16.05.2023 Gollanma70 .

Gurt görkezmek — çarwa dessury


Aňyrsyna göz ýetmeýän takyr alada erginläp duran salgymyň içinde kä görnüp, kä ýitip, süýrgünortan goşumyza gelen Döwlet yzçyny ýolda garşylan Apat çopan, öň geplärine howlugyp: «Bimahal gelen çapardan, gizlin gurlan gapandan, dazlap gelýän sapandan gowulyga garaşma” diýseler-de, eýgilikdir-le hernä? Ýüzüňiz-gözüňiz-ä gowy” diýip gyssandy.

“GAZ-66” maşynyň nowasyna münüp: «Hany, Apat aga, gözüňem, eliňem giňiräk aç. Gurt getirdik göz edip. Gurt geldi — gut geldi” diýip, gatap giden iki sany möjek bilen bir sany sargyldyrak mahnet iti görkezdi. Apat çopandan «berekellasy” bilen üç öweji göteren myhmanlar beýleki çopanlara gurt görkezmäge gitdiler.

Agşamlyk «Okara doly gyzyl nar, hetdiň bolsa birin ýar” diýdirýän üýşmek ojaryň közüne bakyp, çaý içip otyrkak: «Adamlaram birhil-aý, utanman, maslyk görkezip, mal çöpläp ýör. Möjeg-ä düşnükli. Azan it diýmek näme? O nä möjekden gorkunçmy, ýa azan diýmek guduzlan diýmekmi?!” diýip, çopany gorjadym. Ol: «Awçy «gurdy göz etse”, janly bermek çarwa dessury. Gälä gelýän ene möjegiň yzyna düşüp gidýän ite azan, onuň enesi möjek, atasy it bolsa — azgyn, enesi it atasy möjek ýa syrtlan bolsa aldajy diýilýär, Gäle diýmegem... Goýun goça, düýe höwre, it ýala, eşek deme, sygyr buka, pişik mawa, doňuz kölä (batga), möjek gälä, kepjebaş sepe, durna jüpe... gelýär. Gurdam gälä gelen garrysyny sürüden kowýar, gurt garrysyny kowalar edip. Onsoň ene möjek goýun itleriniň iň daýawyny azdyryp, özüne çekýär. Enesiniň pirimine düşünýän gurtlar azany «ordabaşy” edinip, sürä çozýar. Içinde şeýle it bar orda sürini gaty zaýalaýar. Sebäbi it — dönük sürä belet, şoň üçin azan möjekden iki esse howply. Emma möjek bilen itden aňyrsy iki-üç aýdan emele gelýän üzit — azgyn azandan bäş esse howply” diýip, sözüne bir dyngy berdi.

Men çopanyň gürrüňiniň guýrugyny basdym: «Möjek näme, iki aý göterýärmi” diýdim. Apat aga gürrüňiň gutaranyny aňladyp, oýluga girip oturyşyna: «Gumlularda aýtgy bardyr belleseň. Düýe on iki, ýylky on, sygyr dokuz, dowar bäş, gurt iki, it üç, tilki bir, kuýan (towşan) bir” diýip, haýwanlaryň bogazlyk döwrüni sanady welin, bir akyldaryň: «Özge dili öwrenmäge alty aý ýeterlik, öz diliňi öwrenmäge bir ömür gerek” diýen ýazgysy ýadyma düşüp, ýylgyranymy duýman galdym.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 11.05.2023

Tmpedagog