10.05.2023 Gollanma198

Sanly tehnologiýalar gujur-gaýratyň gözbaşy


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň halkara bilim giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyny üpjün edýär. Munuň özi ähli okuw dersleri bilen birlikde, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini hem öňde goýýar.

Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak umumybilim edaralarynda ýaşlaryň tebigy we takyk ylmy ugurlar boýunça dersleri kämil özleşdirmeklerini sazlaşykly üpjün edýän netijeli ulgamyň döredilmegini talap edýär. Şu möhüm wezipeleri çözmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu möhüm resminama umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlarynyň, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmeleriniň halkara ülňülerine laýyklygyny kesgitleýär.

Bulardan başga-da, Konsepsiýada okatmakda sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça mugallymlaryň başarnyklaryny ösdürmäge möhüm orun berilýär.

Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň esasy meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär. Şol meseleleriň sanawyna aşakdakylary goşmak bolar:

*Mekdep okuwçylaryny intellektual we aň ýetiriş taýdan bilim almak işine çekmek;
*Ýetişigi pes bolan okuwçylaryň durnukly bilim almaklaryny üpjün etmek;
*Ýokary ýetişik görkezýän okuwçylary öz wagtynda goldamak;
*Bilim beriji serişdeleriň mümkinçiligini artdyrmak.

Täze tehnologiýalara esaslanýan sanly bilim ulgamy okuw-terbiýeçilik işlerini dolandyrmakda we kämilleşdirmekde häzirki ösýän jemgyýetimizde uly hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Guwanç TOÝÇYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň magistranty.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 08.05.2023

Tmpedagog