22.04.2023 Gollanma52 .

«Ismim düşdi ilden-ile...»


Il arasynda Magtymgulynyň şahsyýeti, şahyrana dünýäsi barada halky kyssalaryň ençemesi döräpdir. Dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatlarda şahyryň durmuşy, kowum-garyndaşy, bilim alan ýerleri, ynsanperwerligi, ahlagy, watançylygy, döredijiligi barada çeper gürrüň edilýär we onuň kämil halky keşbi döredilipdir.

Magtymguly Hywada okaýan döwürleri müderrisine «San bolsam» diýen şygryny okap berýär. Şygyr halypasyna güýçli täsir edipdir. Ol Magtymgulyny höwes bilen diňläp:

— Magtymguly, siz:

Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,
Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany,
Jelaleddin Rumy, Jamy elnamy,
Olarnyň ýanynda menem san bolsam.

«Damengirde» ýörgen ussat Nowaýy,
«Çar diwany», «Perhat-Şirin», rubaýy,
Zahyreddin Babyr «Mizan-öwzany»,
Gaşlaryna baryp, men Mejnun bolsam.

Okap bildim Sagdynyň men «Bossanny»,
Gör, ne ajap Hakanynyň «Mediany»,
Istär men «Şanama», «Sakynamany»,
Halyf Omar bilen Süleýman bolsam —

diýip, halypalara uly sarpa goýýarsyňyz. Eger hezreti Nowaýy aýatda diri bolanlygynda näme ederdiňiz? — diýip sorapdyr. Magtymguly säginmän: — Eger ussadymyz diri bolanda, men ondan jylawdarlygy dilärdim. Atynyň jylawyndan tutup, üzeňňisini ogşardym. Elini ýuwduryp, öňüne saçak ýazsam, özümi jennetde diýip bilerdim — diýipdir.

Gündogaryň şygryýet äleminde meşhur bolan iki söz ussadynyň sylag-hormatyny wasp edýän bu waka tizara rowaýata öwrülip, Hywa ýaýrapdyr.

Magtymguly özi barada aýdylýan kyssalary eşidip, adynyň il agzyna düşendigini:

Ismim düşdi ilden-ile,
Nagş ederler dilden-dile —

diýen şygyr setirlerinde beýan edýär.
Magtymgulynyň edebi mirasy, şahyrana şahsyýeti we halky keşbi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmuna eýe bolýar. Ynsany ahlak arassalygyna, ýokary adamkärçilige, watançylyga, edermenlige, päk söýgä galkyndyrýan, agzybirlige, jebislige çagyrýan egsilmez ruhy çeşmä öwrülýär.

Döwletmyrat SADYKOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 20.04.2023

Tmpedagog