16.05.2023 Gollanma142

Goşa buýsanç-goşa baýram


 Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy döwrüň talaby, Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan döwlet ähmiýetli işleriniň özeni diýsek ýalňyş bolmaz. Bilşimiz ýaly, her bir hukuk döwletinde diňe bir ýaş nesliň däl, ähli raýatlaryň hukuk medeniýetiniň, düşünjesiniň ýokary derejede bolmagy ýurduň sazlaşykly ösmegine, tertip-düzgüniň gyşarnyksyz berjaý edilmägine uly täsir edýär. Hut şu sebäpli hem, Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwletimiziň her bir orta mekdepleridir, ýörüte orta we ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde diýen ýaly hukuk dersleri girizildi. Umumy terbiýäniň esasylarynyň biri bolup durýan hukuk terbiýesini ýaşlarda dogry kemala getirmek mugallymlaryň, degişli jemgyýetçilik guramlarynyň öňünde wezipe edilip goýuldy. Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşynda diýen ýaly ýaşlara ýüzlenende, olaryň ylymly-bilimli, giň syýasy we hukuk düşünjeli, terbiýeli, watansöýüji bolmagyny ündeýär.

 Her ýylyň 18-nji maýy Baş Kanunymyz-Konistitusiýanyň, döwlet nyşanymyz we buýsanjymyz bolan gözel Baýdagymyzyň günleri Watanymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýär. Konistitusiýa ýurduň esasy, baş kanuny bolmak bilen raýatlaryň, döwletimiziň çägindäki adamlaryň hukuklarynyň goragyny, ýurdyň bitewüligini, Bitaraplygy hukuk taýdan goraglygyny üpjün edýär. Konistitusiýa garşy gelýän hiç bir hukuk namalarynyň, kada-kanunlaryň ýuridiki güýji ýokdur.

 Asyrlaryň dowamynda gojaman taryhymyzda dünýäniň çar künjeginde uly-uly döwletleri guran ata-babalarymyz, nesilbaşymyz Oguz handan başlap, şu günlere çenli özleriniň Tugralaryny-baýdaklaryny döredipdirler. Tugra täze dörän döwletiň esasy nyşany bolup, onuň ýykylmagy döwletiň dargamagyny, parlap durmasy berkligi, birligi aňladypdyr. Nije asyrlyk döwletsizlikden soň täzeden Galkynan garaşsyz Türkmenistan Watanymyz pederlerimizden miras galan däp-dessuryna, milli gymmatlyklaryna esaslanyp özüniň ajaýyp döwlet Baýdagyny döretdi. Bu gün ol, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşlary döwründe ýurdumyzda, dünýäniň çar künjünde garaşsyz, berkarar döwletimiziň mizemez nyşany hökmünde buýsançly parlap dur. Goý, hemişe gözel tebigatymyz ýaly ýaşyl öwüsýän ajaýyp Baýdagymyz parlap dursun, Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-gün üçin edýän ähli döwletli işleri mydama rowaç alsyn!

Ogulkeýik AMANGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
psihologiýa-pedagogiki bilimi ugrunyň magistranty.



Tmpedagog