17.02.2025 Gollanma314

Ylym-bilime ruhlandyrýan paýhasly setirler


Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilimiñ ösüşinde gazanylýan üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ bu babatda alyp barýan döwlet syýasatynyñ dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ ajaýyp eserleri ylym-bilim pudagynda döredilen uly mümkinçiliklerden peýdalanmaga ýaş nesli has-da höweslendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmeniñ döwletlilik ýörelgesi" eserinde ylym-bilimiň gymmady has hem şuglalanýar. Eseriñ "Iñ gymmatly miras terbiýe, terbiýäniñ özeni bolsa ylym-bilimdir" diýen çuññur manyly sözler bilen başlanýan "Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar" atly bölüminde getirilen rowaýatlardyr tymsallary okanyňyzda diñe ylym-bilime däl, durmuşa bolan garaýşy düýpli gözden geçirýärsiñiz. Bölümdäki ilkinji rowaýatda kakasynyñ ogluna: "Bilimiñ her zerresi altyn ahyry. Men seniñ mollañ ýekeje günki sapagyna elimde bolsa dünýe malyny bererdim" diýen sözleri ylmyñ gymmadyny añyñda has berk ornaşdyrýar. Ýeri gelende aýtsak eserde bellenişi ýaly, türkmençilikde gündelik durmuşyñ harajatlaryndan galan gazanjyňy ylym-bilime sarp etmek dogry hasap edilýär. Hakykatdan hem maddy baýlyk ebedi däl ahyry. Ruhy baýlygyñ bolsa bakydygyny biz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyñ mysalynda aýdyň görýäris. Onuñ asyrlar geçse-de bahasyny ýitirmejek bize goýan mirasy ebedidir. Bu bolsa, onuñ medreselerde alan ylmynyñ netijesidir. Akyldar şahyra Milli Liderimiziñ hem goýýan sarpasy uludyr. Gahryman Arkadagymyz eseriniň bu bölüminde-de Magtymguly Pyragynyñ şygyrýetine orun berýär we oňuň şeýle setirlerini mysal getirýär:

Häli hem bir pille ,eý adam ogly,
Alymlar kemelse, edep tapmaz sen.

Eserde ýazylan her bir jümläniň çuňňur manysy , özboluşly täsiri bar.
2024-nji ýylyň 25-nji maýynda Hormatly Prezidentimiziň tassyklan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämillleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda” hem bellenişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän kitaplaryndan ugur alyp, bilimi ösdürmek möhüm wezipeleriň biridir . Çünki onuň paýhas doly pikirleri berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ylym-bilimi özümize hemra edinip kämilleşmäge uly itergi berýär.

Maýsagül Myradowa,
Balkanabat şäherindäki Jebel şäherçesiniň
8-nji orta mekdebiniñ mugallymy.



Tmpedagog