03.05.2023 Gollanma57 .

Parasat bulagynyň akyl ussady


Özüniň ýiti zehini, çuňňur durmuşy tejribä, pelsepä ýugrulan döredijiligi bilen milletini beýgelden, ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragynyň ady bu gün dünýä ýaň salýar. Akyldar şahyryň üstünden asyrlar aşsa-da, gymmatyny ýitirmeýän, tersine, barha ähmiýetini artdyrýan şygyrlary umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Munuň şeýledigine şahyryň şygyrlar ýygyndylarynyň dürli ýyllarda dünýä halklarynyň dillerinde neşir edilendigi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Akyldar şahyryň döredijiligi dünýäniň alymlarynda uly gyzyklanma döredipdir. Olaryň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde şahyryň şygyrlary nemes diline hem terjime edilipdir. 1879-njy ýylda Leýpsigde wenger gündogary öwrenijisi, syýahatçysy Armeniý Wamberi akyldar şahyryň şygyrlarynyň 31-sini türkmen we nemes dillerinde dolulygyna, şeýle-de şygyrlaryň 9-syndan bolsa parçalary «Türkmen dili we Magtymguly diwany» atly žurnalda çykardyp ýaýradypdyr. Magtymguly Pyragy görnükli nemes şahyrlary Gýotäniň, Geýnäniň döredijiligine hem özüniň täsirini ýetiripdir. Bu maglumatlar beýik Pyragynyň edebi mirasynyň ýaýrawynyň giňdiginden, ähmiýetiniň uludygyndan habar berýär.

Men mekdepde okuwçylara nemes dilinden bilim bermek bilen, sapaklarda nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenýärin. Şahyryň goşgularyndaky halk pedagogikasyna degişli setirleri ýaş nesle ahlak, watançylyk terbiýesini bermekde ygtybarly çeşme hökmünde giňden peýdalanýaryn. Atalar sözlerine öwrülen goşgy setirlerini çagalara nemes diline terjime hem etdirýärin. Şeýle çemeleşme olaryň beýik söz ussadynyň döredijiligine bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Şular bilen birlikde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigini hem gürrüň berýärin.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda geljek ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçiler. Bu şanly waka häzirki günlerden giňden taýýarlyk görülýär. Bilim-ylym ojaklarynda, kitaphanalarda şahyra bagyşlanyp dabaraly maslahatlar, bäsleşikler, duşuşyklar ýaýbaňlandyrylýar. Bilşimiz ýaly, şeýle çäreler 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede geçirilipdi. Şahyryň goşgular ýygyndylary daşary ýurt dilleriniň köpüsinde, şol sanda nemes dilinde hem neşir edildi. Şeýle işler öňde durýan şanly sene mynasybetli has-da giň gerime eýe bolar. Bu bolsa ykbalyny halkyna baglap, ony beýgelden beýik söz ussadynyň abraý-mertebesini has-da beýgelder.

Tyllagözel IŞMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
25-nji orta mekdebiň nemes dili mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 27.04.2023

Tmpedagog