17.05.2023 Gollanma71 .

Mugallymçylyga belent sarpa


Asylly hünärleriň biri mugallymçylykdyr. Şoňa görä-de, jemgyýetde şeýle käriň eýeleri bolan mugallymlardyr terbiýeçiler uly hormata mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mugallymlaryň bagtyýar döwrümize mynasyp şahsyýetleri kemala getirmek ugrunda çekýän asylly zähmetlerine uly ynam bildirilýär. Mugallymlar bu ynama jogap edip, netijeli zähmet çekýärler. Nesil terbiýesinde mugallymlaryň alyp barýan işleri biri-biri bilen baglydyr. Mugallym diýen ada eýe bolan her bir ynsan tutuş jemgyýetiň öňünde çagalaryň — okuwçylaryň sagdyn bedenli, belent ruhly we arassa ahlakly keşbini kemala getirmäge ata-eneler bilen deň derejede borçly adamdyr.

Şoňa görä-de, ýurdumyzda mugallymlar üçin bilimiňi, hünär derejäňi, tejribäňi artdyrmaga, täze usullary özleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalardan işjeň peýdalanmaga uly mümkinçilikler döredilýär.

Mugallymyň hünär kämilliginiň özeni onuň işine bolan ussatlygy hasaplanylýar, çünki yhlasly zähmetiň netijesinde pedagogik ussatlyga eýe bolunýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan işler bilim-terbiýeçilik ulgamynyň işiniň netijeliligine, okuwçylaryň gazanýan üstünliklerine oňyn täsirini ýetirýär. Bu günki günde ýurdumyzda mugallymçylyk hünärine eýe bolýan ýaşlar erjelligi bilen tapawutlanýar. Bu hünäriň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde döwrebap tejribeler toplanyp, okatmagyň işjeň usuly ornaşdyrylýar.

Bize, bilim işgärlerine öz tejribämizi artdyrmakda we kärimiziň talaplaryny dogry we dürs berjaý etmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri uly gollanma bolup durýar. Bu eserler diňe bir hünär gollanmamyz bolman, eýsem, durmuş ýolumyzyň hem şamçyragydyr.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere bilim-terbiýe bermäge, mugallymlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýna ÇARYÝEWA,
Mary şäherindäki 5-nji orta mekdebiň müdiriniň
okuw işleri boýunça orunbasary.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.05.2023

Tmpedagog