Ozon gatlagyny goramagyň derwaýyslygy
Ýer planetasynyň daşyny gurşap alan, gazlardan durýan gatlaga atmosfera diýilýär. Ol tratosfera, stratosfera, mezosfera, ionosfera, ekzosfera diýen gatlaklara bölünýär. Stratosfera bilen mezosferanyň möhüm düzüm bölegi ozondyr.
Onuň mukdary 25-30 kilometr belentlikde has köpdir. Atmosferadaky gazlaryň göwrümi boýunça 2.10-7 göterimi, massasy boýunça 3,3.10-6 göterimi ozona degişlidir. Eger-de, ähli ozony 1 atmosfera basyşynda ýygnap bolsa, onda ol bary-ýogy 1,7 — 4 millimetr galyňlykdaky gatlagy emele getirer.
Ozon Günden gelýän ultramelewşe şöhläniň 99 göterimini özüne siňdirip, bu şöhläniň Ýeriň üstüne gelmegini çäklendirýär. Ozon gatlagy bolmadyk bolsa ultramelewşe şöhle ähli janly ösümlik hem haýwanat dünýäsini ýok ederdi. Mundan başga-da, ozon gatlagy Ýeriň infragyzyl şöhlelenmesini özüne siňdirip, atmosferanyň sowamagynyň öňüni alýar.
Ozon gatlagynyň bozulmagyna freonlar, mineral dökünleriň dargama önümi, ýokary belentliklerde uçýan uçarlaryň hereketi netijesinde azodyň oksidleriniň, suw buglarynyň zyňylmagy, senagat kärhanalarynyň, awtotransportyň howa goýberýän zyýanly gazlary sebäp bolýar. Freonlar reňkleri, laklary erediji hökmünde, şonuň ýaly-da sowadyjy enjamlarda köp mukdarda ulanylýar. Howada freonlar 30 kilometr belentlikde şöhlelenmäniň täsiri bilen hlora, ftora dargaýar. Ozon emele gelşi ýaly tebigatda onuň dargamasam bolup geçýär. Ýöne azodyň, hloruň, ftoruň we wodorodyň birleşmeleri katalizator ýaly täsir edip, ozonyň dargamasyny has-da çaltlandyrýar. Hloruň atomy ozonyň 100 müň molekulasyny ýok etmäge ukyplydyr. Ozon gatlagynyň ýukalmagy deri-rak keseliniň artmagyna, fotosinteziň peselmegine sebäp bolýar.
Türkmenistanda atmosfera howasyny goramak barada uly işler alnyp barylýar. Atmosfera howasyna goýberilýän zyýanly maddalary azaltmak maksady bilen gurulýan zawodlaryň galyndysyz ýa-da az galyndyly bolmagyna uly üns berilýär. Ozon gatlagyny goramak, ony dikeltmek maksady bilen Türkmenistanda «Ozon gatlagyny goramak hakynda” Kanun kabul edildi we hukuk namalarynyň birnäçesi bilen onuň üsti ýetirildi.
Biziň ýurdumyz BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky Konwensiýalarynyň we maksatnamalarynyň birnäçesine goşuldy we ykrar etdi. Şolaryň arasynda ozon gatlagyny goramak hakynda Wena konwensiýasy, ozon gatlagyny dargadyjy jisimler baradaky Monreal protokoly bar. Ozonyň, Ýerde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin zerur bolan ýagtylygy, ýylylygy geçirip, ölüm getirijileri saklaýandygyny ýatdan çykarmalyň.
Akmuhammet ŞEMEKOW.
Baýramaly etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 27.04.2023