29.04.2023 Gollanma211 .

Adamyň gözi barada gyzykly faktlar


- Adamyň her bir gözi 107 million töweregi ýagtylyga duýgur öýjükleri özünde jemleýär;

- Adam gözi açyk ýagdaýynda asgyryp bilmeýär;

- Takmynan 10 000 ýyl mundan ozal ýer şaryndaky ähli adamlaryň gözleriniň reňkleri goňur bolupdyr;

- Gözlerimiziň diametri 2.5 santimetr bolup, onuň agramy 8 grama barabardyr. Kitleriň gözüniň agramy bolsa 1 kilograma barabardyr;

- Adam ortaça ömrüniň dowamynda 24 million töweregi şekil görýär;

- Täze doglan çaga 6-8 hepdelik bolýança onuň gözi gözýaş bölüp çykarmaýar;

- Adamyň gözi diňe 3 sany reňki, ýagny gyzyl, ýaşyl we gök reňkleri saýgaryp bilýär. Galan reňkler bolsa şu reňkleriň birleşmesidir;

- Bir gije-gündiziň dowamynda adam göz gyrpmak üçin 55 minut sarp edýär, ýagny adam 1 minutda 6-dan 17 gezege çenli gözüni gyrpýar. ( Aýallar erkeklere görä iki esse köp göz gyrpýar);

- Bir gezek göz gyrpmak üçin ortaça 0.05 sekunt gerek bolýar;

- Tehnologiýanyň ösmegi we sanly ulgamyň rewolýusiýasy adamlaryň durmuşynda kompýuter we şuňa meňzeş enjamlaryň üsti bilen giňden orun eýeledi, emma biziň görejimize zeper ýetirýän monitorlar däl-de , ekran bilen dowamly kontakt arkaly gözümize ýetýän ýadawlykdyr;

- Ýer ýüzünde diňe 1% adamlaryň çep we sag gözleriniň reňkleri dürli-dürlüdir. Muňa geterohromiýa diýilýär;

- Gözýaşlarymyzyň himiki düzümi näme sebäpden aglaýanlygymyza baglydyr;

- Häzirki wagtda medisinanyň ösmegi bilen adamyň köp organlaryny bir adamdan beýleki adama göçürip ( transplantasiýa ) bolýar. Emma häzirki wagta çenli göz transplantasiýasy mümkin däldir;

- Gyzyl reňkli göz diňe albinoslarda duş gelýändir , sebäbi olaryň organizminde melanin ýokdur;

- Goňur reňk iň köp duş gelýän göz reňkidir, ýaşyl reňkli göz bolsa iň az duş gelýändir;

- Garaňkyda görmek üçin niýetlenen enjamlar ähli zady ýaşyl reňkde görkezýän edilip bejerilmeginiň iki sany sebäbi bar:
1. Bu reňkli gammada detallary görmek aňsat.
2. Ýaşyl reňk adamyň gözüni kemräk ýadadýar.

Dilraba KADYROWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen
27-nji orta mekdebiniň mugallymy.



ahal.info

Tmpedagog