Watan mukaddesligi
1941-1945-nji ýylyň Beýik Watançylyk urşunyň gutaranyna bir asyra gowrak wagt bolup gelýän hem bolsa, onuň adamzat kalbyna salan ýarasy entegem bitenok. Öz geçmiş taryhynda birnäçe elhenç uruşlary, gandöküşikli syýasy wakalary başdan geçiren türkmen halkymyzyň deňinden dünýäni sarsdyran bu jahan urşy hem sowulyp geçmedi. Watan bilen bagry badaşan ata-babalarymyz urşuň ilkinji günlerinden meýletin arzalary esasynda frontyň ýangynly ojaklaryna gidip, jan alyp, jan berdiler. Uruş ýyllarynda edermenligiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Kiçi serşant Gurban Durdy serhetçi hökmünde SSSR-iň serhetlerinde harby borjuny berjaý edýär, urşuň ilkinji zarbasyna duçar bolýar. Öz bölümçesini üstünlikli, gahrymanlarça dolandyryp, agyr ýaralananyna garamazdan söweşi dowam etdiren Gurban Durdy ilkinjileriň hatarynda Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolýar. Soňra Aýdogdy Tahyrow, Pena Rejepow, Täçmämmet Nyýazmämmedow we başgada birnäçe türkmenistanlylar bu ýokary derejeli adyň eýeleri bolmagy başardy. Başga-da birnäçe ordendir, medallara mynasyp bolan gerçeklerimiziň müňlerçesi ýat ülkelerde, özge toprakda Watan üçin janyny gurban edýär. Şahyr G. Ezizowyň:
“Diriler gezip ýör gysyp dişlerin,
Ölenleriň ölümine sebäpkär ýaly"
- diýip aýdyşy ýaly, şehit bolan bu merdana pederlerimiziň yzyndakylara, söweşdeş ýoldaşlaryna aýralyk ölümden-de agyr batýar.
Tyldaky ýagdaý söweş meýdanyndakydan ýeňil däldi. Gelin-gyzlar, çagalardyr garrylar nägehan urşuň tizden gutarmagy, ýakynlarynyň sag-aman dolanyp gelmegi üçin fronta elindäki iň soňkyja zatlaryna çenli kömek diýip tabşyrýardylar. Türkmen gelin-gyzlarynyň front üçin tabşyran altyn-kümüş şaý-sepleri 7392 kg diýip bellenilýär. Diňe Sadap Niýazowanyň özi Goranmak fonduna 60 müň manadyna bir top, Duşak oba sowetiniň başlygy Zallyk Hanow öz puluna bolsa tank ýasadyp söweş meýdanyna ýolladýarlar. Uludan-kiçi ähli daýhanlar, zawod-fabrikleriň işgärleri, hat-da çagalar tylda agyr zähmete, güzaply durmuşa sezewar bolýarlar. Uruş döwründe çagalar bolan hem bolsa, olaryň çagalyk döwri bolmady. Olar aldym-berdimli urşa giden atalaryň ornunda galdy. Muny çagalyk ýyllary şu aýylganç uruş döwrüne gabat gelen ussat ýazyjymyz B.Hudaýnazarowyň setirleri tassyklaýar:
"On bäş ýaşa ýetdik bahar çagynda
On altyny bolsa ogurlatdyk biz"
Tanymal halypa ýazyjymyz Atajan Taganyň "Uruş hatar gutarýar?" hekaýasy hakyky wakalara esaslanyp, uruş döwründe tylda galanlaryň, aýratyn hem Mamur enäniň ençe wagt bäri hat-habar gelmese-de, hat-da öldi habary aýdylsa hem ynanman, soňky demine çenli urşa gidip, gaýdyp gelmedik, ýekeje perzendiniň intizar ýoluna garaşmagy ussatlarça beýan edilýär. Ýangynly söweş meýdanyna ähli ogluny ugradyp biri hem dolanyp gelmedik ýa-da ýeke-täk perzendini hem elinden aldyran eneler, ýaňy durmuş gurup bagtly durmuşa ilkinji gadam basan gelinleriň ýoldaşlary, ilkinji perzendini görüp, kaka sözüni eşidip bilmedik atalar, kakasynyň "oglum" sözüni eşitmedik, onuň atalyk mährinden ganmadyk ogullar, gyzlar aýralygyň oduna bigünä ýandylar. Ýere gaçan jöwen dänelerini, meýdandaky bugdaý hoşalaryny towuk jüýjeleri diýen çöpläp iýen horja çagalar, perzentleri alaçsyz aç uklatjak bolýan hem-de indi dolanjagy nägümana ýoldaşyna umytly garaşýan gelinler gijedir-gündüz rahatlyk görmediler. Umuman, uruş hiç bir maşgalany aýap goýmady, frontdakylaryň tenine ýaran salan bolsa, tyldakylaryň kalbynda bitmejek yz goýupdy...
Häzirki wagtda parahat Watanymyzda bu Watançylyk urşuna gatnaşan, tylda zähmet çeken ähli uruş weteranlarynyň belent atlary dikeldilýär. 1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşuna gatnaşyp dolanyp gelmedik gerçekleriň atlary "Hatyra", ýeňiş bilen gaýdyp gelen gahrymanlaryň atlary-da "Şöhrat" kitabyna girizildi. Uruşda wepat bolanlar Milli Gahrymanlar diýlip atlandyryldy. Ýaňy-ýakynda Arkadagly Serdarymyz uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakynda Permana gol çekdi.
Watan, biziň ýagty geljegimiz üçin jany gurban eden pederlerimiz, tylda zähmet çeken merdana ene-mamalarymyz, ýaşuly neslimiz hiç haçan unudylmaýar!
Eneş DAŇATAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.