19.04.2023 Gollanma63 .

Taryhy öwrenmek-geljegi gurmak


Taryh ylymlaryň gözbaşy hasaplanýar. Dünýäniň ösen tejribesinden peýdalanyp, taryh derslerinde häzirki zaman inowasion tehnologiýalarynyň üsti bilen baýlaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň aňyýetinde galmagy has täsirli bolýar. Bu ugurda biz bilim işgärlerine döredilen şertler sanardan köp.

Taryhymyz baradaky gymmatly maglumatlary diňe türkmen ýaşlary öwrenmän, daşary ýurduň ýaşlary hem öwrenýär. Sapaklarda taryhy ýerlere teleköpri ulgamynyň üsti bilen syýahatyň gurnalmagy tejribe artdyrmakda ýokary netijeleri berýär. Şonuň ýaly-da diýarmyzdaky taryhy ýerlere baryp görmek, şol ýerdäki taryhy atmosferadan mugallymlaryň gürrüň bermegi arkaly ýakyndan tanyşmak ýaşlarymyzda uly joşgun we ylymy-bilime höwes döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürdänesinden dörän “Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda aýdylyp geçilen taryhy ýerleri, ondaky rowaýatlary, ol ýerdäki wakalary şol ýerde duran ýaly bolup görmäge giň mümkinçilik döredilýär.

Taryhda möhüm yz galdyran adalatlygy, gaýduwsyzlygy, mertligi bilen tanalýan ata – balarymyzyň geçmiş ýoluny özlerine ýörelge edinen ýaşlar bu günki gün bilime teşne, ylma muşdak. Ylym – bilim ulgamyndaky döredilen şertler ruhlanýan ýaşlar diňe okap, döredip, täzeçilligiň ugrunda gözleg –barlag işlerini alyp baryp, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda gaýgyrman zähmet çekmegi özlerine maksat edinýär.

Abdymurat AHMEDOW,
Köneürgenç etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.



Tmpedagog