Hat gatnadyjynyň çeper keşbi
«Poçtalýon» sözi bize adaty bolmadyk söz ýaly bolup görünse-de, onuň asylky manysynda türkmen halkynyň taryhynda-da özboluşly orun alandygyny edebi we taryhy eserleriň mysalynda bilýäris. Halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda aşyk-magşuklaryň birek-birege durnalardan salam ýollamagy, soňraky döwürlerde kepderileriň kömegi bilen hat gatnadylandygy, çaparlaryň üsti bilen döwletara gatnaw binýadynyň berkidilendigi-de şaýatlyk edýär.
Islendik ýazyjydyr şahyr çeper döredijiligiň portret, dialog (gepleşik), monolog (içgepletme) ýaly çeperçilik serişdelerini gahrymanynyň häsiýetinde çeper beýan edýär. Ine, şahyr Halyl Kulyýewiň tutuş döredijiliginde mähribanlyk, parahatçylyga söýgi, geljege bolan beýik ynam, ruhubelentlik bar. Uruş hakda köp ýazmasa-da, döredijiligi bilen içgin tanşanyňda, şahyryň parahatçylygy, dünýäde agzybirligiň, jebisligiň hemme zatdan beýik durýandygyny, ýürekdeş gatnaşyklary gowy görendigini öz-özüňden duýýarsyň:
...Onda biziň ikimizem çagadyk,
Gülki bilen oýun bordy kärimiz.
Garagoldyk, şadyýandyk, sadadyk,
Söýmäge-de ýetişmändik häli biz.
Aşyk bolup ýörmesek-de gyzlara,
Aşygydyk şadyýanja guşlaryň.
...Ine, birden uruş turup jahanda,
Ýüreklere urdy sansyz neşderin.
Kimler ýitirýärdi howandaryny,
Kimseler ogluny, kimler ýaryny,
A biz bolsa poçtalýondyr öýderdik
Bu zatlaryň ýalňyz günäkärini.
Ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow üçin dogduk mekany, Garagumuň giň sährasy, depeleri, gollary, gum obasy we oba adamlary örän mähriban. Ýazyjy «Gumlular» romanynda gumlularyň häsiýetine, edim-gylymlaryna, endiklerine, däp-dessurlaryna, ruhy dünýäsine çuňdan düşünip, olaryň içki dünýäsine inçeden aralaşýar. Romandaky baş gahryman poçtalýon Ýollynyň çeper keşbi, häsiýeti, adamkärçiligi, zähmetsöýerligi, akyl-huşy tüýs türkmen ýigidine mahsus milli häsiýet aýratynlygy bolup orta çykýar. Ýolly birbada üç wezipäni ýerine ýetirýär. Ol poçtalýonam, hasapçam, brigadirem. Ol uruş sebäpli, obadaşlarynyň başyna düşen betbagtçylyga çaga kalby bilen gyýylýar. Asuda döwrüň dolanmagyny ýürekden isleýär, obadaşlarynyň ýene öňküleri ýaly şadyýan, güler ýüzli gezmeklerini isleýär. Emma uruş onuň arzuwlaryna, çagalyk dünýäsine gutarnykly zarba urup, ýerine onuň öňünde ýetginjege mahsus bolmadyk synaglary, durmuşy meseleleri keserdip goýupdyr. Şu sebäpli ol, maýyp hem bolsa, uly adam ýaly işlemeli, pikirlenmeli, maşgalanyň, ejesiniň hem gyz jigisiniň aladasyny etmeli.
Ýolly uruşdan öň hem okuwynyň daşyndan çöl obasynyň hat gatnadýany bolup işleýärdi. Emma şol wagtdakysy bilen uruş başlananyndan soňky poçtalýonçylygynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bardy... Ýolly hemişe: «Ejem, elbetde, urşy meniň turuzmanymy, oglanlary urşa meniň ibermeýänligimi bilýändir. Emma näme üçindir, göwnüme bolmasa, ejemem, beýleki aýallaram bu zatlarda meniňem günäm bardyr diýip pikir edýän ýaly bolup dur» diýip, ruhy ezýet çekýär. Şol ruhy ezýetem onuň çaga aňyna düýpli täsir edýär.
Halyl Kulyýewiň ýokarky bendiniň soňky setirlerine gaýdyp geleliň: «A biz bolsa poçtalýondyr öýderdik, // Bu zatlaryň ýalňyz günäkärini». Diýmek, Ýollynyň ýokarky monologyny nazarda tutup, köpçüligiň poçtalýona şeýle baha bermegi, onuň özüniň-de bu duýgudan halas däldigini aňladýar. Romanda Ýollynyň çeper keşbi ösdürilip, ykbal ony has agyrrak töwekgelçilige döz getirýär. Sebäbi bu gezekki agyr ýüki gerdeninde göterip getiren — obasyna eltilmeli «üçburç» hat Ýollynyň ýeke-täk agasy Illiniň söweş meýdanynda wepat bolmagy bilen baglydy:
Äpet gara sumkasyny gerdenläp,
Aýlanýarka köçeleriň hemmesin,
Howsalaly bakardylar adamlar:
— Göni gitsin... Biziňkä bir gelmesin.
Halyl şahyryň bu goşgusyny okap, B.Hudaýnazarowyň romanyndaky poçtalýonyň çeper keşbi, ruhy dünýäsi arkaly şygryýetdäki duýgynyň kyssadaky duýgy bilen «saçakly» gatnaşykdadygynyň şaýady bolýarsyň. Ýöne kyssadaky gahryman şygra geçende, onuň endamyna birgeňsi duýguçyllyk, mähir hem ýumşaklyk aralaşýar. Goşgynyň soňy welin bu täzelige has-da özboluşlylyk çaýýar:
Şol poçtalýon,
Şol gazaply ýyllarda
Getiripdir şum habarlaň ençesin.
Bir ölüme döz geläýmek aňsat däl,
Ol neneňsi göterdikä şonçasyn?!
Aslynda, edebiýaty öwreniş ylmynda ykrar edilen pikiriň, hereketiň, gepleşigiň we içgepletmeleriň üsti bilen çeper keşbiň hereket arkaly aýdyňlaşmagy, esasan, kyssa eserlerine degişlidir. Şeýle-de bolsa şahyr liriki gahrymanynyň ideýasyny, häsiýetini, garaýşyny, ruhy dünýäsini, jemgyýetçilik gatnaşygyny duýgy arkaly aýdyňlaşdyrýar. Onda liriklik häsiýeti bilen bir hatarda epiklik häsiýeti-de aýdyň duýulýar. Şonuň üçinem şahyryň «Söweşdeş dostuma» atly bu goşgusy şygyr-kyssa žanryna-da degişlidir.
Bu eserleriň žanrlarynyň başga-başgadygyna seretmezden, mundaky gahrymanlaryň ikisiniň-de durmuşyň agyr töwekgelçiliginden baş alyp çykyp, başyna düşen kynçylyklarda özüni elden bermän, asuda günleriň dolanjakdygyna bolan beýik ynamy, çaga bolsalar-da, uly adamlar ýaly pikirlenip, ýowuz kynçylyklarda taplanmagy, içgepletmeleri, ýatlamalary arkaly parahat döwrüň gadyr-gymmatyny nygtamagy bu eserleriň gymmatyny has-da artdyrýar.
Berdinazar Hudaýnazarow bilen Halyl Kulyýew hem uruş döwründe çeper edebiýata şeýle çeper keşpleriň gerekdigini duýdy we nusgalyk hökmünde sada, ýumşak hem arzuwçyl, ýokary aň-düşünjeli, duýgur ýürekli poçtalýonyň çeper keşbi bilen okyjyny tanyşdyrmaga täsirli sözleri hem tapdylar. Netijede, uruş döwrüniň hat gatnadyjysynyň çeper keşbini edebiýatymyzda has-da kämilleşdirdiler.
B.Hudaýnazarowyň «Gumlular» romanyndaky poçtalýonyň merdana keşbi Halyl şahyryň şygryýetinde-de kemala gelmegine edebi täsirini ýetirdi. Halyl Kulyýewiň liriki gahrymany çaga aňynda bolup geçýän psihologik özgerişler arkaly pikir öwrüp, romandaky gahrymanyň ruhy dünýäsi bilen tipiki gahryman derejesine göterilýär. Şeýdibem, Halyl şahyr uruş ýyllarynyň hat gatnadyjylarynyň gerdenine düşen agyr ýüki şygryýetde ussatlyk bilen janlandyryp bildi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly romanyndaky çuňňur lirizme, ynsanperwerlige, gahrymançylyga ýugrulan ajaýyp keşpler, täsirli, dartgynly wakalar, pähim-parasatlar bilen bir hatarda poçtalýon Nury gögüň keşbiniň üsti bilen bu gahrymanyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň türkmen edebiýatynda-da ussatlyk bilen janlandyrylandygyna göz ýetirýäris. Diýmek, milli Liderimiziň ýazyjylyk ussatlygy parahat döwrümizde-de poçtalýonyň çeper keşbine, häsiýetine, ruhy dünýäsine uly täsir döredip bildi.
«Gumlular» romanyndaky baş gahryman Ýollynyň, «Döwlet guşy» atly romanyndaky Nury gögüň, «Söweşdeş dostuma» atly goşgusyndaky oglanjygyň romandaky baş gahryman Mälikguly bilen ruhy ýakynlygy, häsiýeti, içki dünýäsi, çaga bolsalar-da her hili kynçylyklara mertlerçe döz gelişleriniň özleri üçin merdanalygyň, gaýduwsyzlygyň, ýaşaýşa synmaz söýginiň, ruhubelentligiň simfoniýasy bolandygyny, bu eserleriň dörän döwrüniň, awtorlarynyň dürli-dürlüdigine garamazdan, çeper edebiýatda, edebiýaty öwreniş ylmynda-da, kämillige ýetendigini doly aýdyp bileris.
Jeren ATABAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 05.05.2023