24.04.2023 Gollanma315 .

Dillerde dessan bedew


Halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhyny ajaýyp behişdi bedewlersiz göz öňüne getirmek kyn. Özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy we wepalylygy bilen ata-babalarymyzyň ýüreginde baky ýer alan türkmen bedewleri hakykatdan-da, Watanymyzyň gahrymançylykly taryhynda şeýle söýgä mynasypdygyny subut edip gelendigine göz ýetirýärsiň. Şol sebäpli-de bedew atlar halk döredijiligimizde, amaly-haşam sungatymyzda, şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň eserlerinde, aýdymdyr-sazymyzda waspy ýetirilip, özüniň ajaýyp ornuny tapýar.

“Görogly” şadessanynda Gyrat Göroglynyň uçar ganaty, hiç haçan ikilik etmeýän ýoldaşy, ýeke wagty syrdaşy, ýow gününde gardaşy. Gyratsyz Göroglyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin-de Görogly ony janyndan eý görýär, Arap Reýhana ”Atym atma, özüm öldür” diýip ýalbarýar.

Akyldar, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bedew atlar barada şeýle ajaýyp goşgy setirleri bar:

“Bedew ölse, meýdan galar armanly,
Hak yşkyna at sal meýdan ýoluksa”

ýa-da

“Ýigidiň dünýäde üçdür myrady:
Mahbup gerek, ýarag gerek, at ýagşy”

Serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdi bedewiň üstüni “Tagty Süleýmana” deňese, Annagylyç Mätäji atlary “ Howanyň guşy, behişdi haýwanlaryň başy” hasaplaýar. “Yşk mülküniň” şasy Mollanepes bolsa olaryň waspyny şeýle ýetirýär:

“Ata-babaňny aýytsam, Düldüliň öz ogly sen,
Ene-mamaňny aýytsam, jenneti-reýhan ýeli sen,
Häsiýetiňi söýlesem, söýetiň söýgüli sen,
Akly adam, jynsy haýwan, keseri-dana bedew.”

Behişdi bedewlerimiziň tarypy Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem belentden-belent ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” diýen ajaýyp eserlerinde ahalteke bedewlerimiz diňe bir wasp edilmän, olaryň şöhratly taryhy barada-da gymmatly maglumatlar berilýär. “Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr” diýip bellän Milli Liderimiziň ahalteke atlaryna bolan söýgüsi çäksizdir, nusga alarlykdyr.


Ogulkeýik AMANGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň magistranty.



Tmpedagog