17.02.2025 Gollanma286

Matematiki gurnaklaryň ähmiýeti


Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermekde bilim işgärleriniň öňünde aýdyň wezipeleri goýdy. Mekdep okuwçylarynyň çuňňur bilimli, kämil terbiýeli bolmalydygyndan ugur alyp, ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin ýaş nesli döwrebap okatmak wajyp meseledir. Munuň üçin diňe mekdep maksatnamasyndan daşary işleri yzygiderli gurap, ýaşlaryň dersler bolan gyzyklanmasyny artdyrmak möhümdir.

Matematikany öwrenmeklige has höwesli çagalar bilen biraz çuňlaşdyrylan işleri geçirmek üçin II-III synplardan başlap, matematiki gurnaklar geçirilýär. Matematiki gurnaklar aýda 2-3 gezek hemişelik kesgitli düzülen meýilnama esasynda okuwçylar bilen geçirilýär. Adatça gurnaklar bir mekdebiň ugurdaş synplaryň okuwçylary bilen ýa-da birnäçe mekdebiň okuwçylary bilen gurnalyp bilner. Haçan-da adaty durmuşda matematika hakynda gürrüň edilende köplenç diňe arifmetika göz öňünde tutulýar. Ene-atalar hem çagalarynyň matematiki ukyplaryny okuw kitaplarynda berilýän adaty mysallary çözüp bilişlerine görä bahalandyrýarlar. Matematiki gurnaklarda bolsa, logiki pikirlenmegi, döredijilik ukyplaryny ösdürmek bilen meşgullanylýar. Gurnak sapagynyň köp bölegi adaty däl meseleler, matematiki oýunlar, bäsleşikler we olimpiadalar düzýär.

Gurnak çagalara öz ukyplaryny açmaga kömek berýär we matematika bolan gyzyklanmany , matematika bilen baglanşykly derslere bolan höwesi döredýär Şeýle-de matematiki gurnak – matematika bilen gyzyklanýan çagalaryň özlerine birmeňzeş aň derejeli deň-duşlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp pursatdyr . Gurnak oňa gatnaşyjylaryň özlerine gyzyklanma boýunça dost tapynýan ýerine öwrülýär. Bu çagalaryň köp bölegi geljekde matematikany hünär hökmünde saýlap almasalar-da , bu ýerde öwrenilen maglumatlar olara mydama örän ähmiýetli kömekçi bolup durar. Matematikadan öwrenilen ukyplary beýleki kärleriň, hünärleriň ählisinde hem ynamly daýanç bolup hyzmat eder.

Maýsagül Myradowa,
Balkanabat şäherindäki Jebel şäherçesiniň
8-nji orta mekdebiniñ mugallymy.



Tmpedagog