01.05.2023 Gollanma51 .

Danalary beren şäher


Häzirki Köneürgenç şäheri orta asyrlarda özüniň gülläp ösen döwründe Gündogaryň danalaryny dünýä beren şäherdir. Beýik alym Biruni «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» diýen işinde Aleksandr Makedonskiniň Merkezi Aziýa gelmezinden 980 ýyl ozal hem Horezmde ýaşaýşyň bolandygyny belläp geçýär. Baryp gadymy döwürde Horezmde takyk ylymlaryň esasy tutulyp, bu ylmyň çalt ösmegi üçin zerur bolan şertler döredilipdir. Aýratyn hem, ylmyň matematika, astronomiýa, geodeziýa ýaly ugurlarynyň täze gözýetimlere ýetmeginde adyny taryhyň altyn sahypasyna ýazyp giden Muhammet ibn Musa al Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Abu Nasyr ibn Yrag, Mahmyt Çagmini, Husaýin Horezmi... ýaly ylym pälwanlaryny bagyşlan mekandyr.

Belli matematik Horezminiň ömri bu ylmyň gülläp ösen döwri bilen berk baglydyr. Horezminiň näme üçin ylmyň bu ugruna baş goşandygynyň düşündirişi tutuş Ýer ýüzüniň ylym ojaklarynda häzir hem gymmatyny ýitirmän gelýän ylmy traktatlarynda şeýle beýan edilýär: «Men arifmetikanyň ýönekeý we çylşyrymly sowallaryny öz içine alýan, algebrany hem-de almukabaly hasaplaýan kiçijik kitaby düzdüm. Çünki ol miras paýlaşylanda, söwdada we dürli ylalaşyklarda, şeýle hem ýer ölçenilende, ýap gazylanda, gurluşyk geometriýasynda we şular ýaly dürli işlerde adamlara gerek». Horezminiň üç eseri, ýagny «Hindi hasaby hakda», «Algebrany we almukabaly hasaplamak hakda», «Trigonometrik tablisalar» atly işleri 35 ýaşynda beýik alymy dünýä meşhur edýär. Akyldaryň bu eserlerinde şol döwür üçin iň uly täzelik beýan edilýär. Horezmi sanlaryň birlikden düzülýändigini, birligiň bolsa her bir sanda bardygyny nygtap geçipdir. Birlik her bir sanyň köki bolup, ol beýleki sanlardan daşda durýar. Öz-özüni kesgitläp bilýändigi üçin birlik san beýleki sanlara mätäç däl. Emma beýleki sanlar birliksiz asla oňup bilmez. Horezminiň bu pikiri şol döwür üçin genial pikirdi. Algebra termini dünýä medeniýetine algebrany beren akyldaryň ady bilen atlandyrylýar. Matematika ylmyna birlik, onluk, ýüzlük, müňlük, nol, ýagny boşluk diýen düşünjeleri girizen bu beýik alym, takmynan, 783 — 850-nji ýyllar aralygynda Horezmde ýaşap geçipdir. Bagdat halyfy Mamunyň Merwde häkimlik eden döwründe Muhammet Horezmi Merwe çagyrylýar. Tutuş bäş ýyllap Merw musulmanlaryň paýtagty bolýar we haçanda Mamun paýtagty Bagdada göçürende Horezmini hem ýany bilen alyp gidýär we ol Bagdatda «Paýhas öýüne» ýolbaşçylyk edýär. Abu Kämil Şutja, Abu Bakr Muhammet Garaja, Omar Haýýam ýaly alymlar onuň yzyny mynasyp dowam etdiripdirler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz, mirasymyz gaýtadan öwrenilip, dünýä wagyz edilýär. Bu işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Şemşat DERÝAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 27.04.2023

Tmpedagog