26.04.2023 Gollanma71 .

Reňkleriň aňymyza edýän täsiri barada bilýärdiňizmi?


Reňk – bu elektromagnit energiýasynyň tolkunlarydyr. Olary ilki biziň gözlerimiz soňra beýnimiz kabul edýär. ABŞ-nyň Wiskonsinskiý uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen gyzykly tejribä seredip geçeliň. Amerikan öý hojalykçy aýallara 4 dürli käseden kofe içmekligi teklip etdiler. Olaryň ýanynda dürli reňkli gutular bardy: goňur, gök, gyzyl we sary. Aýallara kofeni bahalandyrmaklygy teklip edenlerinde netijeler şeýleräk boldy: goňur gutynyň ýanyndaky kofe örän ýiti, sarynyň ýanyndaky ýumşak, gyzylyň ýanyndaky süýji we hoşboý ysly, gök gutynyň ýanyndaky bolsa ýumşak we ýakymly. Ýöne, aslyýetinde bolsa ähli käsedäki kofeler birmeňzeşdi.

Reňke bolan gyzyklanma adamlarda gadym döwürlerde hem bolupdyr. Meselem, Müsürliler buthanalarynyň diwarlaryny gülgüne we gök reňklere reňkläpdirler. Hindiler bolsa şypaly täsiri bar diýip hasap edip, reňklenen matanyň arasyndan ýörite ýagtylyk geçiripdirler. Häzirki wagtda reňk terapiýasy däp medisinanyň metody hasaplanman, eýsem reňkleriň adamyň psihikasyna täsiri ylmy taýdan subut edilendir.

Reňk tolkunlarynyň uzynlygy dürlüçe bolup, olaryň pigmentlenmegi hem dürli intewsiwlikdedir. Hut şonuň üçin-de her bir reňk adamyň dürli nerw impulsyna täsir edip, adama dürlüçe täsir edýär. Uzyn tolkunly reňkler adama köpräk täsir edýär. Olaryň iň uzyny bolsa gyzyldyr. Ol adamyň organizminiň ähli funksiýalaryny işjeňleşdirýär, nerw ulgamyny stimulirleýär. Şol bir wagtda gök bolsa iň gysga tolkun uzynlyklydyr. Ol psihoterapiýada rahatlandyrmak üçin ulanylýar, emma onuň çendenaşa köp ulanylmagy depressiýa eltip biler. Mekdep okuwçylarynyň syýa reňkiniň hem gök saýlanylmagy onuň rahatlandyryjy, köşeşdiriji täsiri bilen baglydyr. Mugallymlaryň bolsa gyzyl syýanyň ulanylmagy nerw ulgamyny oýaryjy täsiri bilen baglanyşykly bolup, okuwçyda baha täsirlenme döredýär. Ähli reňkler hem öz gezeginde adamyň organizminiň garmonlarynyň işläp çykmasyna, beýnisine, uka, oýanma, işjeňlige, işdä we beýlekilere täsir edýär. Hut şol sebäpden hem adam ony gurşap alan reňklere baglydyr.

Reňk – bu diňe bir bir zady beýlekisinden tapawutlandyrmagyň ýoly däl-de, eýsem bu janly jandarlara we adamlara güýçli täsir edýän bitewi ulgamdyr. Şonuň üçin hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň, söwda we dynç merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we beýleki islendik binanyň reňkini maksada görä saýlamaklyk zerurdyr.

Mawlýuda ATAJANOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiniň mugallymy.



ahal.info

Tmpedagog