seýidow diýlende, teşne topragy şirin suwy bilen gandyrýan akgynly çeşme göz öňüne gelýär. Onuň şirinden mylaýym, ýumşakdan ýakymly şygyrlaryny okadygyňça janyň şypa tapýar...».
Dogrudan-da, okadygyňça okasyň gelýän, ýüreklere teselli berýän goşgularda Watan söýgüsi, tebigat gözelligi, sähranyň keremli keşbi sözüň gudratly güýji bilen kalbyňy heýjana salýar.
Mekdepde okaýarkam edebiýat mugallymymyz: «Okuwçylar, Watany söýmegi, tebigata guwanmagy, mähriban enelere söýgini Mämmet Seýidowyň Garagumuň çägesi ýaly arassa goşgularyndan öwreniň!» diýerdi-de, ene barada şu goşgy setirlerini tolgundyryjy äheňde aýdyp bererdi:
Paý-pyýada geçip ýoly bu günem,
Şol tümmege başym egýärin ýenem.
Birje garyş ýerde giň älem ýatyr,
Ol meni jahana getiren enem.
«Eneli günler bagtly günler» diýilýär. Şahyr bu setirleri dünýämiziň bezegi, ömrümiziň manysy mähriban enelerimize bagyşlapdyr. Gurbandurdy Gurbansähedow öz goşgusynda enelerimizi dünýäniň görki, durky, berki, örki hasaplan bolsa, rubagyçy şahyr Mämmet Seýidow dört setirli rubagysy bilen eneleri tükeniksiz äleme deňeýär:
— Öňüňde baş egýän, eý, beýik alym,
Beýik alym, bar saňa bir sowalym:
Ýeriň dartyş güýji, enäniň mähri —
Haýsysy güýçlüdir, etmezmiň mälim?
— Alym bolup, kän kitaby sermedim,
Şondan başga zada ünsüm bermedim.
Çägin tapdyk Ýeriň çekiş güýjüniň,
Enäniň mähriniň çägin görmedim.
Tebigatyň diline düşünseň, ol ummasyz eser. Adamyň döredýän sazlarynyň ählisi diýen ýaly tebigatyň sesi. Şahyrlar, ýazyjylar tebigatyň dilini terjime edip, ony okyja hödürleýär. Mämmet Seýidow hem tebigat bilen iç döküşip, onuň derdini paýlaşyp, şatlananda şatlanyp, goşga geçiren şahyr. Onuň sähra gözelligini suratlandyrýan setirleri okyjyny köňül serginligine syýahata çagyrýar:
Ýör, synlaly çagalykdan söýdügim,
Bahar gyzyň hala salan öýdümin.
Baş temasy rubagymyň, beýdimiň,
Sähralara äkideýin men seni.
Şahyryň goşgularyny sähra çykyp, gaýtalap-gaýtalap, tebigat bilen ikiçäk okasaň, tebigat göýä öz sährasyna ýene-de gözellik goşaýjak ýaly. Mämmet Seýidow — Garagumuň aşygy. Şahyr türkmen sährasyna belet. Sährada ösýän dürli ösümlikler bilen bir hatarda haýwanlaryň dürli-dürli görnüşlerine çenli şahyryň goşgularynda gabat gelinýär:
Ýaz geldi ýene-de nuruny çaýyp,
Ah, gumlara gitsem, guşlar deý gaýyp,
Meniň üçin müň bägülden ajaýyp,
Sazaklaň, siňrenleň gülüniň ysy.
Mämmet Seýidow ömrüniň soňky ýyllarynda «Kerwen» powestini, şeýle-de «Kesearkaç» romanyny ýazypdyr. Bu iki taryhy eseri okanyňda, özüňi gahrymanlar bilen bile gezip ýören ýaly duýýarsyň. «Kerwen» powestinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Şirgazy medresesinden Garagumuň içi bilen kerwene goşulyp, öz dogduk obasyna gaýdyşy bilen baglanyşykly wakalar beýan edilýär.
«Kesearkaç» romanynda Ahal atly türkmen ýigidiniň serdar saýlanmagy bilen halkyň aladasy ugrunda öz Dorbedewine atlanyp, dürli kynçylyklardan baş alyp çykyşy beýan edilýär.
Mämmet Seýidow terjime işi bilenem meşgullanypdyr. Ol Ferdöwsiniň «Şanama» poemasynyň «Zal bilen Rudabe hakynda hekaýat» bölümini, A.S.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» eserini, M.Ý.Lermontowyň, gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň goşgularyny we Rajap Ubaýdyň, Ýuriý Rýabininiň eserlerini türkmen diline terjime edipdir.
Şahyryň ogly Akmyrat aganyň aýtmagyna görä, Mämmet Seýidowyň kiçijik iş otagy bolup, dynç günleri şol jaýyň märekesiz wagty bolmandyr. Onda edebiýatyň wekilleri, şahyryň dostlary we egindeşleri Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Arap Gurbanow, Saýlaw Myradow, Gurbanýaz Daşgynow, Anna Gurtgeldiýew, Kakaly Berdiýew, Atadurdy Gurbanow, Orazgeldi Ylýasow, Durdy Magtym ýaly ussatlar döredijilik söhbedini edipdirler.
Şahyryň ýüreginden çykan eserler Watana, enelere, tebigata bolan söýgimizi has-da artdyrýar. Biz ussat şahyrdan ata Watanymyzy, ene topragymyzy, barany saçakly garşylaýan ýaýlalarymyzy apalap söýmegi öwrenýäris.
Berdinazar DÖWLETOW,
Aşgabat şäherindäki 105-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 14.02.2025