22.04.2023 Gollanma104 .

Magtymgulynyň iýip-içmek edebi hakdaky garaýyşlary


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynda däl, dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyr. Akyldar şahyrymyz sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde parlak ýyldyz deýin şugla saçýar. Şahyryň döredijiligine ser salanymyzda, onuň halk döredijiliginden hem-de dünýä edebiýatyndan iýmitlenen çuňňur kökleriniň bardygyna göz ýetirýäris.

Islendik eser öz döwrüniň miwesi bolmak bilen, ol belli bir taryhy zerurlyk sebäpli ýazylyp, onda hökman döwrüň meseleleri-de, maddy-medeni ýagdaýy-da öz beýanyny tapýar. Aslynda-da, edebiýat taryhyň çeper beýany ahyryn. Şahyryň ýaşan döwri bolan ХVIII asyrda türkmen halkynyň merkezleşen döwleti bolmandyr. Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp eserlerinde azatlygy, özygtyýarlylygy gazanmak üçin halkyň jebisliginiň, merkezleşen döwletiniň döredilmeginiň zerurdygyny belleýär. Iň esasy adam gymmatlygy hökmünde Magtymguly Pyragy jemgyýetçilik agzybirligini, dost-doganlygy, birek-birege ynanmaklygy wagyz edýär. Magtymgulynyň goşgulary adamlary mertlige, wepalylyga, halallyga gönükdirýär.

Pyragynyň edebi mirasynyň ýokary ähmiýetli tarapy onuň döredijiliginiň halk pähimleri we halk döredijiligi bilen tebigy baglanyşyp gidýänligidir. Şahyryň ençeme goşgulary nakyllara we atalar sözlerine öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň goşgularynyň özeni, hamyrmaýasy halk durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyr öwüt-nesihat, ahlak, edep-terbiýe bilen bagly setirlerinde, ynsanyň gylyk-häsiýetine degişli halallyk, mertlik, namartlyk, batyrlyk hakynda goşgularynda-da, dünýewi, pelsepewi, yşky lirikasynda-da halkyň duýgy-arzuwlaryny, bagtly günlere teşneligini teswir edipdir. Şahyr «Türkmeniň» diýen goşgusynda:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň ...

Ýa-da:

Bir suprada eda bolsun aşymyz

– diýýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň arzuwlary hasyl boldy, türkmen halkynyň ykbaly göterildi.

Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir dillerim,
Arş içre mekan tutan, ajap dessanym bar meniň ...

Dogrudanam, şahyryň eserleri ene dilimiziň iýmit leksikasyna degişli sözlere diýseň baý. Sözlük düzümimizde we sözlerimizde ýüze çykan özgerişleri anyklamakdaky ähmiýetini göz öňünde tutup, biz olardan diňe işjeň ulanylyşdan düşüp galan ýa-da manylary üýtgän käbir sözlere üns çekmegi makul bildik. Şahyryň goşgularynda aş, nan, supra, desterhan, ryzk, owkat... ýaly sözler örän işjeň ulanylýar:

Aty meýdan tanyr, hümmeti – myhman,
Jomart ogly supra ýaýyp, aş döker

– diýen setirlerdäki «aş» sözi tagamlaryň umumy adydyr.

Ýetimi göreňde güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam duz bergil.

Ýa-da:

Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy.

«Duz» sözi örän giň manyda, ýagny tagamlaryň, iýmitleriň umumy ady hökmünde ulanylypdyr.

Tende myhman eziz janyň,
Gazangyl nury-imanyň,
Supra ýaýyp, dökgül nanyň
Bu dünýäde aşyň galar.

Supra – tagamlary taýýarlamak, ýagny un elemek, çörek ýasamak, aş keşmek üçin ulanylýar.

Magtymgulynyň goşgularynda nan sözi-de örän işjeň, giň manyda ulanylýar:

Supra ýaýyp, nan dökmäge
Köňlüniň hümmeti gerek;
Zynhar kast etmegin iýdigiň nana.
Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere.

Lukma – bir bölek, bir agyz, bir ýuwdum iýmit.

Halal ryzk, bir kesp bildir,
Kimýa atly ot islärin.

Ryzk – iýmit, azyk, rysgal.

Desterhan kesilip, myhman galmady.

Desterhan – saçak, supra;

Diýrler: şirin asal ýaga gelişe.

Asal – bal:

Yzzat-hormat syn etmegin,
Görüm-görülmegen ýerde.

Yzzat – sylag, hormat, gadyr. Bu söz indi hezzetlemek görnüşinde ulanylýar. Eýsem yzzat, ezzet näme? Bu arap sözi bolup, onuň türkmen dilinde üç hili aýdylyşy bar: ezzet, hezzet, yzzat.

«Hezzet» sözi myhman gelende edilýän hyzmat, köplenç, nahar bilen baglanyşykly ulanylýar.

Hormat – bir-biriňe bolan sylag. Hezzet bilen hormat aýrylmaz baglanyşyklydyr. Myhmana hezzet edilende saçaga getirilýän zatlar hormat, güler ýüz bilen goýulmalydyr. Magtymgulynyň «yzzat-hormat» diýip tirkeşdirip ulanmagy-da hut şonuň üçindir. Bu hakda şahyrda şeýle setirler bar:

Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz,
Aşa mätäç däldir, söze myhmandyr.

Mizbanlyk – myhman kabul etmek. Myhman-mediwan söz düzümindäki mediwan (mizdiwan) myhmana hezzet-hormat edýän adam manysyndadyr.

Myhman geler alys ýerden
Garşylasaň söwüş bile.

Söwüş – gelen myhmanyň hatyrasy üçin soýulýan mal. Myhman üçin taýýarlanylýan tagamlar gündelik naharlardan tapawutlanýar. Türkmenlerde gelen myhmanyň hormatyna janly soýlup, söwüş edilýär.

Şahyryň şygyrlarynda XVIII asyr türkmen durmuşy ähli babatda öz çeper beýanyny tapypdyr. XVIII asyrda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy, däp-dessurlary, gün-güzerany, umuman, türkmen halkyna mahsus ähli häsiýetler giňden beýan edilýär.

Hor bolmasyn puştdan-puşdum,
Berkarar döwlet islärin

– diýen akyldar şahyrymyzyň arzuwlan zamanasynda bagtly, bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň edebi mirasy düýpli öwrenilýär, onuň döredijiligine mynasyp baha berilýär.

Şahyryň halallyk, maddy we ruhy iýmit babatdaky öwüt-nesihatlary şu günki bagtyýar zamanamyzda hem öz gadyr-gymmatyny ýitirmän, ýaşlarymyza terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş».

"Güneş" žurnaly, 2023-№4

Tmpedagog