14.05.2023 Gollanma469

«Myhman ataňdan uly»


Myhmanyň öz rysky, berekedi bilen gelýändigi hakyndaky yrym halkymyzyň myhmansöýerliginden habar berýär. Bu babatda «Myhman geler işikden, rysky geler tüýnükden» diýen nakyl bar. Türkmen aganyň myhmansöýerligine güwä geçýän pursatlaryň iň täsirlisi «Görogly» şadessanynda beýan edilýär. Onda Jygalybegiň Taňry myhmany bolup gelen kyrk galandara ýalňyz sygryny söwüş edişi hakynda gürrüň berilýär. Myhmanyň hormatyna janly soýup, söwüş etmegi halkymyz özlerine mertebe bilipdirler. Bu hakda halk hakydasynda galan rowaýatlaryň birinde şeýle gürrüň berilýär:

«Uzak ýoluň argynlygy basmarlan argyşçylar çarwa obasynda düşlemegi makul bilipdirler. Obanyň çetindäki öýüň golaýynda goş ýazdyryp, öýüň eýesini sorapdyrlar. Gelenleriň myhmandygyny aňan garry ene olara töre geçmegi mürähet edipdir. Olar öýde erkek adamyň ýokdugyny aňyp, ikirjiňlenip duran mahaly öňüne bir süri goýun-geçisini salyp bir ýaş ýigit ýetip gelipdir. Myhmanlara edep bilen salam beren ýigit olaryň habaryny alandan soň, bir janlyny öldürip, söwüş edipdir. Ertesi irden ýene bir janlynyň aýagyny güýlüp, damagyny çalmaga çemelenipdir.

— Haý, dur ýigit, heniz düýnki janlynyň eti hem iýlenok — diýip, argyşçylar ýerli-ýerden onuň eline ýapyşypdyrlar. Ol:

— Myhmany üstünden bir gün geçen et bilen hezzetlesek aýyp bolar — diýip, öz bilenini edipdir.

«Bu ýerde kän eglensek, ýigit sürüden çykar» diýip, myhmanlar dessine turmak bilen bolupdyrlar».

Pederlerimizden miras galan myhman almak dessury ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülipdir.

Gülşirin SAPAROWA,
Akdepe etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 11.05.2023

Tmpedagog