27.04.2023 Gollanma84 .

Bedewler türkmeniň şany-şöhraty


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby bedew hakynda şu güne çenli bar bolan maglumatlaryň üstüni ýetirmek bilen, behişdi bedewleriň — ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda aýratyn orna eýe. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda nesil terbiýesinde asmany atlaryň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp bedewleri iň kämil derejede seýisläp, köpeldip we ganyny arassa saklap, özlerinden soňky nesillere miras galdyrypdyr. Şeýle bolansoň irki döwürlerden häzirki günlere çenli Türkmenistan we onuň çäkleri behişdi bedewleriň mekany hökmünde dünýäde meşhurlyk gazandy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şöhratyny, asylly däplerimizi dünýä halklarynyň arasynda wagyz etmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini türkmeniň uçar ganatynyň gan arassalygyny gorap saklamak, tohum atlaryň sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler-de aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly dürdäne kitaplary bolsa sungat derejesine ýetirilen bu janly eserleriň gelip çykyşy we kemala gelşiniň taryhy barada maglumat almaga doly mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşmegi, her ýylyň aprel aýynda asmany atlara bagyşlanan dürli çäreleriň, bäsleşikleriň, halkara maslahatlaryň geçirilmegi, olaryň gymmatynyň halkara derejä göterilmegine, bu ugurda şu günki günde alnyp barylýan işlere esas bolup hyzmat edýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi atşynaslyk ugurlaryny ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde pudaga degişli ylmy işleri alyp barmak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigi, bu ýerde akademiýanyň mugallymlarynyňdyr talyplarynyň degişli ugurlar boýunça ylmy işleri alyp barmaklary üçin giň mümkinçilikleriň emele getirilmegi atçylyk sungatynyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basýandygyny görkezýär. Çünki ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly ähli meseleleri ylmy taýdan özleşdirmekde we bu ugurda alnyp barylýan işleri ösdürmekde, bedewleriň taryhyny, olaryň tohumçylyk ugruny öwrenmekde gürrüňi edilýän merkeziň ähmiýeti uludyr. Şonuň bilen birlikde-de, bu ugurdaky ösüşiň täze tapgyrynda milli atşynaslyk ýörelgelerini häzirki zaman ylmynyň ösen derejelerine laýyklykda kämilleşdirmäge şert döreder.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän ahalteke atçylyk toplumlarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, atşynaslarynyň Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen hyzmatdaşlyk etmäge, bu ugur boýunça ylmy işleri ýola goýmaga, tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändikleri we olaryň ýurdumyza gelip görmäge ilgezikdikleri-de bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň derejesinden habar berýär. Şonuň üçin-de, Milli Liderimiz atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn ýokary baha berýär.

Hawa, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralary diňe bir halkymyzyň behişdi bedewlere bolan söýgüsini dünýä ýaýman, eýsem, türkmen döwletiniň berkararlygynyň, ykdysady kuwwatynyň, dostana hyzmatdaşlygynyň, medeni ösüşiniň has-da berkeýändigini-de ýene bir ýola äleme äşgär edýär.

Laçyn SAPARGELDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 35-nji orta mekdebiniň müdiri.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti. 26.04.2023

Tmpedagog