03.05.2023 Gollanma196 .

Sähra pyşdyly


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň owadan, gözel, baý tebigatyny ylmy esasda öwrenmäge we goramaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň 80% meýdanyny tutýan Garagum sähramyzyň ösümlikdir haýwanat dünýäsiniň täsinligi her bir göreni haýrana goýýar.

Sähra pyşdyly — pyşdyllar toparynyň, guryýer pyşdyllary maşgalasynyň wekilidir. Sähra pyşdylynyň tegelenen gorag çanagynyň üstki bölegi karapaks, aşaky bölegi bolsa plastron diýlip atlandyrylýar. Karapaksyň sarymtyl-çalymtyl reňki bolup, sazlaşyp siňip giden owadan, keşde şekilli gara tegmilleri bolýar.

Sähra pyşdyly Gazagystanda, Merkezi Aziýa sähralyklarynda, Eýranda, Owganystanda, Hindistanda we Pakistanda ýaýrandyr. Türkmenistanda çöllüklerde, esasan, berkän çägeliklerde hem toýunsow ýerlerde, düzlüklerde, dag etek baýyrlyklarynda deňiz derejesinden 1200 m. belentlikde duş gelýär.

Sähra pyşdylynyň iýmiti dürli ösümliklerdir. Kä ýagdaýlarda örän seýrek, kiçijik mör-möjekleri hem iýýär. Günüň yssy wagtlary golaýynda suw bar bolsa, olaryň suwy oňat içýändikleri barada bellenilýär. Şireli, suwly ot iýýän döwürleri bedeniniň suwa bolan talabyny iýmitiniň hasabyna ödeýärler.

Irki ýazda özleriniň gyşlan hinlerinden çykýarlar we birnäçe günden nesil örňetmegiň aladalary bilen bolýarlar.

Pyşdyllar gysga wagtlyk rahatlyk üçin 50 sm. hin gazynýar. Tomus ukusyndan öň hinini 1 metre çenli, gyş ukusyndan öň bolsa 2 metre çenli gazýarlar. Pyşdyllar güýzde tomus ukusyndan oýanyp, hininden gysga wagtlyk daş çykýarlar we gowşan bedenini güýzügen gök otlardan iýmitlenip berkidýärler. Sähra pyşdylynyň tomusky ukusy kä halatlarda gyşky ukusyna hem ýazyp, ýylda 10 aýa çenli dowam edýär. Pyşdyllar haýal ösýärler we 10 ýaşda jyns taýdan ýetişýärler. Olar ömrüniň ahyryna çenli ösýärler. Şonuň üçin 20-30 ýyl ýaşanlarynda 18-20 sm., diri agramlaryny bolsa 1,5-2 kg. ýetirýärler.

Sähra pyşdyllary öýde eldeki saklananda, özlerini oňat duýýarlar. Emeli iýmitlendirmelere tiz öwrenişýärler. Almany, gawuny, garpyzy, käşiri, kelemi gowy iýýärler. Esasan-da, pyşdyllara ýeterlik derejede ýylylyk we ýagtylyk zerurdyr. Düşeklenen keteginde 1-5° C-da gyş ukusyna gidip bilýärler.

Meretgeldi ATABAÝEW.
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 27.04.2023

Tmpedagog