12.01.2023 Gollanma602 .

Garaşsyzlyk — döredijiligiň ylham gönezligi
(Edebiýat mugallymyna gollanma)


 Garaşsyzlyk türkmen edebiýatynyň ösüşinde täzeçe özgerişi, milli ruhy galkynyşy amal etdi. Ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda şular ýaly eýýamlaýyn öwrülişik bolanynda, durmuş hakykatlaryny dogruçyl beýan etmekde edebiýatda kyssa bilen deňeşdirilende şygyr has köpräk döredilýär. Çünki şygryýetde gündelik wakalara şahyrana seslenmeler öz wagtynda çeper beýanyny tapýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen şygryýeti Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ykdysady-syýasy özgertmeler bilen aýakdaş gidip, durmuş bilen deň-derejede ösmäge başlady. Netijede bolsa, häzirki zaman türkmen şygryýetinde milli ruhy galkynyş, täzeçillige baý düýpli şahyrana öwrülişik peýda boldy. Şol döwrebap temalaryň iň naýbaşysy bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetine guwanmak, buýsanmak temasy bolup durýar. Onuň häzirki zamanyň türkmen edebiýatynda döremeginiň özi bir syýasy hadysadyr. Hut şu nukdaýnazardanam, okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän goşgulary «Syýasy lirika» diýip häsiýetlendirýärler. Ýöne bu babatda belli edebiýatçymyz Rahman Rejebowyň «Liriki mazmun we şygyr sungaty» atly kitabyndaky: «Umuman, alanyňda syýasy däl lirika ýok. Lirika, tutuşlygyna, onuň ähli žanrlary syýasy hadysadyr. Ol tutuşlygyna durmuşy tendensiýaly, belli estetik idealyň nukdaýnazaryndan beýan edýär we düşündirýär. Şuňa görä-de bu ýerde «Syýasy lirika» termini şertli alynýar» diýen ylmy garaýşyny ünsden düşürmeli däldiris. Çünki bu ýerde halypa alymymyzyň lirikanyň ähli görnüşlerine syýasylygyň mahsusdygy, şonuň üçin-de öňe sürýän pikirleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän şahyrana eserleriň häzirki zaman türkmen edebiýatynda syýasy lirikanyň täze bir ykdysady temany däl-de, eýsem, «Syýasy lirikidan» düýpgöter aýratynlykda täze bir «Ykdysady lirikany» döredenligini aýan edýär. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady lirika liriki žanryň ylmy esaslarynyň talaplaryny hem doly ödeýär.

Filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň «Edebiýat teoriýasy» atly kitabyndaky: «Lirika ynsanyň öz içki dünýäsini: şatlygyny-gaýgysyny, söýgüsini-ýigrenjini, gülküsini-agysyny lükgesi bilen ynanýan syrdaşydyr. Lirika ynsanyň şatlygyna şatlanyp, söýgüsine söýgi, gülküsine gülki goşýan, gaýgysyny paýlaşýan, agysyna aglaşýan gudratdyr» diýen ylmy nazaryýetine görä, islendik liriki eser belli bir liriki tema degişli boljak bolsa, şol temadaky şygyrlar adamyň içki dünýäsinde pürepürlenen duýgusyndan syzlyp çykan şatlygynam-gaýgysanam, begenjinem-gynanjynam beýan etmeli. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň «Garaşsyzlyk — akabasy gowluklaň» atly goşgusynyň:

Garaşsyzlyk alan günüň ertesi,
Bada-bat bal aksynmy, her gapydan.
Seniňçe, sanlyja aý-gün geçmänkä,
Süri inmelimi, ýaýrap ýapydan,
Howlukma, gardaş sen, gaty howlukma,
Garaşsyzlyk — akabasy gowluklaň

— diýen şahyrana setirlerinde ýurdumyzyň mundan 30 ýyl ozalky — döwlet berkararlygyna eýe bolan ilkinji günlerindäki halk hojalyk durmuşy, türkmen raýatlarynyň şol döwürdäki ykdysady ýagdaýy beýan edilýär. Ýöne, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde «Müň gün» maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti örän tiz galkynyp başlady. Milli ruhdaky bu ykdysady galkynyşy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew özüniň «Müň gün» atly publisistik poemasynyň:

Hereketli, Bereketli Müň Günüm,
Tebähetli, Sagadatly Müň Günüm,
...Dek düýnüň özünde düýbi tutulan,
Fabriklerde pamyk egirip berýär,
Diýarymyň alys-ýakyn çetine,
Hem ilimiň goňşy ýurt-döwletine,
Akdaş menzil çekip, demirýol gurýar.
Türkmen topragynyň mähir-ýylysyn,
Allaň beren baýlygynyň ulusyn,
Turba salyp, gazyn — mawy ýangyjyn,
Çekip barýar yklymlardan yklyma

— diýen setirlerinde örän çeper beýan edýär. Diýmek, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň «Garaşsyzlyk — akabasy gowluklaň» atly şygry bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Müň gün» atly publisistik poemasy liriki esere degişli ähli aýratynlyklary özünde jemleýär.

Belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebow geçen asyrda liriki eserleri tematikasy boýunça «Syýasy lirika», «Zähmet lirikasy», «Söýgi lirikasy» diýen üç sany iri mowzuga böldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen şygryýetinde dördünji bir iri temanyň — «Ykdysady lirikanyň» döremegi hem tötänden däldir. Çünki, bu temanyň liriki eserlerde döremekligi ýurdumyzyň halk hojalygynda mundan 30 ýyl ozal — döwlet berkararlygymyza eýe bolan ilkinji günlerimizde bazar ykdysadyýetine geçmeklikde saýlanylyp alnan usul bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bazar ykdysadyýetine geçýän ýurtda bolsa ykdysady galkynyşlar giň gerim bilen günsaýyn rowaçlanýar. Durmuşy, daşky dünýäsi ykdysady öwrülişik bilen bagly bolup, ykdysady galkynyşdan galkynan şahyrlaryň döredijiligi, elbetde şol ykdysady özgertmelerden üzňe bolup bilmez. Çünki Jora Allakowyň «Edebiýat ylmyna giriş» atly okuw gollanmasynda beýan edilişi ýaly, lirikada daşky dünýäniň hadysalarynyň, wakalarynyň, şahyrda döreden joşgunly duýgulary suratlandyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, ykdysady galkynyşlary joşgunly beýan edýän goşgular, elbetde, liriki eser, onda-da ykdysady lirika degişli liriki eser hasaplanýar.

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda biziň ýurdumyzyň bazar ykdysady gatnaşyklaryna döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden bäri kem-kemden we tapgyrlaýyn ýagny, döwürleýin usulda geçýändigi barada beýan edilýär. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn geçmekligiň üçünji tapgyry — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri dowam edýär.

Ata Watanymyzda bazar ykdysady gatnaşyklaryna geçmekde saýlanylyp alnan ugur Garaşsyzlyk zamanasynyň edebiýatyny öz içinde: Garaşsyzlygyň Berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty, Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty we Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty diýen üç döwre bölmek mümkin.

Garaşsyzlygyň Berkarar bolmak döwrüniň edebiýatynda ykdysady lirikada döredilen goşgulara Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň», Süleýman Ilamanowyň «Geçiş döwri» atly şygyrlaryny, «On ýyl abadançylyk» maksatnamasy barada söz açýan Süleýman Ilamanowyň «Baldan zyýada» atly, Näzik Annatyýewanyň «Ýaşyl tuguň tolkuny» atly goşgulary bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýylgaý Durdyýewiň «Maksatnama» poemasyny, «Müň gün» maksatnamasy barada döredilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Goldaýan «Müň günlük» maksatnamany» atly şygry bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Müň gün» atly publisistik poemasyny, 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda açylyp ulanylmaga berlen Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly barada ýazylan Hudaýguly Gurbanowyň «Tejen — Sarahs — Maşat» atly, Ilmyrat Pudakowyň «Polat ýollar» atly şygyrlaryny we başga-da birnäçe eserleri mysal hökmünde görkezmek bolar.

Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda ykdysady lirikada döredilen goşgular has giň gerime eýe boldy. Çünki hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda günübirin bolup geçýän taryhy wakalar, berkarar döwletimiziň ykdysady galkynyşlaryndaky batly gadamlar, özgerişlikler we öňegidişlikler Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynyň publisistika žanrynyň ganatyny örän giňden germegine uly mümkinçilikler döretdi. Bu žanr bu döwürde milli Liderimiziň alyp barýan ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşlaryny täsirli formada teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdä öwrüldi. Hut şu nukdaýnazaryň özi, şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýnasyna öwrülendigini aýan edýär. Şeýlelik bilen, häzirki zaman türkmen şygryýetindäki ykdysady lirika publisistik eserleriniň mazmunyny çuňlaşdyrdy we çeperçiligini ýokarlandyrdy. Syýasy lirikada parahatçylyk, halklaryň dostlugy temalarynda, söýgi lirikasynda Watana, ata-enä, söwer ýara, perzende, dost-dogana söýgi temalarynda goşgularyň bolşy ýaly, ykdysady lirikanyň hem tematiki örüsi giňäp, nebit-gaz pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, energetika pudagyndaky, milli syýahatçylyk ulgamyndaky, gurluşyk we binagärlik pudagyndaky, söwda we hyzmatlar ulgamyndaky özgertmelere bagyşlanan şygyrlar döredildi.

Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda ykdysady lirikadan başga-da täze tema köp üns berildi. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eýýamynyň ýüzüni şöhlelendirip, döwrüň beýik filosofiýasyny çeper özleşdirmek arkaly şygryýete täze bir temany getirdi. Ol tema — beýik Arkadagymyzyň beýik ideologiýasy bilen baglanyşykly «aklyk» pelsepesidir. Filologiýa ylymlarynyň doktory Öde Abdyllaýew «Edebiýat nazaryýeti» atly kitabynda liriki eserleriň tematik taýdan pelsepewi lirika mowzugyna-da bölünýändigini beýan edýär. Munuň özi bolsa, Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň türkmen şygryýetinde tema täzeçilligi hökmünde dörän «Aklyk» pelsepesini ylmy nazaryýet taýdan liriki eserleriň pelsepewi lirika mowzugyna goşmaga esas döredýär. Diýmek, Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda liriki eserleriň iki sany uly temasy — «Ykdysady lirika» bilen ««Aklyk» pelsepewi lirikasy» öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň bu ajaýyp döwrüň edebiýatyna getiren «Aklyk» pelsepewi lirikasy zamananyň şahyr nesli üçin jöwhermaýa gönezligi boldy. Çünki, munuň özi döwrümiziň şahyr halky üçin özboluşly bir tema täzeçilligidir.

Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynda-da milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylan uly ykdysady öňegidişlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň çeper şygryýetde täze bir hil derejesine eýe bolan temany we ideýa-mazmuny döredenligini mälim etdi. Şeýle-de, bu eserler ata Watanymyza bazar düzgünini kem-kemden we tapgyrlaýyn ornaşdyrmakda esaslandyrylan iki sany täze zamanany — Beýik Galkynyş we täze özgertmeler eýýamyny hem-de Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrüni yglan eden we şu döwürlerdäki ýurdumyzyň uly ykdysady-syýasy ösüşlerini amala aşyrýan hormatly Prezidentimize bolan çäksiz hoşallygyň häzirki zaman türkmen şygryýetiniň esasy ideýa aýratynlygyny kesgitleýänligini görkezdi. Bulardan başga-da, ykdysady lirikada döredilen goşgular ajaýyp zamanamyzyň çeper şygryýetde döwletimize, hormatly Prezidentimize, günsaýyn ösüp özgerýän Watanymyza guwanç-buýsançdan kalby doly täze bir liriki gahrymanyň orta çykanlygyny aýan edýär.

Belli edebiýatçy alym Rahman Rejebowyň «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly kitabynda: «Taryhy žanr — taryhy wakalary we şol taryhy wakalaryň içinde hereket edýän taryhy şahslary ýazyp görkezýän dürli žanrdaky eserlerdir. Taryhy temany işlemeklik üçin, awtor ilki şol döwrüň ykdysady we syýasy ýagdaýyny miras galan resminamalaryň üsti bilen pugta öwrenmelidir ýa-da onuň özüniň görkezýän taryhy hadysalarynyň gatnaşyjysy bolmagy gerek. Şu esasda ýazylan taryhy eseriň uly öwredijilik ähmiýeti bar» diýip belleýär. Döredijilik işgärleri taryhy ýazyjylar hasaplanylýar. Taryhda orun aljak şeýle wakalary bolsa biziň döwrüdeş şahyrlarymyz öz eserlerinde çeper beýän edýärler. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Asly barly, nebit gazly Watanym», Türkmenistanyň halk ýazyjylary Atamyrat Atabaýewiň «Samandepe», Orazguly Annaýewiň «Demir ýoly — ömür ýoly», «Geljege barýan ýol», Döwletgeldi Annamyradowyň «Ruhubelent etraby», şahyrlar Akmyrat Rejebowyň «Ruhubelent etraby açylanda ýazylan goşgy», Süleýman Ilamanowyň «Arkadagyň nurly paýhas ummany», Nowruz Gurbanmyradowyň «Dünýäň nazarynda ýene Aşgabat», Ogultäç Oraztaganowanyň «Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi» atly goşgularyny, Kakamyrat Rejebowyň «Döwletli-döwranly türkmen» poemasyny görkezmek bolar.

Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýaty täze-täze eserler bilen barha baýlaşýar. Olar şu döwrüň ýüzüni, keşbini aýdyň ýüze çykarmak bilen edebiýatyň ösüşinde özboluşly orun alar. Şahyryň belleýşi ýaly, milli Garaşsyzlygymyz — ähli gowulyklaryň akabasydyr! Bu tema döredijiligiň ylham maýasydyr, gönezligidir.


Toýly JÄNÄDOW,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.

"Garagum" žurnaly, 22.09.2021

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog