12.01.2023 Gollanma164

Saglygyňyz öz eliňizde


Gyş paslynda ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin, şu aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir:

 — Zerur ýagdaý ýüze çykmasa, köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmaly. Esasan, çagalary adamlaryň köp üýşýän ýerinden daşda saklamaly.

 — Salamlaşanyňda elleşmekden saklanmaly.

 — Beýleki adamlar bilen 2 metr aralygy saklamaly. Şeýle-de asgyrýan we üsgürýän adamlara ýakynlaşmaly däl.

 — Ýiti respirator keseliň alamatlary (kellagyry, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, üsgülewük, burun dykylmagy, myşsalarda agyry) ýüze çykanda, hökman lukmana ýüz tutmaly.

 — Öýde bejergi alýan näsaglary aýratyn otagda ýerleşdirip, ony düşek düzgüninde bejermeli, otagyň howasyny çalşyp durmaly we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.

 — Elleriňi arassa saklamaly. Elleri sabynlap ýuwup, soňra düzüminde spirt saklaýan erginler bilen ýygy-ýygydan arassalap durmaly.

 — Daşary çykanyňda burnuňa oksolin melhemini çalmaly.

 — Gyş paslyna laýyk ýyly egin-eşik, typmaýan, ýyly aýakgap, elleriňize ellik we kelläňize başgap geýmeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 11.01.2023.

Tmpedagog